Ykdysadyýet sapagyndan şeýle tema bar, ýagny geljekdäki öz taslamaň hakda, etjek işleriň, maksadyň hakda maglumat ýazmaly. Men nähili tema hakda ýazjagymy kän bilemok:
- Binagärlik gurluşyk taslamasy (Arhitektor: Akylly öý)
- Hususy kärhana (Islendik önümden: Gurluşyk)
- Maşyn kompanýa (Täze awtomobil: Belli däl)
- Elektronika enjamlar (Tehnologiýa: Robot)
- Oba hojalyk (Ýer bilen baglanşykly)
we ş.m temalar...
Meselem hökmünde:
1. Eliňe 10 milliard pul berilse, şol puly öz işiňi dolandyrar ýaly ýa-da ondanam has gowysyny eder ýaly puly işletmek gerek, ýöne nädip, näme maksat bilen? Puly alyp sandygyň düýbünde ýa-da keýp edip gezmeli däl))
2. B plan, Esasy saýlan işiňe görä, gelişer ýaly: A:t, owadan emblema (nyşan), stil we şygar hem gerek bolýa, türkmenleriň mahabatlary ýaly "Gala brend", "Bedew Jins", "Täze aý", "Röwşen aýakgaplary", "Ak ýol", "Nur ýüpek matalary" we ş.m Meselem: "Gala – Ählisi seň bilen gowy" - diýşi ýaly.
Şular ýaly taslama işler çärýegiň ahyrynda taýýar edip görkezilýä, geçen ýyl DTE-den hem işlenip düzülipdi. Özümä tehnologiýa hakynda işler taýýarlasym gelýä, sebäbi geljegimiz şol bilen baglanşykly, islendik kärde tehnologiýanyň orny bar...
Diňe Türkmen kärhana däl isle daşary ýurt bolsun biznes, çig mal, maýa goýum eýle-beýle, ýöne siziňem pikiriňizi bileýin diýdim, belki başdan geçireniňiz bardyr ýa-da has gowy idea?
State
Işewürlik meýilnamasy...
Sorag-jogap,
qwerty1
tarapyndan
18-01-2022, 14:31