Oýlanyp aýdalyň, aýtjak sözümiz!
Hamala...
Ikilenç ýaşaljak ýaly,
Bir-biregiň degip ýörüs göwnüne,
Ownaýas...
Her gepi çekip bir ýana,
Kalba salyp, kineleriň düwnüni.
Hiç zatdan habarsyz, gülýäs-ýaýnaýas,
Barha joşýar bu ýaşlygyň ýelgini,
Hyýaly adamlaň, kinesi hakda,
Olaň ykbalynyň bijesi hakda,
Ýa, hasratdan ýaňa, çöken göwünleň,
Ukusyz geçiren gijesi hakda,
Hergiz ony oýa getiremizok.
Ýetimmi,
Ýesirmi,
Ýeke ýalňyzmy,
Biz olary göremizok, bilemzok,
Ýa, düşekde ýatan doga maýypmy,
Bu babatda asla, küýe getiremzok.
Bijaý aýdylan ýeke söz ýeter,
Atmak gerek däldir, okýaýy çenäp,
Tene salnan tygyň ýeri bitse-de,
Galar söz ýarasy kalbyňda çüýräp.
Ynsan hemişe-de, ynsana mätäç,
Iň soňunda ökünjegem özümiz.
Şonuň üçin herhiz, bolup, ätiýaç,
Oýlanyp, aýdalyň aýtjak sözümiz!
Milana
Ikilenç ýaşaljak ýaly,
Bir-biregiň degip ýörüs göwnüne,
Ownaýas...
Her gepi çekip bir ýana,
Kalba salyp, kineleriň düwnüni.
Hiç zatdan habarsyz, gülýäs-ýaýnaýas,
Barha joşýar bu ýaşlygyň ýelgini,
Hyýaly adamlaň, kinesi hakda,
Olaň ykbalynyň bijesi hakda,
Ýa, hasratdan ýaňa, çöken göwünleň,
Ukusyz geçiren gijesi hakda,
Hergiz ony oýa getiremizok.
Ýetimmi,
Ýesirmi,
Ýeke ýalňyzmy,
Biz olary göremizok, bilemzok,
Ýa, düşekde ýatan doga maýypmy,
Bu babatda asla, küýe getiremzok.
Bijaý aýdylan ýeke söz ýeter,
Atmak gerek däldir, okýaýy çenäp,
Tene salnan tygyň ýeri bitse-de,
Galar söz ýarasy kalbyňda çüýräp.
Ynsan hemişe-de, ynsana mätäç,
Iň soňunda ökünjegem özümiz.
Şonuň üçin herhiz, bolup, ätiýaç,
Oýlanyp, aýdalyň aýtjak sözümiz!
Milana
1 2
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
43 комментария