Bagt diýlende
Gök köýnegiň ýaz şemaly ýalydy
Diňe sendiň şol ýazlaryň gelşigi
Men henizem göz öňüme getirýän
Gök otlaň çyglaryn seçeläp seniň
Derýaň kenaryna ylgap gelşiňi
Senin gerdenlerne dökülip duran
Melemtil saçlaryň togar togardy
Şol gijeleň Aýam köne harazyň
Aňyrsyndan lowlap-lowlap dogardy
Diýerdim men seni basyp bagryma
Tizlälile toýy ýa sen garşymy
Sen aýaňy dodaklarma goýardyň
Gen görýän deý ölüp öçüp barşymy
Hem diýerdin synlap gumak ýollary
Haýsyka bularyn bagta ýetirýän
Men henizem bagt diýlende bir seni
Diňe seni göz öňüme getirýän
Atajan Annaberdiýew
Diňe sendiň şol ýazlaryň gelşigi
Men henizem göz öňüme getirýän
Gök otlaň çyglaryn seçeläp seniň
Derýaň kenaryna ylgap gelşiňi
Senin gerdenlerne dökülip duran
Melemtil saçlaryň togar togardy
Şol gijeleň Aýam köne harazyň
Aňyrsyndan lowlap-lowlap dogardy
Diýerdim men seni basyp bagryma
Tizlälile toýy ýa sen garşymy
Sen aýaňy dodaklarma goýardyň
Gen görýän deý ölüp öçüp barşymy
Hem diýerdin synlap gumak ýollary
Haýsyka bularyn bagta ýetirýän
Men henizem bagt diýlende bir seni
Diňe seni göz öňüme getirýän
Atajan Annaberdiýew
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария