Ädikçi
Ädikçi
Bir mahal ädikçi surata garap,
Görkezipdir köwşündäki ýalňyşyn.
Bu söz suratkeşiň göwnüne ýarap,
Düzedende, ýene göterip başyn,
Diýipdir: "Ýüzi-de gyşygrak bir ýan...
Çakdanaşa açyk dälmi göwsi, dost?"...
Saklapdyr Apelles halys çydaman:
"Ädikden ýokaryk geçme gowsy dost!"
Biri bar dostlarymyň içinde meniň,
Bilmedim, nä gelýär elinden onuň.
Öz sözüne jür bolsa-da her zaman,
Kän zat hakda gürlär, çenini bilmän:
Ädikden ýokary geçer biguman!
A. S. PUŞKIN
Bir mahal ädikçi surata garap,
Görkezipdir köwşündäki ýalňyşyn.
Bu söz suratkeşiň göwnüne ýarap,
Düzedende, ýene göterip başyn,
Diýipdir: "Ýüzi-de gyşygrak bir ýan...
Çakdanaşa açyk dälmi göwsi, dost?"...
Saklapdyr Apelles halys çydaman:
"Ädikden ýokaryk geçme gowsy dost!"
Biri bar dostlarymyň içinde meniň,
Bilmedim, nä gelýär elinden onuň.
Öz sözüne jür bolsa-da her zaman,
Kän zat hakda gürlär, çenini bilmän:
Ädikden ýokary geçer biguman!
A. S. PUŞKIN
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
3 комментария