Syna durmuş, syna meni...
Gözel durmuş, zalym durmuş,
Henegiňden kemal tapdym.
Bilmen, nirä akyp barýan,
Men däli deňziňde akdym.
Towlanjyrap tolkunyňda,
Synladym suwuň köpügin.
Arym köýdi, janym köýdi,
Kyrk ýola biçdiň kepenim.
Oýun edip, synap, synlap,
Köp ýygyrdyň eginlermi.
Bir ýylgyrsaň, bu naçaryň
Gamhanada eglenermi!
Görkezdiň ene gözýaşyn,
Ata mazaryn görkezdiň.
Sandalyňda taplap meni,
Soňsuz gorkymy çirkizdiň.
Göni bakyp hazanyňa,
Çagyraýyn jeňe seni.
"Ýykylan doýmaz göreşden"
Syna, durmuş, syna meni!
Gülnabat Hurşidowa
Henegiňden kemal tapdym.
Bilmen, nirä akyp barýan,
Men däli deňziňde akdym.
Towlanjyrap tolkunyňda,
Synladym suwuň köpügin.
Arym köýdi, janym köýdi,
Kyrk ýola biçdiň kepenim.
Oýun edip, synap, synlap,
Köp ýygyrdyň eginlermi.
Bir ýylgyrsaň, bu naçaryň
Gamhanada eglenermi!
Görkezdiň ene gözýaşyn,
Ata mazaryn görkezdiň.
Sandalyňda taplap meni,
Soňsuz gorkymy çirkizdiň.
Göni bakyp hazanyňa,
Çagyraýyn jeňe seni.
"Ýykylan doýmaz göreşden"
Syna, durmuş, syna meni!
Gülnabat Hurşidowa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий