Türkmen aýdym-saz sungaty nirä tarap barýar?

Soñky döwür telewizorymyzda türkmen kanallaryny açdyrmagymyz netijesinde (öñler diñe türk kanallarymyz bardy) türkmen kliplerini görüp,aýdymlaryny diñläp başladym.Has dogrusy,özümi diñlemäge mejbur etdim.Näme üçin mejbur etdim?Aýdymyñ sözleriniñ ýöntemlikde haýsy derejä ýetip bilýändigini eşitmek üçin.Çünki,öz islegiñ bilen diñläp boljak aýdymlar juda seýrek.Ilki gowy aýdymlary aýdaýyn:
Sahydursun Hojakowa "Ybarat bil",Züleýha Kakaýewa "Begendirme meni"Gowşut Saryýew "Uzak ýollarda"Şu aýdymçylar diñe adyny agzan aýdymlarymda däl,tas hemme aýdymlarynda diýen ýaly çuñ manylylyga üns berýärler.K.Rejebow,G.Hanowa,M.Ömür ýaly şahyrlaryñ goşgularyny aýdym edip aýdýarlar....Başga meñ-ä çuñ manyly,duýguly aýdym çykarýanlar ýadyma düşenok.Bilýänler aýtsyn.
Indi tankytlajak aýdymlarymy aýdaýyn.:
1.Nurýagdy Rejebow - Haýran saña.
Sözleri:Ýok diýme bolýa diý maña
Ykbalym baglaýyn saña
Gijäm uzyn ýetmez daña
Haýran saña,haýran saña.
Şu aýdymda many diýlen zat barmyka?
2.Nurýagdy Rejebow "Damja"
Aýdymyñ gaýtalamasy bilen özüme zor salyp oñuşaryn.Ýöne ine,başlanýan ýeri welin diñläp çydar ýaly däl.
"Göwnüm gitdi saña
Göwnüñ beräý maña..."
Aslynda,Nurýagdynyñ köp aýdymlaryna seretsek,sözünem,sazynam özüniñ ýazýanlygyny görýäris.Diñleýji hökmünde aýtsam,sazy gulaga ýakymly.Men oña gowu kompozitor diýip arkaýyn aýdyp biljek.Ýöne ine,sözleri hakda welin oñaýly pikir aýdyp bilmen.Zandynda şahyrçylyk bolmadyk adam goşgy diýlen zada kapyýalaşdyrylan dört setir diýip düşünýär.Nurýagdynyñam sözlerini özi ýazýan aýdymlary onuñ şahyrçylykdan başy çykmaýanlygyny görkezýär.Nurýagdynyñ sözleri özüne degişli bolmadyk,K.Rejebowyñ goşgusyndan alnan şowly çykan bir aýdymy bar.Ine-sözleri:
Eje jan,seni ýyllardan gysgandym
Eje jan,seni ýellerden gysgandym
Eje jan,mydam ýanyña gyssandym
Huzuryña ýene geldim eje jan.
Diñleýji hökmünde onuñ mahmal sesinden hemişe şeýle aýdymlara garaşýas.
3.Azat Dönmezow "Bu-da geçer"
Sözleri:
"Bu-da geçer janym,bu-da geçer"
Sezen Aksunyñ "Bu-da geçer"diýen manyly aýdymyndan soñ Azadyñ manysyz "Bu-da geçerini"diñlemek ýokuş degýär.Azat,bu-da geçer welin,seniñ bu manysyz aýdymyñ täsiri añsat-añsat geçermikä?
4.Bägül Maşadowa "Ýatla meni"
Sözleri:"Ýaz agşamlar ýatla meni...Gyşda ýatla,tomusda ýatla..."
Ýazda,tomusda,gyşda ýatla diýip söz zaýalap oturanyñdan alaga-da "Ömürboýy ýatla"diýip,sözi tygşytlasa bolmaýarmyka?
Ezizowyñ aýdyşy ýaly:"Üç sözüñ geregi näme?".
Dogrusy ýaş aýdymçy gyzlary görenimde begenýän.Bägülem şeýle agras,mahmal owazly gyzlarymyzdan biri.Belki bu mahmal sesini geljekde has çuñ manyly,duýguly aýdymlarda ulanar.
5.Mähri Pirgulyýewa - "Alaja"
Sözleri:"Ala,ala,alaja
Dakaýyn men gaýymja
Elleriñe,elleriñe"
Dogrusy bu aýdym ýöntemlikde şeýle bir rekord goýýar welin menem ýöntemligine göz degmezligi üçin aýdyma alaja dakasym gelýär.
Mähri Pirgulyýewa-da köplenç sazyny,sözüni özi ýazýanlardan biri.Aralarynda jüpüne düşýänlerem, diñläp boljaklaram bar.Ýöne bu aýdymyñ sözlerini juda şowsuz hasaplaýan.
6.Begler Nurberdiýew - "Gülüm"
Sözleri:"Gülüm meni öwürdiñ bilbile
Bilbil bolup saýraýan sen güle"
Wah,Begler bilbil bolupsyñ,tañ edipsiñ azajyk manylyrak saýrasañ bolmadymy?
Bu sanawy näçe uzaltsañ,uzaldyp gidip oturmaly.Häzirlikçe şular bilen çäklenjek.
Şu aýdymlary diñlän wagtym çynym bilen pikir edýän:"Şeýle ýüzleý,ýöntem aýdymlary kän gözleýärlermikä şu aýdymçylar?"Elbetde,bärde sazyñ üstüne söz ýazjak diýip,olaryñ puluny alyp ýönekeýje zatlar ýazyp berýän "şahyrlarda-da"müýn barmyka diýýärin.(Aslynda,olaryñam günäsini götermäýin.Bilýänler aýtsyn:Şolar sazy diñläp,üstüne söz ýazmak üçin aýdymçydan pul alýarlar.Şeýle dälmi?)Ýagdaý meniñ çaklaýşym ýaly bolsa-ha,olara şahyr diýmäge dilimem baranok."Söz sungatyny öz bähbidine ulanýanlar"diýsek ýerlikli boljak.Şu aýdymlar bilen türkmen aýdym-saz sungaty nirä tarap giderkä?
Saýtdaşlar sizem pikriñizi aýdyberiñ.Hem şu aýdymdyr aýdymçylar hakda hemem halaýan,halamaýan aýdymlaryñyz hakda.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Belki tarapyndan 12-01-2022, 14:40

  • Nairobii Nairobii off № 1 12 января 2022 14:45
    Içiň gysyamy?)
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 2 12 января 2022 14:45
    Ysmaýylow Hajy .
    Şuňam aýdymlary gowy
    Jogap
  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 3 12 января 2022 14:46
    Türkmen aýdym-saz sungaty haýsy ýerde hodowoý gowy aýdym çyksa şoňa tarap barýa we sözlerini biraz üýtgedip täzeden aýdyp bolaýjagrak edýäde yzyna gelýä
    Jogap
  • Belki Belki off № 6 12 января 2022 14:51
    Işde.Günortan dynç. :)
    Jogap
  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 7 12 января 2022 14:52
    Bähh.. dört minutda okapdyrynaý.
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 8 12 января 2022 14:57
    ''Göwnüm gitdi saňa
    Göwnüň beräý maňa'' - hehehe
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 9 12 января 2022 15:04
    :"Ýaz agşamlar ýatla meni...Gyşda ýatla,tomusda ýatla..." wühähähähähähä hehehe
    Jogap
  • Ladybug Ladybug off № 10 12 января 2022 17:15
    1 2 3
    aynalary ac
    Joralandan saylanyan
    Gyrajyga gec.
    Hem ayna acmaly,hem sol aralykda haydap, joralaryndan saylanyp, gyra gecmeli))
    Jogap
  • Belki Belki off № 11 12 января 2022 18:06
    Hajy Ysmaýylow diýip ýazyjam bar-a.
    Jogap
  • Belki Belki off № 12 12 января 2022 18:07
    "Waý,waý,señ maşynyñam barmy
    Sûrüp aýnan bolýañmy?" :)
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 13 12 января 2022 18:15
    Arada bir gyz talyplarda yazan teswirini okadym kimi alasyn we kime barasyn gelya diyip tema achylypdyr o gyzam "Jelile barasym gelya" diyip yazypdyr. Diyjek bolyan zadym kabir aydymchylaryn osmegine esasy goshandy gyzlar goshyamyka diyyan. Haysy bagshy owadan bolsa shol reska galya. Oglanlar owadan gyz bagsha howes eder emma alasym gelya shony diymez. sebabi artistdan heley bolmaz taksistdan ar diyen nakyla uyyalar oglanlarymyz. men hazirem telefonymdaky aydymchylar Bayram Taganow Rowshen Hallyyew Owezgeldi Tekayew Sabo Artykow Akysh Saparow Dowran Saparow Kakow Eshek. Atabay Carygulyyew Gurban Hallyyew Rejep Acki Nurmuhammet Meredow Bagtyyar Annageldiyew Urgenc Rejepow Sahydursyn Garajayewa Maysa Myradowa yaly kone halk aydymlary aydyan aydymchylaryn aydymlary bar. men rep diyilyan zat dinlemeyan. ne onda many bar nede mazmun
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 14 12 января 2022 18:18
    Sbeateri Azat Donmezi Zuleyha Kakayewany Amalia shularyn aydymlarynam dinlap goremok
    Jogap
  • Belki Belki off № 15 12 января 2022 18:20
    Jelilem halanmajak oglan däl-dä Şahruh han! :) Meniñem türkmenlerden Jelil,Baýram Hojatow,Söhbet Jumaýew türklerdenem Edis gözüme hoş ýakýar :)
    Elif,ady näme şol aýdymyñ?
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 16 12 января 2022 18:30
    Belki,

    gyzlar sheydip aydymchylary galdyryalarda :). olaram yenilkellesini tapyalarda shona bagyshlap aydym chykaryalarda geziberyaler ishi bityancha :) onson aydymda ne many galar nede tagam.

    bizem oylenmakak gyzlara shahyr men diyip "sana goshgy duzdum" diyip tanalmayan shahyrlaryn goshgylaryny alardykda atlaryny uytgederdikde ugradardyk :) bizem name aydymchylardan kem yerimiz bamy :D olar saz ogurlasa biz goshgy :)
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 17 12 января 2022 18:33
    men oylenmakam gitara chalmagy owrenipdim. gitarada oglany romanticny gorkezyada ertirde birki gyz bn tanshypdym gitaranyn usti bn :)
    Jogap
  • Ladybug Ladybug off № 18 12 января 2022 18:34
    "Turkmen owazyndaky" "Owazlar sazlasygy" geplesigi cykanson,yaslaryn icinden gowy aydymcylar tanalyp baslady. Rustem Hallyyew, Tasli Tulegenow, Maysa Myradowa yaly aydymcylary su geplesigin usti bilen tanadyk kopumiz. Gaty gowy aydyarlar tuweleme. Sular yaly aydymcylaram unsden dusurilmese gowy.
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 19 12 января 2022 18:36
    Ladybug,

    Rustem hallyyew Rowshen Hallyyewin ogly. Gyzylarbatly halk aydymy chozup aydya telpek goydum shona. Maysa Myradowada bet aydya Sahydursynyn yoly nesip bolsa jigimin toyuna chagyrmagy goz onune tutyan oza Maysany
    Jogap
  • Ladybug Ladybug off № 20 12 января 2022 18:38
    Rowsen Hallyyewin adyny kop esdyan Rustemin son oglydygynam estdim,yone ozuni birgezegem goremogam,aydymynam dinlap goremok.
    Jogap
  • Ladybug Ladybug off № 21 12 января 2022 18:39
    Maysa-da marylymyka? Hazir konserwatoriyada okayanny bilyan.
    Jogap
  • Belki Belki off № 22 12 января 2022 19:00
    Ýeñilkelle boldug-ow :)
    Görmeýligem möhüm-dä nätjek.
    Edil aýdymlaryna ölüp barýan diýsem-ä ýalançy.Ýöne gözüme hoş ýakýarlar :) Aýdymlaryny halaýanym Gowşut Saryýew bilen Bego.
    Ine,Edisiñ welin hem özi hem aýdymlary hoş ýakýar. :)
    Jogap
  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 23 12 января 2022 19:39
    Цитата: Ladybug
    Rowsen Hallyyewin adyny kop esdyan Rustemin son oglydygynam estdim,yone ozuni birgezegem goremogam,aydymynam dinlap goremok.

    Röwşen Hallyýewi indi görüp bilmersiň öldi ol (jaýy jennet bolsun). Wepa Geldiýewiňem halypasy.
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 24 12 января 2022 19:43
    Цитата: Belki
    Ýeñilkelle boldug-ow :)
    Görmeýligem möhüm-dä nätjek.
    Edil aýdymlaryna ölüp barýan diýsem-ä ýalançy.Ýöne gözüme hoş ýakýarlar :) Aýdymlaryny halaýanym Gowşut Saryýew bilen Bego.
    Ine,Edisiñ welin hem özi hem aýdymlary hoş ýakýar. :)


    halamak bashga shona durmusha chykjak diymek bashga. ikinjisi yenilkellelik bolya
    Jogap
  • Belki Belki off № 25 12 января 2022 20:49
    Şahruh han,meñ pikirimçe ýeñilkellelik bilen muşdaklygy çalyşýañyz.
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 26 12 января 2022 21:34
    Belki,

    menem Nahide Babashlin mushdagy yone shony alasym gelya diyemok sebabi kellam yerinde bolanson aljak diyemdede alyp bilemoga.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler