Şwesiýanyň Zähmet bazaryny we bilim syýasatyny bahalandyrma instituty golaý geljekde emeli aňyň çalşyp biljek kärlerini anyklady.
Barlagçylar emeli aň tehnologiýasynyň gitdigiçe köp işleri ýerine ýetirmegi başarýandygyny bellemek bilen, geljekde ol jemgyýetiň durmuşyna görnetin täsir eder we işiň dürli pudaklarynda zähmete hak tölenilişiniň derejesini özgerder diýip hasaplaýarlar.
IT geljekde saglygy goraýyşda hünärli adamlary, mysal üçin, rentgenologlary hem çalşar diýlip çaklanylýar.
«Emeli aň bu işleri dessine bitirmäge ukyplydyr, bu bolda pudakda işgärleriň ýetmezçiligini aradan aýryp biler. Indi ýagdaýlar emeli aňyň geljegiň saglygy goraýşynda möhüm hyzmaty ýerine ýetirjekdigini salgy berýär» diýip, barlagçylar aýdýarlar.
Alymlar emeli aň tehnologiýalarynyň hasapçylary, fotomodelleri, çaphanalarda, agajy gaýtadan işlemekde, himiýa we metallurgiýa senagatynda operatorlary, kassirleri we satyjylary, oba hojalygynda kiçi personaly, tam süpürijileri, maşinistleri, abatlaýjylary, kiçi edara işgärlerini, kebşirleýjileri, gurluşykçylary, sürüjileri, tokaýçylary we hat gatnadyjylary çalyşjakdygyny belleýärler.
Emeli añyñ gelejekde çalyşjak kärleri belli edildi
Bilim,
Чистая
tarapyndan
1-02-2022, 12:36