•Dünýäniň iň uzyn derýasy nirä akýar?

•Kellesi, guýrugy, aýaklary ata meňzeýän zat näme?

•Amerikanyň goşunynda iň uly şapka geýýän kim?

•Gyzanda uzalýan, sowanda gysgalýan zat näme?

•Hemme zat bar bolan ýer nire?

•Dünýäde ilkinji pagta nirä ekildi?

•Ramazanda iýilse-de orazany bozmaýan zat näme?

•Çäýnek käsä näme diýipdir?

•Karol ölse ogly näme bolar?

•İňlisler çaýyny sagdan çepe, fransuzlar bolsa çepden saga garyşdyrýarlar, näme üçin?

•Elipbiýiň birinji üç harpy näme?

•Pižama geýen eşege näme diýilýär?

•Ogurlamak işliginiň geljek zamany näme?

•Haýsy gaba suw guýulmaýar?

•Pul berip alyp, başga birine mugt berýäris. Bu näme?

•Ň harpy näme üçin ada meňzeýär?

•Haýsy ýyldyz hem gije hem gündiz görünýär?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, DonMaxx tarapyndan 6-04-2022, 03:04

  • Bayker Bayker off № 1 6 апреля 2022 05:37
    Dogurdanam birhili käbiri has geň soraglar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 2 6 апреля 2022 06:49
    1. Deňize
    2. At
    3. Iň uly kelleli esger
    4.
    5. Globus
    6. Ýere
    7.
    8.
    9. Ýetim
    10. Içmek üçin
    11. e, l, i
    12.
    13. Türme
    14. Başgap
    15.
    16.
    17. Pogondaky)
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 3 6 апреля 2022 07:50
    Dünýäniň iň uzyn derýasy nirä akýar?

    Derýa deňize akar.

    •Kellesi, guýrugy, aýaklary ata meňzeýän zat näme?

    Atyň özi.

    •Amerikanyň goşunynda iň uly şapka geýýän kim?

    Kellesi uly adam.

    •Gyzanda uzalýan, sowanda gysgalýan zat näme?

    Jisim.

    •Hemme zat bar bolan ýer nire?

    Karta ýa-da globus.

    •Dünýäde ilkinji pagta nirä ekildi?

    Topraga.

    •Ramazanda iýilse-de orazany bozmaýan zat näme?

    .....

    •Çäýnek käsä näme diýipdir? Sen bolmasaň içimi kime dökerdim?

    " Sen bolmasaň içimi kime dökerdim?" diýipdir.

    •Karol ölse ogly näme bolar?

    Karol bolar.

    •İňlisler çaýyny sagdan çepe, fransuzlar bolsa çepden saga garyşdyrýarlar, näme üçin?

    Içmek üçin.

    •Elipbiýiň birinji üç harpy näme?

    E l i.

    •Pižama geýen eşege näme diýilýär?

    Pižamaly eşek.

    •Ogurlamak işliginiň geljek zamany näme?

    Türme.

    •Haýsy gaba suw guýulmaýar?

    Doly gaba.

    •Pul berip alyp, başga birine mugt berýäris. Bu näme?

    Amanat.

    •Ň harpy näme üçin ada meňzeýär?

    Depesindäki bellijigi üçin.

    •Haýsy ýyldyz hem gije hem gündiz görünýär?

    .....
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 5 6 апреля 2022 18:35
    kopisi dogry kopisi yalnys
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 6 6 апреля 2022 19:48
    •Ramazanda iýilse-de orazany bozmaýan zat näme?

    Taýak iýseň Oraza bozulanok

    •Haýsy ýyldyz hem gije hem gündiz görünýär?

    Kino ýyldyzy .
    Ýalňyşlary we dogrularny aýdaý biler ýaly şu ýalňyş şu dogry diýip
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 7 6 апреля 2022 20:28
    Jogaplar

    •Dünýäniň iň uzyn derýasy nirä akýar: deňize

    •Kellesi, guýrugy, aýaklary ata meňzeýän zat näme? taý

    •Amerikanyň goşunynda iň uly şapka geýýän kim? kellesi iň uly bolan

    •Gyzanda uzalýan, sowanda gysgalýan zat näme? Gün

    •Hemme zat bar bolan ýer nire? Sözlük

    •Dünýäde ilkinji pagta nirä edildi? Topraga

    •Ramazanda iýilse-de orazany bozmaýan zat näme? Taýak

    •Çäýnek käsä näme diýipdir? Sen bolmasaň içimi kime dökerdim?

    •Karol ölse ogly näme bolar? Ýetim

    •İňlisler çaýyny sagdan çepe, fransuzlar bolsa çepden saga garyşdyrýarlar, näme üçin? Sowasyn diýip

    •Elipbiýiň birinji üç harpy näme? E L I

    •Pižama geýen eşege nämi diýilýär? Sag-aman ýatyp tur •

    Ogurlamak işliginiň geljek zamany näme? Türmä düşmek

    •Haýsy gaba suw guýulmaýar? Aýakgaba

    •Pul berip alyp, başga birine mugt berýäris. Bu näme? Bilet

    •Ň harpy näme üçin ada meňzeýär? “Deňiziň” ortasynda bolandygy üçin

    •Haýsy ýyldyz hem gije hem gündiz görünýär? Deňiz ýyldyzy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler