Özüme
Iñ soñky gez haçan ýumşun bitirip,
Sadaja göwnümiñ göterdim göwnün?
Iñ soñky gez haçan gursagma bakyp,
Ýürek urgularma diñ salyp gördüm?
Akyp ýatan derýa kybap durmuşyñ
Tolkunlary bilen eñip ýörşüme,
Eger-eger ünsüm berip bilmedim,
Pursatlary goýberäýdim gelşine.
Erkime bolsady käte kä zatlar
Belki,"menem bu ýellerde ykmazdym".
Ýadyma düşenok,haçan soñky gez
Bir aýdymyñ owazyna gark boldum?
Ýogsam, bilýän ahyr, şemler mysaly
Duýgularym eräp-eräp gutarar.
Ýeñişlerden doýmasa-da göwünler,
Mahal-mahal lezzetlidir utulmak.
Şojagaz lezzeti duýdumkam haçan?
Ýa duran ýeriñde durduñmy ömrüm?
Iñ soñky gez haçan ýagan ýagmyryñ
Ýeri sypaýşyna syn edip gördüñ?
Diýselerem:"Kämil çykypdyr aklyñ"
Asla düşünmezler:göwnüm gögele.
Iñ soñky gez haçan öwürüp ýüzüm,
Ýyldyz synlap,garap gördüm göge men.
Ýat bolup gidipdir setir,pikirem,
Ýa akyl ýeti:rden aşdymyka ser?
Iñ soñky gez haçan ýazdymkam şygyr,
Iñ soñky gez haçan ýaşadymkam men?
Mahym Nurgeldiýewa.
26.01.2022ý.
Sadaja göwnümiñ göterdim göwnün?
Iñ soñky gez haçan gursagma bakyp,
Ýürek urgularma diñ salyp gördüm?
Akyp ýatan derýa kybap durmuşyñ
Tolkunlary bilen eñip ýörşüme,
Eger-eger ünsüm berip bilmedim,
Pursatlary goýberäýdim gelşine.
Erkime bolsady käte kä zatlar
Belki,"menem bu ýellerde ykmazdym".
Ýadyma düşenok,haçan soñky gez
Bir aýdymyñ owazyna gark boldum?
Ýogsam, bilýän ahyr, şemler mysaly
Duýgularym eräp-eräp gutarar.
Ýeñişlerden doýmasa-da göwünler,
Mahal-mahal lezzetlidir utulmak.
Şojagaz lezzeti duýdumkam haçan?
Ýa duran ýeriñde durduñmy ömrüm?
Iñ soñky gez haçan ýagan ýagmyryñ
Ýeri sypaýşyna syn edip gördüñ?
Diýselerem:"Kämil çykypdyr aklyñ"
Asla düşünmezler:göwnüm gögele.
Iñ soñky gez haçan öwürüp ýüzüm,
Ýyldyz synlap,garap gördüm göge men.
Ýat bolup gidipdir setir,pikirem,
Ýa akyl ýeti:rden aşdymyka ser?
Iñ soñky gez haçan ýazdymkam şygyr,
Iñ soñky gez haçan ýaşadymkam men?
Mahym Nurgeldiýewa.
26.01.2022ý.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария