Begenmek.

Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr.
Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek äberiň. Diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys. ”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden ýokardakylary görýär. Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele şonda. Geliň,çagalardan begenmegi öwreneliň. Şükür etmegi öwreneliň. Şonda durmuşymyz reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.

Bagyşlamak

Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler. Biz näme? Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar. Ýüregmizde şol öňki kineleri göterip ýörüs. Soňam şol kineler ýürege agram salyp ýüregagyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar, biz başaramzok, kiçilik bilýäs bagyşla diýmegi. Biz näme eýsem Alladanam beýikmi? Ýok,elbetde ýok. Onda näme? Onda näme üçin bagyşlamaly däl? Geliň, bagyşlamagy öwreneliň. Şonda özümiziňem bagyşlanmak mümkinçiligimiz artar. Şonda biziň jemgyýetimiz öňküsinden has öser, has beýgeler.

Hyzmat etmek.

Çagalara bir jäjek,oýunjak sowgat berip görüň, çaga üçin senden gowy adam ýok. ”Bar köşegim ony al, muny äkit” diýseň ylgaşlap,näme diýseň edip ýörendir. Eýsem bize şunça zatlary peşgeş eden Allaha näme üçin hyzmat etmeli däl? Jogap berip biljek ýok bolsa gerek. Bärde jogap berere zadam ýok. Biziň ýalňyşlygymyz. Ine bar bolany.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 17-04-2022, 23:12

  • Hiayress Hiayress off № 1 17 апреля 2022 23:25
    Eger çagalar birek-biregiň göwnüne degip, çalt hem bagyşlaýan bolsa onda çagalar adam psihologiýasyna ulylardan gowy düşünýän bolmaly. Näme üçin göwne degilýär ýada näme üçin gaty görüşilýär?! Haýsy hem bolsa bir adamdan eden tamaň amala aşmasa gaty görýäň, men onda beýle zada garaşamokdym diýýäň. Eýse bu ýerde ol adamyň günäsi barmy?! Garaşýan sen, tama etýän sen, ol adamyň mertebesi beýgeltýän sen, onuň bolsa o zatlardan habary ýok, oň bar aladasy öz tamalarynda...
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 2 17 апреля 2022 23:27
    Hiç kimi hiç kimiň bagyşlamagy gerek däl, diňe birek-birekden gaty görmesek ýeter.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 3 17 апреля 2022 23:29
    Hiayress, bagyşlanmak gerek bolmasa-da, bagyşlamak gerek. Sebäbi bagyşlanmagymdan däl, bagyşlap bilmeýänlerimden birahat adamlarym kän.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 17 апреля 2022 23:35
    “Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm gülüşip, oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler.”

    Göwnüm henizem çagaňky ýaly…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 17 апреля 2022 23:37
    Men kimiň göwnüne degen bolsam, özümi özüm bagyşlaýan. Sizem özüňizi bagyşlap bilersiňiz. :)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 6 17 апреля 2022 23:39
    Kerim Hallymydy şol:
    "Men - adam, ýalňyşym, dogrym bilen söýmeli"
    - diýýän... Ömrümde ilki gezek goldap gördüm şu passany)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 7 17 апреля 2022 23:41
    Pegas,
    Kerim Hallydan sitata getirip ugran bolsaň bolaýypdyr. ?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 8 17 апреля 2022 23:42
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    Kerim Hallydan sitata getirip ugran bolsaň bolaýypdyr. ?

    Gark bolup barýan adam kiçijek sypala hem ýapyşarmyş?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 17 апреля 2022 23:43
    Näme üçin şol oglan halananok?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 17 апреля 2022 23:44
    Instagrama girseň-ä şahyrym, goçym we ş.m sözler bilen adybelliler tarapyndan goldanýar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 11 17 апреля 2022 23:44
    Цитата: Nirvana
    Näme üçin şol oglan halananok?

    Güýçli şahyrdygy üçin. Göriplik edýäler)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 12 17 апреля 2022 23:45
    Menem şeýle pikir edipdim.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 13 17 апреля 2022 23:45
    Цитата: Nirvana
    Instagrama girseň-ä şahyrym, goçym we ş.m sözler bilen adybelliler tarapyndan goldanýar.

    "Ady belliler" diýýänleriň edebiýaty çigitleýänlermi?)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 17 апреля 2022 23:47
    Türkmenistanyň at gazananlary.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 17 апреля 2022 23:47
    Pegas,
    Dogrudanam şoň düşünjesi nähilikä?!
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 16 17 апреля 2022 23:48
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    Dogrudanam şoň düşünjesi nähilikä?!

    Kerimiňmi? Näme babatda?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 17 апреля 2022 23:48
    Nähili bolsa-da ukyp bar şol oglanda.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 18 17 апреля 2022 23:50
    Pegas,
    Umuman dünýä garaýşy, okaýan kitaplary, gyzyklanýan zatlary, etsem-petsemleri... Kerim şahyryň goşgularyny plegiat etmekden başgada, başga haýsy şahyrlaryňkyny plegiat etýärkä?!
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 19 17 апреля 2022 23:50
    Цитата: Nirvana
    Nähili bolsa-da ukyp bar şol oglanda.

    Ukyp kän. Zehinem bar. Ýöne kämilleşmeli diýen zat ýok, "Kämil men eýýäm" diýen ynanç bar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 20 17 апреля 2022 23:52
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    Umuman dünýä garaýşy, okaýan kitaplary, gyzyklanýan zatlary, etsem-petsemleri... Kerim şahyryň goşgularyny plegiat etmekden başgada, başga haýsy şahyrlaryňkyny plegiat etýärkä?!

    Ýewgeniý Ýewtuşenko))
    Jogap
  • FanB FanB off № 21 17 апреля 2022 23:52
    Nirvana,
    Gorkmak gerek dal gosgysyny rus shahyryndan ogurlan soñ Kerim agañ Dowur sheyle gosgusyny remix edenden son kan bir halamadym
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 17 апреля 2022 23:52
    Şol oglan replere sanawaç hökmünde garaýar eken. Ylalaşýaňyzmy? :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 23 17 апреля 2022 23:53
    Pegas,
    Goýsanaý... Onda ýagşy.))
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 24 17 апреля 2022 23:54
    Цитата: Nirvana
    Şol oglan replere sanawaç hökmünde garaýar eken. Ylalaşýaňyzmy? :)

    Goh turuzaýjak meselä baş sokmak - dile düşmegiň bir usuly.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 25 17 апреля 2022 23:55
    Menä bir şahyryň şahsy kimligi gyzyklandyranok. Esasy döredijiligi gyzyklandyrýar.
    Kerim Hallyýew yzarlaýan şahyrlarymdan däl. Gabat gelse okaýan goşgylaryny.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 26 17 апреля 2022 23:55
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    Goýsanaý... Onda ýagşy.))

    Ý.Ýewtuşenkonyň "Не надо бояться пустого тумана" goşgusy...))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 17 апреля 2022 23:56
    Цитата: Pegas
    Цитата: Nirvana
    Şol oglan replere sanawaç hökmünde garaýar eken. Ylalaşýaňyzmy? :)

    Goh turuzaýjak meselä baş sokmak - dile düşmegiň bir usuly.


    Turuzypdyram. Repiň muşdaklary owadan sözleri bilen teswirleri bezäpdirler şahsyna garşy.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 28 17 апреля 2022 23:57
    Цитата: Nirvana
    Цитата: Pegas
    Цитата: Nirvana
    Şol oglan replere sanawaç hökmünde garaýar eken. Ylalaşýaňyzmy? :)

    Goh turuzaýjak meselä baş sokmak - dile düşmegiň bir usuly.


    Turuzypdyram. Repiň muşdaklary owadan sözleri bilen teswirleri bezäpdirler şahsyna garşy.

    Diýmek, maksadyna ýetipdir. Şowmen.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 29 17 апреля 2022 23:57
    Pegas,
    Bilimi, dünýä garaýşy nähili?! Adamçylygyna kän öwmediler öýtýän.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 30 17 апреля 2022 23:59
    Цитата: Hiayress
    Pegas,
    Bilimi, dünýä garaýşy nähili?! Adamçylygyna kän öwmediler öýtýän.

    Bilimi ýok. Dünýägaraýşam dar. Bir goşgusyny akkauntda tankyt edenim üçin: "Agam, Lebapda okap ýöreniňi unutma, ýürege düşüberseň, üstüňe bir maşyn tat ugradaryn" diýip bilen oglanjyk-da!)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler