Gapdalda, aýaklary biraz epläp. Deňagramly, ýumşak adamlar. Olar daş-töweregindäkiler bilen konflikte seýrek girýärler, paýhasly ylalaşyklara ýykgyn we dürli durmuşy ýagdaýlara kynçylyksyz uýgunlaşýarlar. Ýöne olar öz maksatlaryna ýetmek üçin ýeterlik derejede batyrlyga, energiýa we tutanýerlilige eýe däl, şöhratparaz däl, jemgyýetde lider bolmaga ymtylmaýarlar. Olar kölegede, aýratyn hem, özüniň sylaýan we gowy görýän adamlarynyň kölegesinde galmagy saýlaýarlar. 
Arkasynda ýatýan adamlar. Adatça aragatnaşyga meýilli, ýürekdeş. Olar öz kemçiliklerini bilýärler, ýöne olar barada pikirlenmezlige çalyşýarlar. Bu adamlar daşky gurşawa hoşniýetli gatnaşykda, we daşky dünýäni bolşy ýaly kabul edýärler. Ýöne käbirlerinde bu ýagdaý öz durmuşyny çylşyrymlaşdyrmazlyk islegi bilen şertlenendir. Şeýle ýatýan adamlar çagalyk döwründe öz ene-atasynyň söýgüli çagalary bolupdyrlar.
“Eplenip” ýatýan adamlar. Bu açylmagy islemeýän güller. Olar aňlanylmaýan ýagdaýda çagalygy bilen hoşlaşyp bilenoklar. Olar güýçli gylykly adamlaryň howandarlygyna mätäç. Olar özleri barada alada edenlerinde gowy görýärler. Aýgytly däl, özüne ynamsyz, olar jogapkärçilikden gaçýarlar we deň derejede hem gowy hem erbet täsire düşüp bilýärler. Bu duýgur, impulsiw adamlar, öz hereketlerinde paýhasdan däl-de, şol pursatdaky keýpden ugur alýarlar. 
Garnynda, bir aýagyny epläp ýatýan adamlar. Adatça özüne ynamly, punktual, öz pikirlerinde yzygider, tertip-düzgüni gowy görýärler. Duýdansyz zatlary gowy görmeýärler, öňünden çaklamaga ýykgyn, ähli zady hasaplap çykarýan adamlar. Öz pikirlerini “dakmagy”, buýruk bermegi, ýolbaşçylyk etmegi gowy görýärler.

#Www.sahypadan.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, ۞Jemile۞ tarapyndan 23-02-2022, 05:58

  • DonMaxx DonMaxx off № 1 23 февраля 2022 06:07
    yatamogam mena
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 23 февраля 2022 06:32
    Dik durup ýatýanlaňky ýokmy?!
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 3 23 февраля 2022 07:25
    Garnynda, bir aýagyny epläp ýatýan adamlar.

    Şu pozany hiç hili göz öňüne getirip bilmedim. cilimkesh
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 4 23 февраля 2022 07:39
    Arkanlygyna ýatýan menä))
    Jogap
  • Garabufer Garabufer off № 5 23 февраля 2022 07:40
    Arkan yatyan deñ gelyä, sawwol pölöşönñö
    Jogap
  • Garabufer Garabufer off № 6 23 февраля 2022 07:42
    Jemile siz nähili yatmany halayañyz , hihi
    Jogap
  • Garabufer Garabufer off № 7 23 февраля 2022 07:43
    Yatyp bilmän yazylanmy bu tema
    Jogap
  • Hizir Chakyrbeyli Hizir Chakyrbeyli off № 8 23 февраля 2022 09:49
    Mena yuzlukgan 2 yassyk her tarapymda haysy tarapa owrulsem gujaklar yaly. Oylenmesek bolmady
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler