Adam üçin iň bir möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk bolmasa, durmuşda ruhubelent ýaşap bolmaýar. Sagdyn ýaşamaklyk adamyň durmuşdan lezzet almagyna, durmuşy söýmegine itergi berýär. Dünýäde iň uly baýlyk diýseler, her bir adamyň aklyna ilki bilen saglyk atly tükeniksiz hazyna gelýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär: Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al, Ylgap baryp saglyk bilen erki al, Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al, Soň tapylar galan zady zyňyp git. Diýmek, iň uly üç baýlygyň biri hem saglykdyr. Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin özümizi zyýanly endiklerden näçe uzakda saklasak, şonça gowudyr. Zyýanly endikleriň duzagyna düşmek bolsa, biziň üçin uly howpdur. Şeýle uly howplaryň biri hem çilim çekmekdir. Çilimkeş hakynda atamyz Magtymguly Pyragy şeýle setirleri aýdyp geçipdir: Hak seni raýyňa goýmuş jahanda, Ede bileniň etgil munda, çilimkeş. Diwan gurlan güni hasap jaýynda Jogabyň nämedir anda, çilimkeş? El götergil beýle nähak talaşdan, Puluň köýer, janyň ýanar bu başdan, Erte garnyň doldurarlar ataşdan, Zähmi çykmaz, galar janda çilimkeş. Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe, Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa Binamaza, gybatkeşe, ogruýa Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş. Hakykatdanam, çilim adam saglygynyň duşmanydyr. Çilim çekýän adam sagdyn ýaşap bilmez. Çilim çekýän adamyň dem alyşy kynlaşýar. Ony bendi eden beýleki spirtli içgilere hem baş goşup biler. Çilim çekýän adamyň öýkeni öz işini kadaly ýerine ýetirip bilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen öýkende keseliň döremegine getirýär. Çekilen her bir çilim biziň ömrümizden 5,5 minut kemeldýär. Çilimiň esasy zyýany 20-30 ýyl geçen soň bildirip başlaýar. Çilimden adama 24 dürli kesel geçip bilýär. Çilim adama ilki başda zyýansyz ýaly bolup görünse-de, soňy bilen ol adamyň iň uly duşmanyna öwrülýär. Ony dost eden adam dostsuz galar. Ondan gaça duran bolsa, durmuşdan lezzet alyp sagdyn ýaşar. Adamyň özüne ynamy bolsa, ol her bir zadyň hötdesinden gelip bilýär. Eger-de sen çilimi taşlap biljekdigiňe çyn ýürekden ynansaň, onda ony goýmak kyn däldir. Eger çilimden gutulmak isleýän bolsaňyz, aşakdaky maslahatlara üns beriň. *Durmuşda kynçylyklary ýeňip geçen pursadyňyz bolandyr. Onda siz çilimi hem goýup bilersiňiz. *Maşgalaňyzdan hem-de dostlaryňyzdan çilimi goýmaga goldaw bermeklerini soraň. *Biri size çilim hödürlese, ony goýandygyňyzy aýdyň. Bu siziň özüňize ynamyňyzy has hem artdyrar. *Köke, süýji ýaly zatlary iýmek bilen ony unudyp bilersiňiz. *Köpräk suw içiň. Suw içmeklik bedeniňizden zyýanly mikroblaryň çykmagyna sebäp bolar. *Bu ýazgymyzy okap bolanyňyzdan soňra ony taşlamak üçin meýilnama biçiň. *Çilimi goýmak üçin belli bir gün belläň, bu gün täze durmuşyňyz üçin başlangyç boljakdygyny ýatdan çykarmaň. *Çilimi goýup bilseňiz, özüňizi sylaglandyrEger şulary doly ýerine ýetirip bilseňiz, durmuşda sagdyn we ruhubelent ýaşap bilersiňiz. Şu ýollary özüne ýörelge edip, çilim çekmekden gutulan adamlar sagdyn durmuşda ýaşamagyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Size hem bu bagtyň nesip etmegini arzuw edýärin. Adam entek hassa bolmazdan öň öz saglygynyň gadyryny bilse, saglyk oňa baky ýar bolar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Durdyyevv tarapyndan 17-02-2022, 23:54

  • Blesk Blesk off № 1 17 февраля 2022 23:56
    Narkotik diyen nikden biri meni aldady. Ahmedshadyn Duratyny goyup Haram Ahmet asga barayyn zayaladaryn
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 2 17 февраля 2022 23:57
    Wampir gije oyanyanmay jan edayow Blin 3aylap yykdynow. Licka yazma indi. Islanok
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 3 17 февраля 2022 23:59
    Rejep uuhuuujjhhjj Men 91 0zum Gbatly meydiyanan zayalaryn nirde bolsan Gel owluyan yanyndaky 3sany dom bar ikinjide elitkalara golay Masynly gel Balkona cykayyn
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 4 17 февраля 2022 23:59
    Towaname
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 5 18 февраля 2022 00:00
    Licka yazyn barde jogaplayan bar yetden kowuldym
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 6 18 февраля 2022 00:00
    Ejegyz,
    Shu gyza tashladyp blmzk cilimi cilimkesh
    Jogap
  • payhasly payhasly off № 7 18 февраля 2022 00:01
    Estağfirullah.
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 8 18 февраля 2022 00:02
    Bendtner,
    Estagfirullah, gepleme urya
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 9 18 февраля 2022 00:03
    Realda cekemok icemok Namaza Baslajak nesip bolsa
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 10 18 февраля 2022 00:04
    Rejepjan Soyyanibi bilyan Gayrat et Licka noner okla ozum jam etjek
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 11 18 февраля 2022 00:05
    tanss televizor Yaraman aglap yatyryn men
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 12 18 февраля 2022 00:05
    Ahmet Ashkim.soyyan Seni yone Maryda sen
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 13 18 февраля 2022 00:06
    Цитата: Blesk
    Rejepjan Soyyanibi bilyan Gayrat et Licka noner okla ozum jam etjek

    Rejep kimay kop agzaýaňlay shony :)
    Jogap
  • payhasly payhasly off № 14 18 февраля 2022 00:07
    Bendtner,
    Wampir şol
    Jogap
  • Гость Гость off № 15 18 февраля 2022 00:08
    Maslahat bermek aňsat cilimkesh
    Jogap
  • MEKAN MEKAN off № 16 18 февраля 2022 00:08
    Цитата: Blesk
    tanss televizor Yaraman aglap yatyryn men

    afr alkash sagamanja gutyl
    Jogap
  • danger danger off № 17 18 февраля 2022 00:23
    Esasy zyýan berýan ýeri bellenmandir
    jübüñe agram berya esasy
    Jogap
  • мусульманка мусульманка off № 18 18 февраля 2022 00:30
    Цитата: Bendtner
    Ejegyz,
    Shu gyza tashladyp blmzk cilimi cilimkesh

    Hehehe
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 19 18 февраля 2022 06:59
    Cekjek okamuny
    Jogap
  • Blesk Blesk off № 20 18 февраля 2022 07:00
    Mana Skrytydan aylasanuz korpeler Menem Corna oklaryn jan edin Psiholog Pedagog Mugallym Men
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler