Köp wagtdan bäri hiç kimiň meni bagtly edip bilmejekdigine, seň bilen tanyşan günüme çenli doň daşa öwrülen kalbymy hiç zadyň eýeläp bilmejekdigine ynanýardym. Seni tanamazymdan ozal sen baradaky aýdylýan söýgi sözleri meň üçin manysyzdy. Indi bolsa saňa duýgularymy beýan etmäge söz tapamok. Hany, gün ýaşanyndan soň garaňkylyk gelýär-ä asmana, ana şondan biraz wagt soň şäherleriň çyralary ýakylýar we bütin şäher aýdyňlanýar. Senem meň garaňky dünýämi şol şäheriň çyralarynyň şöhlesi ýaly ýagtylandyrdyň. Şunça wagtlap durmuşymda bir däl birnäçe zatlaryň kemçilik edýändigini bilýärdim. Şol kemçilikleriň biri hem sen ekeniň. Sendigiňi bilen bolsam men seň bilen has öň tanyşardym. Çünki, tanyşmaga mümkinçiligim şeýle bir köp bolupdy. Zyýany ýok “Hiçden giç ýagşy”.
Ikimiziň duşuşygymyza ep-esli wagt bolmasa-da meni özüňe gowy boýun egdirdiň. Indi men seň bilen duşyşyk günümiziň sagadyna süýji ukymdan galyp sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Gözüm, elim telefondan we goşar sagadymdan aýrylanok. Garaşmak diýilýän zadyň kyndygyny…
-Ýok ýok men saňa garaşmak kyn, garaşyp bilmerin diýjek bolmadym. Men saňa bu günden soň elmydama garaşaryn. Agşamky 93 minutlyk duşyşygymyz diýseň ýakymly geçdi. Şeýle-de düýn meň synagym şowluja geçipdi. Bu şowlulygyň begenji bilen bellenen sagatda saňa garaşdym. Geldiňmi, geldiň. Onda-da has batyrgaý, ähli gowy energiýaň bilen geldiň. Begenjime begenç goşdyň. Seni görsem ýüregim erkimi elimden alýar. Şeýle bir tolgunýan, şeýle bir tolgunýan welin, mendäki bu duýgyny diňe başdan geçirýänler bilip biler.
Hiç haçan ýatdan çykaryp bilmeýän gaty owadan bir söz bar, "Ýüregim döwülen sagat, hemişe dili sende durýar". Bu söz maňa seni ýatladýan parol ýalydyr. Sebäbi her gezek seni görenimde, wagtyň durmagyny isleýärin. Şarlawuklaryň ýokardan aşak akmazlygyny arzuw edýärin. Sebäbi, men seň çykarýan deriňe ezilen ýaly. Şol bir wagtyň özünde-de men seni gaty söýýärin. Söýginiň diňe bir gezekdigini aýdýarlar. Ynanamok, ezizim, ynanamok. Sebäbi her gezek seni görenimde täzeden aşyk bolýaryn. Goý, bu söýginiň ody ömrümiň soňuna çenli öçmesin. Ýene bir gezek maňa özüňi we gyzyl reňki söýdüreniň üçin men saňa çäksiz minnetdarlygymy bildirýän we men seni söýjekdigime kasam edýärin ... LIVERPOOL!!! ?
Dostlarym söýgä sataşdym…
Bilim,
Telwas
tarapyndan
20-04-2022, 14:00