******
Senden uly ýok diýseler,
Eselmegin sen.
Senden kiçi ýok diýseler,
Peselmegin sen.
Özüň kiçi bolsaň-uly boljak bol,
Özüň uly bolsaň-kiçi boljak bol.
"Sen keçe!"diýseler-haly boljak bol,
"Sen haly" diýseler-keçe boljak bol.
"Sen köçe"diýseler-ýoda boljak bol,
"Sen ýoda"diýseler-köçe boljak bol.
Hem-ä öz ýaşyňdan
Uly ýaly bol,
Hemem deň-duşuňdan
Kiçi boljak bol.
Özüň serdar bolsaň-daýhan boljak bol,
Özüň daýhan bolsaň-serdar boljak bol.
Gerek bolan güni-iliňe baş bol,
Soň ýene ýer depip,agdar ýaly bol.
Öz gysga ýoluňy,ýalňyz ömrüňi
Şeýdip ýaşagyn sen,şeýdip ötgün sen.
-Baý-baý,
adam bolmak kyn zat eken-ow!
-Ýogsa,aňsat zatdyr öýdüpmidiň sen?
Kerim Gurbannepesow.
Eselmegin sen.
Senden kiçi ýok diýseler,
Peselmegin sen.
Özüň kiçi bolsaň-uly boljak bol,
Özüň uly bolsaň-kiçi boljak bol.
"Sen keçe!"diýseler-haly boljak bol,
"Sen haly" diýseler-keçe boljak bol.
"Sen köçe"diýseler-ýoda boljak bol,
"Sen ýoda"diýseler-köçe boljak bol.
Hem-ä öz ýaşyňdan
Uly ýaly bol,
Hemem deň-duşuňdan
Kiçi boljak bol.
Özüň serdar bolsaň-daýhan boljak bol,
Özüň daýhan bolsaň-serdar boljak bol.
Gerek bolan güni-iliňe baş bol,
Soň ýene ýer depip,agdar ýaly bol.
Öz gysga ýoluňy,ýalňyz ömrüňi
Şeýdip ýaşagyn sen,şeýdip ötgün sen.
-Baý-baý,
adam bolmak kyn zat eken-ow!
-Ýogsa,aňsat zatdyr öýdüpmidiň sen?
Kerim Gurbannepesow.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
5 комментариев