Ol baharda doguldy...
Ýaşap ýören bolsa, ol ýaşy ýaňy elliden geçen, ýüňi ýeten şahyr bolup ýetişerdi. Ýogalanyna welin, tas ýigrimi ýyl bolup barýar. Bary-ýogy otuz bäş ýaşapdy. Ajaýyp şahyrlaryň takdyry şeýlemikä? Puşkin, Lermontow, Ýesenin... biziň günlerimizde Rubsow, Wysoskiý, Ezizow...
* * * *
Gurbannazar ikinji kursda okaýarkak çilim öwrendi.Men çilimiň zyýanlydygyny özelenipler gürrüň bererdim.Ol hiç ynam etmeýärdi:
– Sen maňa çilim öwret, onuň zyýany bilen işiň bolmasyn.
– Wah, şu nysagy öwrenmekden aňsat zat ýokdur.Peýdalyja endigi welin, aňsat öwrenäýmersiň. Geň ýeri: bu köp adamlar üçin şeýle.
– Leksiýany azalt-da, hany, bir çilim ber.Şeýdibem, ol zyrrajym çilimkeş bolaýdy.
Bir gezek ol şeýle diýdi:
– Çilim öwredeniň üçin saňa nähili serpaý etjegimi bilemok. Şuny öwrendim, goşgy ýazmam aňsatlaşan ýaly bolaýdy. Kapyýa, rifma kelläňe gelmese, bir çilimjik otlanaý.Şobada setirler düzüliberýär, sag bol, dost!
* * * * *
Oglanka ol juda inçemik, çepiksi görünýärdi. Garaýagyz, uzynak, mawy gözli, bulaşygrak saçlyja ýigdekçe daşyndan görseň okaýan, köp bilýän adama meňzänokdy. Damarlak ellerem, ýüz-keşbem birhili tagaşyksyz, gödegräkdi.Ömrüniň ahyrlarynda ol poeziýasy bilen kybapdaş gidýän ýalydy. Ýüz keşbi-de doluşdy, merdemsilendi hem görmegeýleşdi. Onuň şahyrlygynyň beden hem ruhy kämlliginiň şeýle berk utgaşmaklygy juda geň galdyrdy.
H.Diwangulyýew.
1992 ý

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
15 комментариев