Çalt we netijeli okamak endigi

Okamak – dünýäni açmak. Okamagy endik edinen adamyň öňünde çözülmejek matal, jogapsyz sowal bolmaýar. Çünki bu endik arkaly adamyň aňy kämilleşýär. Uly özgerişler, beýik işler bolsa hut aň kämilliginiň üsti bilen amala aşýar. Diýmek, kitap okamak, islendik beýik işiň başlangyjy bolup biljek ekeni.

■ Çalt okamak peýdalymy ýa...

Ilki bilen bellemeli zatlaryň biri, çalt okalan wagty kitaba doly düşünip bolmaýar diýilmegi ähli babatda dogry hasaplap bolmaz. Çünki adamyň beýnisi bilen gözüniň arasyndaky arabaglanyşygyň ýokary depgindäki hyzmatdaşlygy netijesinde çalt okaýanlaryň okan zadyna düşünip bilýändikleri tassyklanyldy. Sebäbi göz diňe duran pursadynda okaýar we görýän maglumatlaryny fotoapparat ýaly surata düşürýär hem-de beýnä iberýär. Bu waka sekundyň ýüzden bir böleginde bolup geçýär. Ýöne geň zat, gözüň görüş tizligi beýniniň işleýşinden birnäçe esse yza galýar. Şol sebäpli hem beýnimize iberilýän maglumatlar köplenç ony doly gaplap almaýar. Okaýan wagtymyzda ünsümizi sowup, başga zatlaryň pikirine gitmegimiz hem şu sebäplidir.
Ýöne çalt okamak adamyň ünsüni-de bir ýere jemleýär. Şonuň üçin çalt okasak-da, okan sözlerimizi gaýtadan okamazdan, tiz wagtyň içinde onuň manysyna düşünip bileris.

■ Kitaby peýdasyz okamak endikleri

Kitaby daşyňdan okamak – ony bähbitsiz okamak hasap edilip, ol peýdasyz endikdir. Okyjylaryň käbiri okaýan zatlaryna düşünmek üçin eşidiş synasyndan kömek almalydyr öýdýärler. Şeýle ýagdaýda göz öňe gidýärkä, ses hamala olaryň yzyndan ylgap barýan ýaly bolýar. Beýle bolanda many hem çylşyrymlaşýar. Bu endik başlangyç synplardaky sesli okamakdan hem galyp bilýär. Çylşyrymly we çuň manyly kitaplara duşan okyjylar hem kitabyň manysyna düşünmek üçin sesli okaýarlar. Ýöne bu endigiň okan zadyňa düşünmegi kynlaşdyrýandygy barada welin oýlanmaýarlar. Iň peýdasyz endikleriň ýene biri hem, okalýan setirleri galam ujy ýa-da barmagyň bilen yzarlamakdyr. Bu gözüň hereketini çäklendirýär. Çalt we netijeli okamagy gazanmak üçin iň esasy zat, gözüň ýetýän ýerinden doly peýdalanyp, sözleri bölek-bölek okamakdyr. Şeýle etmek bilen adamlar gözüň bir wagtyň özünde görüp herekete geçirmek ýaly iň oňat aýratynlygyndan peýdalanýarlar.
Endikleriň ýene biri bolsa yza dönüp okamakdyr. «Okan her bir sözlemiňi ýatdan çykarmaly däl» diýen düşünje okyjyny ýygy-ýygydan yza gidip, öňki okan ýerini täzeden okamagyna we artykmaç wagt ýitirmegine sebäp bolýar. Çylşyrymly bölümleri täzeden okamak onçakly peýdasyz endik bolmasa-da, bu ýagdaýyň köp gaýtalanmagy okamagyň gyzygyny gaçyrýar. Eserleriň çylşyrymlylygyna, ähmiýetine görä tizligi sazlamak oňat endikli okyjynyň aýratynlygydyr. Adamlaryň köpüsi ýönekeýje zatlary hem şol bir öwrenişen tizliginde okamagy dowam edýärler. Şeýle ýagdaýdan dessine dynmak, artykmaç wagt sarp etmegiň öňüni alýar. Diňe okamaga mejbur bolýan wagtlarymyzda, ýagny synaglara taýýarlanmak üçin ýa-da bir zady düşündirmek üçin däl-de, eýsem, hemişe okamalydyrys. Galyberse-de, gün tertibimizde okamak üçin belli ber hemişelik orun bolmaly.
Gowy okamak üçin okaýan ýerimiziň hem ähmiýeti uludyr. Aşa ýumşak düşeklerde, kürsülerde ýa-da munuň tersine, birahat, galmagally ýerlerde we aşa gaty oturgyçlarda okamak hem örän oňaýsyzdyr. Ýagtylyk hem okamak üçin zatdyr. Gözüň saglygy we okamak üçin iň peýdaly ýagtylyk – Günüň ýagtylygydyr. Esasanam, gözlerimiziň çyralardan daşda durmaklary saglygymyz üçin peýdalydyr. Göz bilen kitaby arasy 50 gradus bilen 80 gradus aralygynda bolmaly. Ýaramaz şertlerde okaýan adamyň gözi çalt ýadaýar. Gözi sagdyn bolmadyk adamyň äýneksiz okamagy onuň okamaga bolan höwesini gaçyryp biler. Şonuň üçin netijeli okamak üçin şulary hemişe ýadyňda saklamaly. Şeýle-de gözüň ýadandygyny aňanyňda şu iki usuly ulanmaly:

1. Sada reňkde boýalan zada ýa-da tekiz ýere birsalym seredip duruň. Çünki dürli reňkdäki zatlar gözi ýadadýar.
2. Gözi eliň aýasy bilen ýumşadyp hem rahatlanyp bolar.

Şeýlelikde, göz öz- özünden ýumşaýar, gowşaýar we rahatlanýar. Soňra siz ýene-de okamagy dowam edip bilersiňiz. Eger bu usullar hem peýda etmese, onda okamagy az salymlyk goýbolsun etmeli ýa-da biraz dynç alyp, okan ýeriňiz barada oýlanmaly.
Elbetde, okamak söz baýlygymyz hem artdyrýar. Netijede, ynsanyň dili çeperleşýär. Şonuň üçin boş wagtlarymyzda çeper eserleri hem köp okamalydyrys. Size kitap okamakda çalt we netijeli okamak endiklerini ösdürmekde üstünlikleri arzuw edýäris! Çünki ajaýyp eserler işimize, döredijilikli durmuşymyza many çaýýar. Okamaga sarp eden wagtyňyzyň oňat netije bermegine ýardam berer.

Arazdurdy AÝTGELDIÝEW, uly leýtenant.

# "Esger" gazeti, 2018 ý 

# serhetabat-dovletabat.gov.tm

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Чистая tarapyndan 28-02-2022, 02:11

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler