Salam hormatly saýt agzalary! Bu günki temamyzda garşyňyzdaky adamyň doglan gününi, aýyny we ýaşyny bilmegi öwretjek! Geliň onda başlalyň!
Doglan aýyňyzyň tertip belgisini 100-e köpeldiň. Köpeltmek hasylyna doglan günüňizi goşuň. Jemi 2-ä köpeldiň we alnan netijäniň üstüne 8-i goşuň. Täze jemi 5-e köpeldiň we üstüne 4-i goşuň. Alnan sany 10-a köpeldip, üstüne 4-i goşuň. Soňra öz ýaşyňyzyň doly sanyny goşuň. Alan netijäňizi maňa aýdyň. Siz bu netije boýunça gürrüňdeşiňiziň doglan aýyny, gününi we ýaşyny kesgitleýärsiňiz. Nähili edip ony kesgitleýärsiňiz?
Jogaby
Alnan netijeden 444 sany aýyrmaly. Şonda alnan tapawudyň soňky iki sifri gürrüňdeşiňiziň ýaşyny, ortaky iki sifri onuň doglan gününi, başdaky iki sifri bolsa onuň doglan aýynyň tertip belgisini görkezer. Goý, gürrüňdeşiňiz 1985-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-ünde doglan bolsun. Onda ol aşakdaky özgertmeleri ýerine ýetirer:
10⋅100=1000; 1000+13=1013; 1013⋅2=2026;
2026+8=2034; 2034⋅5=10170; 10170+4=10174;
10174⋅10=101740; 101740+4=101744;
101744+24=101768;101768–444=10.13.24.
Görnüşi ýaly, soňky iki sifri gürrüňdeşiňiziň ýaşyny, ortaky iki sifr onuň doglan gününi, başdaky iki sifr bolsa onuň doglan aýynyň tertip belgisini görkezýär.
Düşünensiňiz diýip umyt edýän!
Gürrüňdeşiňiziň doglan gününi, aýyny we ýaşyny bilmek!
Sorag-jogap,
MerdanGeldiyevv
tarapyndan
12-02-2022, 00:11