Demirgazyk Amerikanyñ taryhy gaty gadymy döwürlere uzaýan ýurtlarynyñ biri hem Meksikadyr.
Taryhdan öñki döwürlerden başlap her dürli halklara öý eýeligini ýerine ýetiren bu topraklardaky döwletleriñ bir bölegi özüniñ ajaýyp keşbine giripdirler, ýene bir bölegi hem gaty garypdy.
Bu halklar integem ok we ýaý ulanyp söweşýärdiler. Şolaryñ biri hem Astekleriñ atalarydy. Astekler bu topraklara adybelli Maýýa se Toltek siwilizasiýasynsan soñ emele gelipdirler.
Bu topraklarda ilkinji beýik siwilizasiýasyny Toltekler gurupdyrlar. Ýöne miladynyñ 980-nji ýyllarynda Meksika platosunda Tula şäherini binýat eden Toltekler bilen beýleki Meksika şäher döwletleri arasynda miladynyñ 1000-nji ýyllaryndan soñ yzygiderli söweşler-uruşlar höküm sürmäge başlapdyrlar.
Ýöne toltekleriñ Tula şäherini 1168-nji ýylda ellerinden gidirmekleriniñ yz ýany paýtagt patyşa Kuetzalkoatl (Quetzalcoatl) tarapyndan boşadylypdyr.
Toltekler plato we onuñ töweregindäki topraklara ýaýylmak mejburyýetinde galan wagtlary, Asteklerden öñ bu ýerlerde Çiçimekler, Toltekler bilen guran gatnaşyklaryndan soñra siwilizasiýalaşyp şol ýerlerde hem oturupdyrlar.
Şondan soñam onlarça dere beglikleriniñ gurulmagy bolup geçipdir we paýtagtlary edil biri-birine birnäçe kilometr ýakynlygynda bolan sistemada gurlupdyr.
Merkezi welaýatynda birnäçe köl we dere ýerleşen bu topraklara iñ soñky gezek aýak basan halk Astekler bolupdyr.
Gadymy Meksikada ýakyn 300 ýyl höküm süren Astekler, Amerikanyñ Kolumbyndan öñlerem ýaşaýjylary bolup tanalypdyrlar.
1168-nji ýylda Meksika gelip gowuşan göçüp-gonujy kabyla Toltekleriñ häkimýetindäki Meksika Platosyna ilkinji gezek gelenlerinde awçylyk we toplaýjylyk etmäge başlapdyrlar.
Ýöne Toltekler ysgyndan gaçyp topraklaryny terk etmäge mejbur bolanlarynda Astekler hem günorta göç edipdirler.
Ýöne Astekler pagan dini we bu diniñ batyl şertleri sebäpli töwereklerindäkilere
Warwarlar hökmünde görülmäge başlapdyrlar.
Şol sebäpdenem baran ýerlerinde hiç hili kabul edilmändiler we ikinji synp halk hökmünde görülipdirler.
Astekler ilkinji Tekskoko kölüniniñ (Texcoco) kenaryndaky Çapultepekde (Chapultepec) ýerleşip öz düzgünleri bilen galmaga başlapdyrlar.
Emma olary bu topraklarda kabul etmegi rowa görmedik goñşy halklaryñ ünsüni çekipdir we uly ýitgiler berip 1299-njy ýyla çenli Tekskoko kölüniñ günortasyndaky Çohluakan töwereklerine çekilmek ýagdaýynda galypdyrlar, şol döwürler aztekler toltekleşmäge başlaýarlar.
Şol wagtlar ýerli hökümdardan ýaşamak üçin ýer soraýarlar. Aslynda şol wagtlar Astekleriñ gowşan döwürleridi, ýöne bu hem uzaga çekmedi. Astekler täzeden ýerleşýärler. 1325-nji ýyla çenli bu topraklaryñ dürli ýerlerinde ýaşan astekler diñe 150 ýyla çenli ýerleşen halk hökmünde tanalmaga başlaýarlar.
Siouan diller çaşgalasyna degişli bolan Nahuatl dilde gürlän astekler güýçli kabyla bolupdyr.
Ýöne şol asyrlarda Orta Meksikada olar medeniýetini gazanypdyrlar (Astekleriñ ady efsanawy bolan esasy ýurtlarynyñ ady bolan Aztla adyndan gelýar.
Başgaça Tenoçka hem diýlipdir. Tenoçka ady hem nesilbaşylary bolan Tenoçdan döräpdir.
Şolar ýaly şekilde ulanylan ýene bir ady ''Meksika'' bolsa siwilizasiýalaryny guran ýerleri Tekskoko kölüniñ mistik ady bolan Metzçizapan (Aý köli) bilen baglanyşdyrylýar).
Uzak göçüp-gonujylykdan soñ häzirki Meksiko şäheriniñ (Mexico city) bir bölümini içine alýan Tekskoko köliniñ kenaryndaky Anahuac mekanyna, ýagny häzirki Meksika baran astekler bu ýeriniñ halky tarapyndan kabul edilipdir we şol ýerlere ýerleşipdirler.
Olara golaý etraplarda ýaşaýan Tepanekler bolsa astekleri sygdyrmandyrlar we olary kölüñ batgalyklaryna gysypdyrlar.
Tepanekleriñ astekleri bu etraplara gysyp çykarmaklarynyñ sebäbi ol ýerler ýaşamaga amatsyzdy.
Tepanekler Astekleriñ bu ýerleri terk etjekdiklerine ynanypdyrlar.
Astekler efsanada aýdylşyna görä öñe sürülen ''Agzynda bir ýylan bilen kaktusa gonan bürgüdi'' görendikleri üçin bu topraklary eýeläpdirler.
Uzyn we ýürekgysdyryjy geçen döwürlerden soñ bu ýerlere häkim bolupdyrlar.
Yşaratyñ ýerleşen ýerinde Astekleriñ paýtagty Tenoktitla bina edilipdir. Bu bolsa häzirki Meksiko şäheridir.
Ýılmaz Aydın
Terjime: JekSparrodan
Astekleriň Meksika topraklaryna aralaşmaklygynyň syry
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
31-05-2021, 06:17