;-))
Men seni soradym dagdyr çöllerden,
Men seni soradym gyzyl güllerden,
Men seni soradym ýagyş-sillerden,
Obaňdan soramak ýada düşmändir.
Adyňy soradym guşdur gumrudan,
Bürgütden, laçyndan, baýguş, gyrgydan,
Kepderi hem serçe, gara gargadan,
Adamdan soramak ýada düşmändir.
Görjek bolup, arzym aýtdym şemala,
Kän ýalbardym deňiz, derýa, kenara,
Alma, erik, üzüm, garpyz, enara,
Joraňdan soramak ýada düşmändir.
Ýüregime derdiň dag bolup çöken,
Derdime düşündi gamyşdyr ýeken,
Ejemi ugratsam boljagam eken,
Ejeňden soramak ýada düşmändir.
Myrat ADALAKOW
Men seni soradym gyzyl güllerden,
Men seni soradym ýagyş-sillerden,
Obaňdan soramak ýada düşmändir.
Adyňy soradym guşdur gumrudan,
Bürgütden, laçyndan, baýguş, gyrgydan,
Kepderi hem serçe, gara gargadan,
Adamdan soramak ýada düşmändir.
Görjek bolup, arzym aýtdym şemala,
Kän ýalbardym deňiz, derýa, kenara,
Alma, erik, üzüm, garpyz, enara,
Joraňdan soramak ýada düşmändir.
Ýüregime derdiň dag bolup çöken,
Derdime düşündi gamyşdyr ýeken,
Ejemi ugratsam boljagam eken,
Ejeňden soramak ýada düşmändir.
Myrat ADALAKOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
3 комментария