“Söýgi bar. Eger ol ýok bolaýanda-da, oýlap tapanyňa degýän zat! Sebäbi söýgüsiz durmuşda köp zatlarymyzy ýitirýäs, gysgynç bolýas” diýmegi gaty halaýardym mekdepde okaýarkam. Şol döwürler dostlarymyz bilen hemme zat barada pikir alyşýardyk (Aý, 16-17 ýaşly oglanjyklar-da!).
Ýokardaky sözler sitata bolup biler. Men bu sözleri, belki, bir ýerlerden eşidendirin. Ýöne şol sözler dogry diýýärdim. Logiki pikirlenseň, daş-töweregiňe seretseň we beýleki adamlaryň durmuşyny analiz etseň, “söýgi ýok” diýmek has ýakyn. Ýöne käwagtlar bagtly maşgalalary göreniňde: “Aý, biri-birlerini söýýändir” diýýäň içiňden. Elbetde, öz ýanýoldaşyňy halasaň, sulhuň alsa, oňa ýetesi näme bar?! Gaty az zat bar... Ýöne hemişe beýle bolaýanok durmuşda, gynansagam... Mümkin, söýgi diýip adamlar ýalňyş düşünýändirler ýa söýdümmikäm diýip durmuş gurýandyrlar. Soň seretseler, söýgem ýok, zadam. Söýgi diýen zat gaty seýregem bolsa, adam pahyryň göwni Kap dagynda. Şonda-da ynanýar, umyt edýär... Ýok diýip çürt-kesik aýtmak kyn bolsa-da, kalbyň bir ýerlerinde söýgä ynanç ýatyr: “Bolaýmaly! Söýgi bolaýmaly! Menem öýlenmeli. Söýmän-söýülmänem bir 40-50 ýyl bile ýaşaşyp bolarmy?” diýen pikir at salýar gursakda. “Birrje perizady tapsam, ýüzi Aý ýaly bolsun, mylaýym bolsun, düşünjeli bolsun” we ş.m arzuwlar her kimiň göwnünde barmyka diýýän. Ýöne orslarda “Мечтать не вредно” diýlişi ýaly, arzuw arzuwlygyna galyberýär köplenç. Öýlenip 1-2-3 ýyl geçensoň söýgi diýen söz köp adamyň sözlüginden çykyberýär...

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 3-04-2022, 11:56

  • Ladybug Ladybug off № 1 3 апреля 2022 12:16
    Toydan son "soygi" sozlukden cyksa-da,seni yupsuzje baglayan birzatlaryn bardygyny inkar edip bolmaz. Belkide "soygiler" oz ornuny,wezipesini uytgetyandir. Tazeleri doreyandir. Yone "soygi yok" diyip bolmaymasa
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 3 3 апреля 2022 12:35
    Birnäçe iň gowy adam gatnaşyklaryny özünde jemleýän hadysalar toplumyna bir söz bilen "söýgi" diýilýär diýip hemmäniň ýüregini heýjana sakdylar oturyberdiler. Indi herkes ideal söýginiň, ýagny adam gatnaşyklarynyň iň ýokary formasynyň gözleginde.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 4 3 апреля 2022 12:38
    Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
    "Söýgi ýok" diýip, 52 düňderilseňizem bar... ?


    Hany, nirede ýerleşýär-ä diýjekdäl, söýginiň nämedigine kesgitleme berip bilseňem ýetik, men söýginiň barlygyna ynanjak.))
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 6 3 апреля 2022 13:19
    Söýgi . Bu söze kesgitleme berjek bolsaň şeýle bir köp sözler ýazmaly bolýar. Düşünüp bilýäne hiç zat ýazmasaňam ýeterlik. Aslynda näme üçin düşündirmeli? Bu söz kalbyň önümi dälmi?
    Ony janly-jemendäniň, dilsiz agyzsyz ähli barlygyň diline düşünüp bolonok ahyry. Ýöne söýgi bolmadyk bolsa ýaşaýyş bolmazdy. Mümkin bu Zemin, ähli Älemler  bu sözden hut şul sözüň güýji bilen aýlanyp şu söz bilenem ýaşaýyş dowam edýändir.
    Söýmek ýeňil däl. Ýürek iş. Muşakgatly iş. Muny diňe mertler göterip çekip bilýär. Bu beýiklik, synaglardan doly, gowgaly agyr ýük.
    Hiç wagt söýdim diýme. Öwrenişdim diý.Söýen bolsaň diliňe alma.
    Ýagşy-ýaman, haýyr we şer, gowylar we erbetleriň barysy, bu söze öz kalbyndan gelşine görä düşünýär. Herhili pikir garaýyşlar bar. Söýmek diýmek, dünýäniň ýüküni ýürek bilen daşamak diýmek. Özüňi meýletin gurban etmek diýmek.
    Dünýäni gowy adamlar saklaýar diýilýär. Çünki olaryň kalbynda söýgi bar. Şonuň üçin dünýäni gowy adamlar halas eder. Aý, Gün Asman Zemin ähli barlyk diňe gowularyň kalbynda Beýik Söýginiň  barlygy üçin dolanýandyr, aýlanýandyr, saklanýandyr. Ýaşasyn SÖÝGI.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 7 3 апреля 2022 14:14
    Цитата: Ladybug
    Toydan son "soygi" sozlukden cyksa-da,seni yupsuzje baglayan birzatlaryn bardygyny inkar edip bolmaz. Belkide "soygiler" oz ornuny,wezipesini uytgetyandir. Tazeleri doreyandir. Yone "soygi yok" diyip bolmaymasa

    Bu zatlar hiç-laý! Barmyň sen?))
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 8 3 апреля 2022 16:03
    Soygudir dostlarym durmushyn taji, Tapyshmak suyjudir Ayralyk ajy
    Jogap
  • menembiri menembiri off № 9 3 апреля 2022 22:26
    menem yash yelen oglankak indiyskiy soyushen bolyadyk(hazirki heley bilen) tak hazirler soygi poygi galanak kak obychno!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 10 3 апреля 2022 22:46
    Saýrak_guş,

    "Söýgi . Bu söze kesgitleme berjek bolsaň şeýle bir köp sözler ýazmaly bolýar."

    Gelen netijäňe we bilim derejäňe bagly. Elbetde garşyňdakyň tormuz bolmazlygam şert.

    "Düşünüp bilýäne hiç zat ýazmasaňam ýeterlik."

    Düşünip bilýäne düşünsiz zadyň düşündirip bolmaýany düşnükli.

    "Aslynda näme üçin düşündirmeli?"

    Bir zat hakynda söz açjak bolsaň, şol zady iň azyndan suratlandyrmaly. Seň sözüňe gulak asýanlar näme diýýäniňi aklynda şekillendirer ýaly.


    "Bu söz kalbyň önümi dälmi?"

    Anatomiýanyň kanunlary üýtgemedik bolsa, bizä kalpda gan önýär diýip bilýädik.

    "Ony janly-jemendäniň, dilsiz agyzsyz ähli barlygyň diline düşünüp bolonok ahyry."

    Ewrika...

    "Ýöne söýgi bolmadyk bolsa ýaşaýyş bolmazdy."

    Ýaşaýyş gün bolmadyk bolsa suw bolmadyk bolsa bolmazdy diýip eşitdim, ýöne söýgi barada kelam agyz söz ýokdy.

    "Mümkin bu Zemin, ähli Älemler bu sözden hut şul sözüň güýji bilen aýlanyp şu söz bilenem ýaşaýyş dowam edýändir."

    Zemin, älem dartyş güýji esasynda aýlanyp dur.

    "Söýmek ýeňil däl. Ýürek iş. Muşakgatly iş."

    Hany söýgi kalbyň önümidile?!

    "Muny diňe mertler göterip çekip bilýär."

    Söýeniň (näme bolsada) bilen mert bolup bolýan bolsady dünýäde namart galmazdy.

    "Bu beýiklik, synaglardan doly, gowgaly agyr ýük."

    Durmuş ine synaglardan, gowgalardan doly.

    "Hiç wagt söýdim diýme."

    Hiç wagt hem diýmedim.

    "Dünýäni gowy adamlar saklaýar diýilýär."

    Aý, şunuňa erteki. Dünýäni Rokfellerler, Rotşiltler, Morganlar, Bezoslar we ýadro ýaraglaryny bar bolan ýurtlar saklaýar.

    "Çünki olaryň kalbynda söýgi bar."

    Olaryň ýüreklerinde we aňlarynda maddy bähbit we adamlary öz haýryňa ulanmaly diýen ideýa bar.

    "Şonuň üçin dünýäni gowy adamlar halas eder."

    Dünýäni býurokratiçeskiý kapitalizmden indi hiç zat halas etmäýmese.
    Jogap
  • Ladybug Ladybug off № 11 3 апреля 2022 23:15
    Pegas,
    Hawa bar yaly ozuma:)
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 13 4 апреля 2022 08:06
    Näme diýenem bolsaňyz men özüme, öz ýazanlaryma ynanyan.
    mugallym
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler