Salam agzalar!Siz bilen bir saýtyñ daşyna tegelenip,gümür-ýamyr etmekçi.Näme hakda diýýäñizmi?
Bu gün- mälim gün.Bu gün-romantik gün.Şu günüñ şanyna her setirinden söýgi we romantizm kükäp duran mowzuk açmakçy.
Söýgi käbirleri üçin güýmenje,käbirleri üçin ömrüñ manysy.Şahyr aýtmyşlaýyn:"Söýgiden gelýäris,barýarys söýgä,ýerden döräp ýere gidilşi ýaly".
Agzalar size bu günki berjek soraglarym:
Söýgä ynanýañyzmy?Ömrüñizde ýekeje gezegem bolsa söýüp gördüñizmi?Söýgüñiziñ soñy bagt toýuna ýazdymy ýa-da gowuşabilmedik aşyklaryñ hataryna adyñyzy altyn harplar bilen ýazdyrdyñyzmy?
Elbetde,arañyzda şahsy durmuşy hakynda geplemek islemeýänler bolup biler."Bu zatlar pynhan galmaly"diýýänler bolup biler.Hormatymyz bar.Şeýle pikir edýänler "Howwa" ýa-da "ýok" diýip bir söz bilen jogap berip bilerler.Mowzuga gatnaşmazlyk hakyñyzam bar elbetde.
Indi şeýle pikir etmeýänler "Men özümiñ söýgi başdan geçirmämi gürrüñ berjek.Goý,beýlekilere-de görelde bolsun"diýýänleriñizem bardyr.Bulara hasam hormatymyz bar :)) Söýgi başdan geçirmäñizi gypynç-çekinçsiz,giñişleýin gürrüñ berip bilersiñiz.
Hatda şeýle pikir edýänlere goşmaça soraglarymyzam bar:Ýatdan çykmajak söýgüliler güni başdan geçirmäñiz barmy?Söýgüliñize alan iñ gowy sowgadyñyz ýa-da onuñ size beren iñ gowy sowgady?
Mowzugymyzyñ maksady gyzykly söýgi başdan geçirmelerini diñlemek,bulardan özümize sapak edinmek we gyzyklyja wagt geçirmek
Hany onda gitdik :)))
Söýgi
Sorag-jogap,
Belki
tarapyndan
14-02-2022, 13:22