Bu günki gün özümi bimaza etýän sorag bilen saýtdakylary hem bimaza etmekligi ýüregime düwdüm. :)
Ömründe her bir akyly, aňy ýerinde bolan adam "Durmuş näme?!" ýada "Näme üçin ýaşaýas, ýaşaýyşyň manysy näme?!" diýip özüni soraga çeken bolsa gerek. Belki, käbirleriňiz bu soraglaryň jogaplaryny öňden tapansyňyz we tapan jogabyňyzdan kanagatlanyp, şol jogap bilen el-ele tutuşyp ömür ýoluňyzy aladasyz dowam etdirip gelýänsiňiz ýada men ýaly soragyň jogabyny tapman, bu agyr ýüküň altyndan çykyp bilmän ejir çekip ýörenleriňizem bardyr. Öň özüňiz, özüňizi soraglan bolsaňyz bu günki gün men sizden sorajak "Ýaşaýyş näme we onuň manysy nämeden ybarat?". Her kim öz düşünjesini teswirlerde paýlaşsyn, ýöne ýekeje haýyşym soragy jogaplanyňyzda öz ideallaryňyzyň aňy bilen pikirlenip, sözi bilen sözlejek bolmaňda, öz sözüňiz bilen, öz pikiriňizi, düşünjäňizi beýan etmäne synanyşyň.
Hany onda başladyk.))
Ýaşaýyş näme we onuň manysy nämeden ybarat?
Sorag-jogap,
Hiayres
tarapyndan
18-02-2022, 12:02