Dolan käbäm...
Dolan käbäm!
Ýürek seni küýseýär,
Küýseýär mähriňi, ýyly sözlerňi.
Sensiz dünýäm boşap galdy mähriban,
Küýseýärin nur dökülýän gözlerňi.
Dolan käbäm!
Men senden ganybam ýetişmedim-ä,
Az pursat özümi bagtly duýaýyn,
Haýyş edýän bir gezejik geläýdä,
Seň gujagňa dolup çaga bolaýyn.
Dolan käbäm!
Sen gideňsoň menem birden ulaldym,
Jigilerim soraýar: " Ejemiz hany"
Aýtsana olara nädip diýeýin:
" Ejemizi bizden aldy, bu pany"
Dolan käbäm!
Sen gideňsoň öýümizem boşady,
Sowlan ýaly boldy ullakan bazar,
Seni alyp gitmäge nädip dözdükä,
Gül ýüzüňi soldurmaga, bu hazan.
Dolan käbäm!
Maňa hiç kim: " Aýna gyzym" diýenok,
Mähir bilen garaýan ýok ýüzüme,
Allajan ejemi bir pursat beräý,
Gurban bolsam onuň birje sözüne.
Aýna Amangeldiýewa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
5 комментариев