Ýaňy ýolda bir güjüjege gabat geldim-de onuň suratyny aldym. Güjüjegiň reňki Sary, edil tilkä meňzeş eken. Soňam onuň suratyna seretdigimçe kelläme şeýle pikirler geldi...
Şular ýaly eýesiz gezip ýören güjükler gaty köp. Bulara eýe çykyp ideg etmesek, zaýaçylyk köpelýär. Itleri öldürýänlere berk garşylyk görkezip olary uruşdyrýanlara böwet bolmasak biziň aňymyz hiç haçan ösmez. Garşymyzdaky şular ýaly güjüjekleriňem janly zatdygyny, olaryňam biz ýaly süýji janlarynyň bardygyny pikir etmesek biziň aňymyz hiç haçan ösmez. Aňy peslikden zeýrenýäris, biz pes düşünjeli diýýäris. Emma bir janaweri uruşdyryp onuň üstünden baýrak almak, tomaşa etmek ýaly wagşylyk ýaly erbet zat ýokdur. Öňler Rimde pes gul diýip Gladiatorlary uruşdyryp tomaşaçylar lezzet alan bolsalar bu gün biz şol pes görülýän janawerleri uruşdyrýarys...
Tilkä meňzeş güjüjek
Sorag-jogap,
Jeksparro
tarapyndan
21-02-2022, 15:06