Bir sagatda 10000(degişme, tymsal, akyl we lyk)
Bir gün bir obanyň köçeleriniň bildiriş goýulýan ýerlerinde "Aýyň 26-syna, bir sagatda 10000(on müň) dollar gazanmagy öwredýän güýçli, tanymal, dogruçyl biznesmen gelýär. Bu adamyň okuwy bary ýogy 1 sagat. Biletleriň bahasy 5 dollarjyk. Aňsatjak gazanç etmegiň gizlin syralryny biliň, öwreniň" diýilen bildirşler asylýar. Adamlar "Aý 5 dollarjyk bolsa bir sagatjyk bolsa, onda gireniňe degýär" diýişip hezil edip kassalardan biletleri satyn alýarlar. Aýyň 26-güni ýetip gelýär. Waka bir uly teatrda bolup geçýär. Okuwuň başlamaly wagty gelende, teatryň sahnasyna bir adam çykyp:
— Hormatly hanymlar we jenaplar. Salam. Men siziň wagtyňyzy alyp durjakdäl. Derrew temamyza geçeliň. Baýamagyň hem sagatda 10000 dollar gazanmagyň syry "LARDA" ýagny siz hem özüňizýaly adamlary tapsaňyz, olarada şularýaly biznesi aýtmak üçin biletleri satsaňyz, onda ol biletleriň bahasy 10000 müň dollardan geçer we netijede menýaly 10000 dollar gazanarsyňyz. Okuwumyz tamam boldy. — diýip sahnadan çykyp gidiberipdir. Akyllylar düşünipdir we oýa batypdyr, akmaklar dawa turuzupdur. Aslynda Ol adam hiçkimi aldamady.
Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.
Bir sagatda 10000(degişme, tymsal, akyl we samsyklyk)
Bilim,
IDEALLIDER
tarapyndan
9-02-2022, 16:05