Salam jankeýtalar.Siz bilen gybat etmegi küýsedim.Azajyk warsaky ursak kem-ä bolmazdy.
Bu günki berjek soragym hakyky durmuşdan ylham alynyp berilýändir.
Käte oglanlar öýlenjek gyzlaryny şol durky bilen kabul etmän oña üýtgeşme girizjek bolýarlar.Bu soragam hut şonuñ bilen dahylly.
Gyzlar,eger-de size oglan toýdan soñ makiýajlanmaly däl,fason köýnek,dar köýnek geýmeli däl diýse razy bolarmydyñyz? Barjak oglanyñyz üçin öz halaýan stiliñizden geçersiñizmi?
Oglanlar,meselem siz bir gyzy makiýajly,fason köýnekli ýagdaýda görüp haladyñyz.Şol gyza toýdan soñ makiýajlanmaly däl,fason,dar geýmeli däl diýersiñizmi?Garaz,gyzy üýtgetjek bolarsyñyzmy ýa şol durşuna kabul edersiñizmi? Gyz şertleriñizi kabul etmese nädersiñiz?Şol gyzdan geçersiñizmi?
Hemmäñiz awtobusa münen bolsañyz,ugrabersegem bolýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Mümkin tarapyndan 10-04-2022, 07:55

  • Bayker Bayker off № 1 10 апреля 2022 08:09
    Awtobusa mündük welin bu soraglar men ýaly orta ýaşanlara degişli däl eken. Soraglary jogaplaýyn diýip elimi çermäp gelipdim.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 2 10 апреля 2022 08:23
    Erkek oglanyň, halysalla çenden çykaýmasa, gelniniň egin-eşigine, çalynýan zatlaryna goşulyp ýörmesini ownuklyk hasaplaýan. Şert etjekmi, maşgalaňa, goňşy-golamyňa, dogan-garyndaşyňa gatnaşygynda nähili bolmalydygyny şert et.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 3 10 апреля 2022 08:28
    Bayker,
    Özüñizi ýaş oglanyñ ýerine goýup jogaplaýyñ.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 4 10 апреля 2022 08:56
    Mümkin,
    Menä dar geýinýän modaçy, kraska çalynýan gyz ýada gyzlar bilen söýüşerdim. Soňam üç arkasyndan gyşyklyk çykmadyk hiç kim bilen söýüşmedik gyzada öýlenerdim( şu diýýänlerimi özüm etdim) dar köýnek geýmek hakda kraska çalynmak hakda pikirem etmesin.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 5 10 апреля 2022 09:12
    Hudaýa şükür ýanýoldaşdan razy elmydama, oniki ýyl bolup barýa bir gezegem sesini gataldyp ýa gaşyny çytyp görenok, bolmasa menem ak jüýje däl.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 6 10 апреля 2022 09:33
    Bayker,
    Daş edewersin.Erbed-äý siz :))
    Diýmek siz gelniñiziñ ol zatlaryna garşy-da.
    Sizçe kraska çalynýan,fason geýýän gyzlaryñ arasynda hiç kim bilen söýüşmedikleri ýokmudyr? Fason geýse-de kraska çalsa-da hiç kim bilen söýüşmeýän gyzlar bar-a.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 7 10 апреля 2022 09:33
    Ýene birzat men gözdençykgynç kraska çalynýan gelin, dar köýnek geýýän, gyňaç kak paložny daňynmaýan, gaty gülýän ýerliksiz gürleýän, balak geýmeýän garaz sanabermeli yzy köp şularýaly gelinleri özümiňki hakda gürrüň ýok welin ilde görsemem halamok. Ýöne üç oglum ýekeje gyzym bar gyzymy gaty gowy görýän şoň üçinem uly gürlämok. Kakam obaň mollasy sakally sarmykly ýaşuly adam şondan ýaşynmaýan gelinler bar garyndaşlarda kakam ýumşak adam meni görseler gönelýäler, sebäbi men şu ýaşymy diňe abraý, hormat üçin ýaşadym gazandymam, köp gürledim))
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 8 10 апреля 2022 09:43
    Mümkin,
    Men kraska çalynýan gyzlaň içinde hiçkim bilen söýüşmedik ýokdur diýmedim, türkmen gyzlarmyzyň köpüsi abraýly eger söýşenem bolsa çäkden çykmadyk bolsa, ýaşlykdyr bolup biler. Söýgi ba söýgi ba gynansagam gyzlaň adyna ysnat getirýänler şu kiçijik obadanam çykýa ýek tük. Wirus ýaly şo ýaýraýa ýöne nädip, bu keseliň waksinasy entek tapylanok. Hemme ýeri örtüngi telewizorda görkezilýän gyzlar ýaly asylly gyzlar oglanlar bolsa gowy dälmaý.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 9 10 апреля 2022 09:47
    Häzirki döwürde geliniň häsiýetinä üýtgedip bolmaz. Egin-eşik, makiýažyňam öz döwri bar. Gyz birtüýsli çalynýar we geýinýär, ondan gyz diýip geň görýänem ýok. Gelin birtüýsli, çerezçur göze ilginç geýinse ýada makiýažlansa hiç kim gowy görmez şol sanda menem. Men gelinleriň birzadyna garşy, gyz wagty figura saklap, durmuşa çykybam ýatan çöpi galdyrman göle ýaly semreýän gyzlara garşy! :)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 10 10 апреля 2022 09:53
    "Şu kiçijik obadan"diýeniñizde belli bir obany göz öñünde tutduñyzmy ýa umuman aýtdyñyzmy?
    Hemme ýeri örtüngi bolsa gowudyr-la.Menem açyk geýinýänlerden söz açmandym.Siz goçmaça belläp geçdiñiz öýdýän.
    Birem ýañy bir sözüñizden şeýleräjik sowal döredi.Şahsyragam bolýa welin,onda soraýyn.Isleseñiz jogap berersiñiz:
    Gelniñiz şu wagta çenli haýsy gylyklaryñyzy ýa-da hereketleriñizi görmediksyrady,geçirdi?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 11 10 апреля 2022 09:55
    Hiayress,
    Ol ýatan çöpi galdyrmazlykdan däl-how dos owlon,köpelmekden :))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 12 10 апреля 2022 09:56
    Mümkin,
    Allah, Allah, köpelip öňki figurasyny saklap ýörenlere näme diýjek onda?!))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 13 10 апреля 2022 10:00
    Iýýäler, içýäler, birki çaga doguraýsada urşa gidip gelen ýaly ömründe etmedigini etýäler. Ýatan çöpüň başyny galdyrmazlar, figurasy barada, gowy görünmek barada alada etmezler... Nämemiş çaga dogurany sebäp bolýamyş olaryň göle ýaly semremesine.))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 14 10 апреля 2022 10:03
    Hiayress,
    Organizma bilen dahylly bu zatlar.Öñki figurasyny saklaýanlar munuñ üçin yhlas edip ýörendir öýdýäñmi?Öz-özünden öñki bolşuna dolanýar figuralary.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 15 10 апреля 2022 10:06
    Gyzlar durmuşa çykanlaryndan soñ adamsyny "çantada keklik" hasap edýärler köpûsi.Bezenýänem ýoldaşy üçin bezenenok,özi ýaly gyz-gelinlere basdaş bolup bezenýär.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 16 10 апреля 2022 10:06
    Mümkin,
    Bulam "söýgi" ýaly "organizimiň öňki durkuna gaýdyp gelmegi" atly oňat mif boldy.))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 17 10 апреля 2022 10:08
    Hiayress,
    Mif däl hakykat,sora-da gör şol horajyk,çagaly gelinlerden.Horlanmak üçin yhlas etdiñmi? diý-de.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 18 10 апреля 2022 10:10
    Mümkin,
    Olaryň edehäti ata-baba şeýlä. 500-600 adamlyk toýa barsalar we özleriniňkä meňzeş köýnek görseler "Nejis, myrtar meňkiden başga köýnek tapan dälsiň" diýip biri-birine gargynyp başlaýarlar. Oglanlar bolsa tersine "wkusymyz meňzeş eken" diýip begenýäler.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 19 10 апреля 2022 10:10
    Hiayress, ++++++???
    Jogap
  • felicita felicita off № 20 10 апреля 2022 10:12
    Gyz mashgala durmusha cykanson baran yeri bilen bolmalydyr.Elbetde yoldashy halamasa etmelem dal,yone zenan masgala ozune seretmani basharmaly passharyp porsap oturman)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 21 10 апреля 2022 10:14
    Mümkin,
    Soralan ýaly, daşary ýurt aktrisalary ýada aýdymçylary çaga dogurandan soň, iki ýyllap öňki durkuna gaýdyp gelmek üçin azap çekýäler, bedenterbiýe bilen meşgullanýalar, berhiz saklaýalar, ýaglaryny ýakýalar, biziňkiler ýaly ýatan ýerlerinde sygyr ýaly iýip, şkaf ýaly semremän. :)
    Jogap
  • felicita felicita off № 22 10 апреля 2022 10:18
    Gork koynek bn makiyazda da daldirlay yone sana oylenen oglan seni ichki gozelligin un soysun esasy kalp gozelligin uchin
    Jogap
  • Alita Alita off № 23 10 апреля 2022 10:19
    Bizä dar geýinemzok, giňden giň geýinmek moda dälmaý?
    Jogap
  • Alita Alita off № 24 10 апреля 2022 10:21
    Pegas,
    Onsaňam, pegas, şu gezegä seň aýdanyňa goşulýan.
    Jogap
  • Alita Alita off № 25 10 апреля 2022 10:24
    Salam motosiklist aga, gowumy ýagdaýlaryň?!
    Jogap
  • Alita Alita off № 26 10 апреля 2022 10:24
    Meni tanansyňyzla?
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 27 10 апреля 2022 10:33
    Цитата: Alita
    Meni tanansyňyzla?

    Salam, tanadym öýdýän)))
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 28 10 апреля 2022 10:43
    Цитата: Mümkin
    "Şu kiçijik obadan"diýeniñizde belli bir obany göz öñünde tutduñyzmy ýa umuman aýtdyñyzmy?
    Hemme ýeri örtüngi bolsa gowudyr-la.Menem açyk geýinýänlerden söz açmandym.Siz goçmaça belläp geçdiñiz öýdýän.
    Birem ýañy bir sözüñizden şeýleräjik sowal döredi.Şahsyragam bolýa welin,onda soraýyn.Isleseñiz jogap berersiñiz:
    Gelniñiz şu wagta çenli haýsy gylyklaryñyzy ýa-da hereketleriñizi görmediksyrady,geçirdi?

    Öz obamy göz öňüne tutdum. Gelnim üçin meň ýalňyş herekedimem şunyň ýalňyş diýmedi, maslahat sorasamam özüň bilýänsiň diýdi. Garaz şunça wagtlap bir gezek uruşman ýaşap ýörüs ýa men gowy ýada aýalym))
    Jogap
  • Enesh Enesh off № 29 10 апреля 2022 10:49
    Bayker,
    İkinizem gowysynyz bolmasa....
    Jogap
  • FanB FanB off № 30 10 апреля 2022 10:53
    Yuzunden akayjak bolup duran makyazlylarny goryañ welin bar howesin gacya
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler