Salam agzalar!Terbiýe baradaky mowzugy halandygyñyzy göz öñünde tutup,şol meseläniñ yzyny dowam etmekçi.
Geçen mowzukda mekdep ýaşyna ýetmedik çaga berilmeli terbiýäniñ görnüşlerini sanapdym.Çaga mekdebe gideninden soñ terbiýäniñ şol görnüşlerinden daşary hem birnäçe görnüşleri goşulýar diýipdim.
Bu mowzukda şolar barada durup geçmekçi.Ilki bilen aýdaýyn.Çaga mekdep ýaşyna ýeteninde terbiýäniñ öñki agzalan görnüşlerini taşlamaly däl-de indiki agzajak görnüşlerim bilen üstüni dolduryp,utgaşdyryp alyp barmaly.Eýsem olar terbiýäniñ haýsy görnüşlerikä? Geliñ sanalyñ.
Hukuk terbiýesi - biz mekdebe çenli çaga ahlak terbiýesi berenimizde onda deñ-duşlara hormat goýmazlygyñ,kişiñ zadyna göz gyzdyrmagyñ ahlak taýdan nädogrudygy hakynda aýdýarys.Hukuk terbiýesini berenimizde bolsa çaganyñ daş-töweregindäki adamlary kemsitmäge,kişiniñ emlägini ogurlamaga,ondan birugsat alyp ulanmaga,özgeleri urmaga,sögmäge hukugynyñ ýokdugyny, eger şeýden ýagdaýynda kanuny taýdan jogapkärçilige çekiljekdigini düşünmelidiris.
Ykdysady terbiýe - çaga pul serişdelerini tygşytlamagy,özüne degişli emlägini tygşytly ulanmagyny we bisarpa tutmazlygy öwretmek.Ýagny çaga her göwnüniñ islän zadyny alyp bermek, bir eşigi könelmäkä başgasyny alyp bermek bilen ony ykdysady terbiýeden mahrum edýändigimizi bilmelidiris.Ýa-da eline pul ilse dükana tarap eñip gerekli bolsa bolmasa haryt satyn alýan çagalara bu hereketiniñ nädogrudygyny düşündirmeli.Olara sorag bermeli:"Bu alan zadyñ saña hakykatdanam gerekdimi?".
Syýasy terbiýe - Watançylyk terbiýesi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup,muña Türkmenistan Watanymyzyñ syýasy gurluşy,ýöredýän syýasaty,goñşy döwletler bile gatnaşygy barada düşünjr bermek degişlidir.
Ekologiki terbiýe - tebigata aýawly garamagy öwretmeli.Munuñ ilkinji alamatlary çaga kiçijikkä tebigata hiç hili galyndy taşlamazlygy bolup biler.
Öñem aýdyşym ýaly esasy zat mowzugy pedagoglaryñ okamagy däl ene-atañ okamagy.Şonuñ üçinem çaga terbiýesiniñ neneñsi jogapkärli işdigini unudaýmañ!
Terbiýe (dowamy)
Bilim,
Mümkin
tarapyndan
17-04-2022, 08:34