Salam,hormatly agzalar!Şu saýtda köplenç terbiýe meselesi hakynda kän agzalýar.Menem talyp wagtym B.Basarowyñ pedagogika kitaplaryny okan,pedagogika dersini geçen,öwünmek ýaly bolsa-da pedagogikadan döwlet derejesinde birinji bolan talyplaryñ biri hökmünde çaga terbiýesi barada durup geçmekçi.Çünki pedagogikadan başy çykmaýan ene-atalarymyzam bar.Belki,şolara goldaw bolar.
Alymlaryñ aýtmagyna görä şahsyýetiñ ösmegine 3 sany faktor täsir edýär:
1.Nesle geçijilik
2.Daşky gurşaw
3.Terbiýe.
Ýagny,çagadaky haýsy hem bolsa bir aýratynlyk oña ene-atadan geçip biler,daşky gurşawdan alyp biler ýa-da terbiýäniñ netijesinde emele gelip biler.Çaganyñ ösmeginde terbiýäniñ roly has ulymyka ýa nesle geçijiligiñ diýen sowal barada alymlar kän jedelleşipdirler.Barybir her kim öz pikrinde galypdyr.
Indi esasy üns bermeli ýerimiz şu:Terbiýäniñ görnüşleri kän.Çaga terbiýe berenimizde şu ugurlar boýunça terbiýe bermeli.

Akyl terbiýesi - munda çaganyñ akyl ösüşine täsir etmeli.Ýagny çaga kiçijikliginden aklyny pikirlenişini ösdürer ýaly işleri amala aşyrmaly.Köpräk sorag-jogap alşyp durmaly.Çaganyñ berýän soraglaryna jogap bermeli.Mekdebe gitmäkä ruçka depder,suratly kitap alyp bermegem muña degişlidir

Ahlak terbiýesi - çagada dogruçyllyk,ak göwünlilik,özgelere kömek bermek...ýaly oñat gylyk häsiýetleriniñ döremegine ýardam etmek.Munuñ üçin çaga bilen köpräk gürrüñ geçirmeli."Balam ýalan sözlemeli däldir.Kişiñ zadyna göz gyzdyrmaly däldir"ýaly.Munda ene-atañ göreldesem möhüm.Sebäbi özi ýalan sözläp ýören ene-atanyñ "Dogruçyl bol"maslahatyny çaga almaz.Çünki,onuñ diýenini däl-de edenini eder.

Zähmet terbiýesi - munda çagada zähmetkeşlik,ýaltalygy ýigrenmek ýaly gylyklar terbiýelenýär.Çaga ilki bilen oýnawaçlaryny ýygnamak,ýatan ýerini düzetmek,otagyny ýygnaşdyrmak ýaly işleri etdirmek bilen zähmet terbiýesi berilýär.3-4 ýaşa ýeteninden soñ oýnawaç piljagaz,bedrejik alyp berip bu terbiýäni bermek bolar.

Beden terbiýesi - çagada
bedenterbiýä,fiziki maşklara söýgi döretmek.Çaganyñ bedenini kiçijikliginden başlap maşklara endik etdirmeli.

Watançylyk terbiýesi - Türkmenistan Watanymyza söýgi döretmek.Bu terbiýäni bermek üçin ilki bilen çagada ýaşaýan öýüne,soñ obasyna (şäherine) söýgi döretmeli.

Gözellik terbiýesi - sungat eserlerine,tebigatyñ gözelligine aýdym sazlara söýgi döretmek.Çaga kiçijikliginden owadan suratlary synlatmaly.Gulaga ýakymly aýdym-sazlary diñletmeli.Tebigata çykarmaly.Olaryñ neneñsi owadandygyny,gulaga ýakymlydygyny belläp geçmeli.

Bular heniz mekdebe gitmedik çagalara berilýän terbiýäniñ görnüşleri.Çaga mekdebe gideninden soñra munuñ üstüne hukuk terbiýesi,syýasy terbiýe,ekologiki terbiýe,ykdysady terbiýe ýaly görnüşleri goşulýar.Bulam başga bir gürrüñdeşligiñ temasy.Gyzyklansañyz,ýene mowzuk açaýaryn.
Elbetde,bulary biz - bilim işgärleri bilýäris.Emma çaganyñ durmuşynyñ diñe mekdepden ýa-da çagalar bagyndan ybarat däldigini bilmelidiris.Diýmek,bu işde ene-atalar pedagoglar bilen bile hereket etmeli!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Mümkin tarapyndan 16-04-2022, 15:36

  • AYNURA AYNURA off № 1 16 апреля 2022 15:41
    Mowzuk achsanyz uly gyzyklanma bn okaryn
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 2 16 апреля 2022 15:47
    AYNURA,
    Şu gün şu temañ dowamyny goýjakdym welin bir günde üçden artyk mowzuk açmak bolanok eken.Nesip bolsa ertir goýaryn.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 3 16 апреля 2022 15:49
    AYNURA,
    Aşaky mowzugymda ýene bir maslahat beripdim size.Baryp göräýiñ.
    Jogap
  • Bumblebee Bumblebee off № 4 16 апреля 2022 16:52
    Haysy okuw jayyny tamamladyñyz?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 16 апреля 2022 17:24
    Şu temany bir azajyk ösdürip özara pikir alyşmak üçin käbir ýerlerini tankytlajak, käbirleriniň dilinde bolsa köteklejek. :)
    Nesile geçijilik mifi barada.
    Haýsy hem bolsa bir hünäre başarnykly, ukyply adamlaryň çagalarynyň hem birmeňzeş hünäre başarnykly, ukyply bolmasyny gen arkaly düşündirilýän stereotip il arasynda aktuallygyny ýitirmeýär. Bagşynyň oglunyň ökde bagşy çykmasy ýa-da suratkeşiň gyzynyň ökde suratkeş bolup ýetişmesi damar yzarlama diýip görkezilýär. Oňa siňdirilen zähmet we ene-atalarynyň şol hünäriň ähli inçeliklerini gowy ele alyp, çagalaryna aňsat we dogry ýoluny öwretýändiklerini bolsa göz öňüne tutulmaýar. "Seň tohumyňda artis ýa-da ýazyjy çykan ýeri barmy?!" diýip şol ugurlara höwesek ýetginjekleriň ýüzüne urulýan halatlaryna hem köp duşmak bolýar. Bular ýaly ýagdaýlar ukybyň, talandyň nesile geçijilik mifine ynanýan adamlar köpçüliginiň içinden çykýar. Adamlar organiki ýa-da fiziki gurluşy boýunça birmeňzeş. Geçmişiň ertekilerindäki ýaly maňlaýy aýly ýa-da arkasynda bäş barmagyň yzy bolan, dogabitdi köp zatlara (hünärlere) başarnykly, üstünlikli dogulýan çagalar ýok. Diňe adamyň bedenini hereketlendiriji we adamy adamlardan şahs hökmünde tapawutlandyryjy beýni hem şol beýnä ýazylan habar bar. Islendik beýnisine zeper ýetmedik çagadan, islendik hünäre başarnykly adamy kemala getirip bolýar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 6 16 апреля 2022 17:28
    "Alymlaryñ aýtmagyna görä şahsyýetiñ ösmegine 3 sany faktor täsir edýär:
    1.Nesle geçijilik
    2.Daşky gurşaw
    3.Terbiýe."

    Şahsyň ösmegine täsir etýän 3 sany faktory saýlamaly bolsa "Durmuşy tejribe, daşky gurşaw, terbiýäni" saýlardym.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 7 16 апреля 2022 17:41
    "Ahlak terbiýesi - çagada dogruçyllyk,ak göwünlilik,özgelere kömek bermek...ýaly oñat gylyk häsiýetleriniñ döremegine ýardam etmek.Munuñ üçin çaga bilen köpräk gürrüñ geçirmeli."Balam ýalan sözlemeli däldir.Kişiñ zadyna göz gyzdyrmaly däldir"ýaly.Munda ene-atañ göreldesem möhüm.Sebäbi özi ýalan sözläp ýören ene-atanyñ "Dogruçyl bol"maslahatyny çaga almaz.Çünki,onuñ diýenini däl-de edenini eder."

    Ahlak terbiýesindäki pikirde - çaga terbiýesi we daşky gurşaw arasyndaky çaprazlyk hem emele gelmegi mümkin. "Balam ýalan sözlemeli däldir" diýeniň çaganyň ýalan sözlemejegine güwä geçip bolmaz. Sebäp, sen ýalan sözlemezligi ündeýäň, ýalanyň gowy däldigini aýtýaň, ýöne dogry sözi dogry kabul edip bilmeýänler kän. Dogry sözüň üçin berk gaýtawul berýänler kän. Ýa-da "kişiň zadyna göz gyzdyrmaly däldir", kişiň zadyna göz gyzdyrmasaňam kişi zadyny gözüňe basyp dursa nätmeli?! Mysal üçin: çaga, başga bir bile oýnaýan dostunda täze oýunjak gördi. Ýöne bir görmedem gözüniň öňünde oýnaýar, gijäňleýär, çaga bolsa ene-atasynyň ýanyna gelip şolar oýunjak alyp bermekligi haýyş etýär. Ene-atada şeýle oýunjagy alyp bermäne mümkinçiligi ýok ýa-da dürli bahana tapyp alyp bermek islemeýär. Şular ýaly ýagdaýda çaga näme etmeli?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 8 16 апреля 2022 17:44
    "Zähmet terbiýesi - munda çagada zähmetkeşlik,ýaltalygy ýigrenmek ýaly gylyklar terbiýelenýär.Çaga ilki bilen oýnawaçlaryny ýygnamak,ýatan ýerini düzetmek,otagyny ýygnaşdyrmak ýaly işleri etdirmek bilen zähmet terbiýesi berilýär.3-4 ýaşa ýeteninden soñ oýnawaç piljagaz,bedrejik alyp berip bu terbiýäni bermek bolar."

    Zähmet terbiýesinde ilki bilen zähmetiň näme üçin gerekdigi we çaganyň şol zähmeti çekmegi arkaly näme gazanyp biljekligi düşündirilmeli. Zähmete bolan höwesi döretmeli.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 9 16 апреля 2022 17:45
    "Watançylyk terbiýesi - Türkmenistan Watanymyza söýgi döretmek.Bu terbiýäni bermek üçin ilki bilen çagada ýaşaýan öýüne,soñ obasyna (şäherine) söýgi döretmeli."

    Söýgi döretmeli diýilýär ýöne nädip döretmelidigi aýdylmaýar.
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 10 16 апреля 2022 18:22
    ejem yaly pedagog psiholog bolaysammykam;))))))))))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 11 16 апреля 2022 19:26
    Bumblebee,
    A.Kekiliñ m.ç.terbiýe (iñlis dilini okatmak hukugy bilen) bölümi.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 12 16 апреля 2022 19:34
    Hiayress,
    Nesle geçijilik baradaky pikirde men B.Basarowyñ tarapynda :))
    Ýagny onuñ aýtmagyna görä çaga doglanda göniden göni ene-atasyndaky ukyp geçmeýär-de şol ukyby ýerine ýetirmäge bolan üşük geçýär.Eger-de çaga şol üşügi tejribäniñ üsti bilen ösdüren ýagdaýynda ene-atasynyñ ukybyna eýe bolup bilýär.
    Durmuşy tejribäni adam nämäniñ üsti bilen alýar?1. Daş-töweregindäki adamlardan,tejribelerinden peýdalanýar.Diýmek,bu daşky gurşaw.
    2.Kitaplaryñ telewizoryñ we ş.mleriñ üsti bilen öz-özüni terbiýeleýär.Bu terbiýäniñ öz-özüñi terbiýelemek bölümi bolup durýar.Ýeri gelende aýtsam, terbiýe öz içinde bölümlere bölünýär.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 13 16 апреля 2022 19:39
    Dogry sözlemek meselesinde aýtsam, (bu meniñ şahsy pikrim.) dogry sözlemegiñ netijeleriniñ hemişe gowy bolup durmajakdygyny,muña garamazdan dogruçyllykdan dänmeli däldigini düşündirmeli.
    Kişiniñ zadyna göz gyzdyrmak meselesine gelsek,tersine,çaga kiçilikden her halan zadynyñ özünde bolmaly däldigini goý öwrensin.Häzir kiçiliginden özgede bar owunjak zada göz gyzdyran çaga ulalanda has uly zatlary ilde barlygy üçin isläp başlar.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 14 16 апреля 2022 19:42
    Zähmet terbiýesi we Watançylyk terbiýesi barada aýtsam bu mowzuk @Mümkin ýaltalygy netijesinde gysgaldylyp-gysgaldylyp ýazylan mowzuk.Men esasan,terbiýäniñ her görnüşi hakda pikirleri bolsun isledim.Ýogsam,bularyñ hersine 20-30 sahypa bagyş edilýär kitapda.Agzasak gaty kän zat agzamaly.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 15 16 апреля 2022 19:45
    biohimik.,
    Salam,jigim.Sen şonsuzam bir şol ugra höwesekmikäñ diýýän.Ejeñ niräni gutaran we nirede işleýär?
    Galyberse-de seniñ halaýjagyñ iki sany elektron "kişisel gelişim" kitaby bar elimde.Biri "Üstünligiñ syrlary" beýlekisi "Ördek we bürgüt".
    Ugratmaly bolsa aýt.(şu günler mgbtym kän:))
    Jogap
  • Michael Michael off № 16 16 апреля 2022 20:03
    Mümkin,
    Kitapcy com -daky Nurdan agza sizmi?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 17 16 апреля 2022 20:49
    Michael,
    Ýok,men @Hyýalkeş.
    Jogap
  • Michael Michael off № 18 16 апреля 2022 20:50
    Mümkin,
    Bolýar. Nurdan agzadan kitap sorapdym, ugradypdy. Meňzetdimde soradym, aýyplaşmaň :)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 19 16 апреля 2022 20:55
    Michael,
    Hiç-le.Siz şol "Ördek we Bürgüt" kitabyna diýýän bolmaly.Şony agzanym üçin Nurdandyr öýdensiñiz.Ol kitaby menem Nurdandan aldym.
    Jogap
  • Michael Michael off № 20 16 апреля 2022 21:03
    Mümkin,
    Hawa :) intuisiýaňyza göwnüm ýetdi.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 21 16 апреля 2022 22:10
    Michael,
    "Intuisiýanyñ" nämedigini bilemok diýsem...
    Jogap
  • arsi arsi off № 22 16 апреля 2022 22:14
    http://biz.islenen.ru/user/M%C3%BCmkin/ tanadym sizi indi
    Jogap
  • arsi arsi off № 23 16 апреля 2022 22:14
    Mumkin
    tanadym oytyan sizi indi
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 24 16 апреля 2022 22:17
    Bäh...Ullakan açyş edipsiñiz.Haýsy mowzugymdan bildiñiz?
    Jogap
  • arsi arsi off № 25 16 апреля 2022 22:21
    yo uly acysha dal bu, yone tapdym bir yerlerden
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 26 16 апреля 2022 22:23
    arsi,
    Ýokarda nämäñ ssylkasyny goýduñyz?
    Jogap
  • arsi arsi off № 27 16 апреля 2022 22:27
    yo yone tak el degdi

    sizin adynyz Mahym oytyan
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 28 16 апреля 2022 22:30
    Ýeke-ýeke mowzuklarymy dörüpsiñ.
    Getir gündeligiñi,bäşlik!
    Jogap
  • arsi arsi off № 29 16 апреля 2022 22:34
    Gundelik galypdyra mugallym

    su sozde nm many bar bilyanmi
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 30 16 апреля 2022 22:38
    arsi,
    Aý ýok,aýtsañ,diñlärin jigim!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler