Gollandiýaly bir psiholog Vander Hoven Gurhan okamagyň we ALLAH sözüni gaýtalamagyň näsaglar we jany sag adamlara ýetirýän täsirini aýan etdi.
Hassalaryň käbirleri musulman däl, käbirleri bolsa arapça bilenoklar. Hoven olara ALLAH sözüni öwredýär.
Netije örän täsin we ajaýyp. Bu söz esasanam depressiýaly we dawleniýaly (gan basyş) näsaglara has peýdaly bolupdyr. Professor Haven ALLAH sözündäki harplaryň psihiki näsaglara täsirini şeýle beýan edýär.
-ALLAH sözündäki birinji “A” harp dem alyş ulgamyndan göni çykyp dem almagy sazlaýar.
-Damakdan aýdylýan “L” harpy bolsa (Arapça aýdylşy ýaly) dil çalaja damagyň üst tarapyna degýär we ýaňagyň az salymlyk pauzasy bilen şol bir proses gaýtalanýar. Ýagny, iki sany “L” harp bolany üçin gaýtalanýar. Bu proses dem alyp bermegi rahatladýar.
Soňky “H” harpy aýdylanda öýken bilen ýüregiň arasynda gatnaşyk ýüze çykýar we bu amalyň netijesinde ýürek uruşlary gowulaşýar.
Bu gözlegi eden adam musulman däl. Emma yslam ylymlary bilen gyzyklanýar we Kurany Kerimiň syrlaryny derňeýär.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 22-04-2022, 23:06

  • Michael Michael off № 1 22 апреля 2022 23:17
    Biz türkmençe *Allajan kömek et, Allajan özüň gowusyny et, Allajan.......* şundada onda Alla sözüniň täsiri bar bolmalyda.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 22 апреля 2022 23:24
    Michael,
    Salam. Hawa, şolar ýaly kyn ýagdaýlarda köp gaýtalaýas. Hakykatdanam rahatladýar ALLAH sözi. Sizde-de şeýlemi?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 22 апреля 2022 23:24
    Ylmy taýdan subut edilen, depressiýa girmegimiziň sebäplerinden biri hem içegelerimizdäki gowy bakteriýalaryň (probiýotik) kemçiligidir. Bagtlylyk garmony bolan seratoniniň 95%-i içegelerde, 5%-i bolsa beýnide öndürilýär. Şol sanda içegelerdäki bakteriýalar beýnidäki lezzet we sylag ( pleasure and reward center) merkezini gözegçilik etmäge ukyply bolan dopaminiň ýarysyny öndürýär. Öýde ýapylýan hyýar (kelem, garym-gatym görnüşli hem bolup biler), öýde taýýarlanan sirke (uksus) (almaňky), kellebaşaýak çorbasy, süňkli çorba, zygyr tohumy, hoz, semzek, balyk, kelem, awakado, ýumurtga, mesge, zeýtun ýagy, gök çaý, darçyn içegelerimizdäki gowy bakteriýalary artdyrýan iýmitlerdir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 22 апреля 2022 23:30
    Elimiz bilen beýnimiziň arasynda newrologiki baglanyşyk bar. Her gün yzygiderli 20 minut rahat bir görnüşde hat ýazmak, depressiýadan dynmak üçin iň güýçli usullardan biridir. Bu “expressionist” ady berilen bu ýazmak usuly bilen hat ýazanyňyzda, hatyňyzy hiç kim okamajak (myş) ýaly özüňizi günäkärlemän ruçkaňyzy barmaklaryňyz bilen rahatja tutup ýazyň we soňra ýazan hatyňyzy ýyrtyp ýok ediň.
    Jogap
  • Michael Michael off № 5 22 апреля 2022 23:32
    Nirvana,
    Hawa mende hem şeýle. Adaty bolmadyk bir güýç täsir etýändir diýýädim.

    Balygyň, zeýtunyň, kelemiň, semzegiň (semirtgeç bolýar öýtýän), kellebaşaýagyň gowy bakteriýalary artyrýanyny bilýädim. Galanlaryndan habarymam ýok eken. Awakadony hem okapdym. Iýibä göremok)
    Jogap
  • Michael Michael off № 6 22 апреля 2022 23:34
    Bäh. Telefonda gürleşsem ruçka bilen bir garalama kagyza bir zatlar çyrşap oturýan. Şekilleriň edigine özümem düşünemok, bu zatlar namaý diýibem musura oklaýan. Bulam onda nerwi ulgama täsirli bolmalyda
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 7 22 апреля 2022 23:37
    Burnyňyz dykylanda diliňiziň ujyny agzyňyzyň iç tarapynyň iň ýokarky nokadyna çenli degiriň. Süýem barmak bilen ortaky barmagyňyzy birleşdirip gaşyňyzyň ortasyna deger ýaly görnüşde yza, öňe tarap hereket etdiriň. Bu usuly 20 sekunt boýunça ýerine ýetiriň. Demiňizi tutup bilşiňizçe tutjak boluň. Beýnimiz dem almasak ýaşamak instinkidini göz öňünde tutup burun deşiklerini tämizleme etabyna girýär.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 8 22 апреля 2022 23:38
    Michael,
    Şol şekiller barada-da bilýän zatlarym bar. Ýazmagymy isleýäňizmi?
    Jogap
  • Michael Michael off № 9 22 апреля 2022 23:41
    Nirvana,
    Ýaz. Okaly.

    Mekdep döwründede depderlerimiň ýaşyl daşky gatynyň iç tarapy düşüniksiz şekillerden doludy. Garaz boş wagtym hökman şekil çekýädim. Men endikdir diýýädim oňa. Soň soňlar ýörite aýratyn liste çyrşap başladym sebäbi gerekli bir zady zaýalamakdan çekinip
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 22 апреля 2022 23:42
    Adamlar fiziki taýdan ýadaw bolanlarynda, dogryçyl bolmaga ýykgyndyrlar.
    “Gije giç sagatlarda gürleşilende boýun almalar kän bolýar”- maglumatyny ýatda saklaň. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 22 апреля 2022 23:43
    Michael,
    Çyzýan şekiliňi aýt.
    Jogap
  • Michael Michael off № 12 22 апреля 2022 23:44
    Dem almazlygam peýdalymy?
    Jogap
  • Michael Michael off № 13 22 апреля 2022 23:45
    Nirvana
    Adamlar fiziki taýdan ýadaw bolanlarynda, dogryçyl bolmaga ýykgyndyrlar.
    “Gije giç sagatlarda gürleşilende boýun almalar kän bolýar”- maglumatyny ýatda saklaň. :)

    Gije onda adam bilen gürleşmezlige çalyşaýyn (esasanam gyz bilen)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 22 апреля 2022 23:46
    Burnyňyz dykylanda 20 sekunt dem alman saklanmaly. Şonda şol usul bilen açylýar. Barlap görmedim. Görseňiz netijesini ýazyp bilersiňiz.
    Men size ýalan maglumat berýän däldirin. Gözleşdirip, soraşdyryp bilersiňiz.
    Jogap
  • Michael Michael off № 15 22 апреля 2022 23:46
    Nirvana
    Michael,
    Çyzýan şekiliňi aýt.

    Nämäň şekilidigni bilemok. Her dürli zatlara.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 22 апреля 2022 23:46
    Michael,
    Köp ýalan sözleýän bolsaň, gürleşmäýsene. :)
    Jogap
  • Michael Michael off № 17 22 апреля 2022 23:47
    Nirvana
    Burnyňyz dykylanda 20 sekunt dem alman saklanmaly. Şonda şol usul bilen açylýar. Barlap görmedim. Görseňiz netijesini ýazyp bilersiňiz.
    Men size ýalan maglumat berýän däldirin. Gözleşdirip, soraşdyryp bilersiňiz.

    Biri öläýse ondada.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 18 22 апреля 2022 23:48
    Michael,
    Bolýar, men bilýän şekillerim barada ýazaryn.

    20 sekunt o diýen köp wagt däl. Şeýle-de burnymyz dykylanda ep-eslije dem alman gezip bilýäs.
    Jogap
  • Michael Michael off № 19 22 апреля 2022 23:49
    Nirvana
    Michael,
    Köp ýalan sözleýän bolsaň, gürleşmäýsene. :)

    Ýalan sözlemeýän adam ýok bolsa gerek. Ýöne baryp ýatan ýalançy ha däl)
    Jogap
  • Michael Michael off № 20 22 апреля 2022 23:51
    55 gezek okalyp 1 like goýulmandyr. Al onda 1nji menden)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 22 апреля 2022 23:52
    Michael,
    Ynanýan size.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 22 апреля 2022 23:53
    Michael
    55 gezek okalyp 1 like goýulmandyr. Al onda 1nji menden)

    Like hiç-le, esasy zat şularyň amalda şol okanlara, okajaklara peýdasy degip degmeýäni.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 22 апреля 2022 23:54
    Michael,
    Talyplarda agzadyňyzmy? “Hawa” bolsa haýsy agza?
    Jogap
  • Michael Michael off № 24 22 апреля 2022 23:55
    Peýdaly zatlar mugt bolsa peýdasy degsede peýdalanyp bilenoklar ýada ugursyz garaýalar. Ýöne töleg edip alsalar welin ..... Özüň bilýäň
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 25 22 апреля 2022 23:55
    Dünýä inenimizde iki sany gorky bilen dogýarys. Bular “Ýykylmak gorkusy” we “ Goh/galmagal gorkusy”. Beýleki gorkularyň ählisi soňra öwrenilýär we soňra öwrenilen gorkularyň ählisi geçjek derejededir. Uçar gorkusy, haýwan gorkusy, garaňkylyk gorkusy we ş.m gorkular bir hünärmenden kömek alynyp geçer. Daş töweregiňizde bu gorkulary başdan geçirýänler bar bolsa, “Munda gorkuljak zat ýoga?!” ýa şuňa meňzeş sözlemleri aýtmagyň, olaryň gorkularynyň geçmegine bir peýdasynyň bolmaýşy ýaly, gowy niýet bilen aýdylan sözler we edilen hereketlerem gorkynyň has çuňlaşmagyna sebäp bolup biler. Ýa-da ýürek agyry geçirip biler.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 22 апреля 2022 23:56
    Michael
    Peýdaly zatlar mugt bolsa peýdasy degsede peýdalanyp bilenoklar ýada ugursyz garaýalar. Ýöne töleg edip alsalar welin ..... Özüň bilýäň

    Ylalaşýan. Gynansakda…
    Jogap
  • Michael Michael off № 27 22 апреля 2022 23:57
    Nirvana
    Michael,
    Talyplarda agzadyňyzmy? “Hawa” bolsa haýsy agza?

    Ýok. Agza däl. Telefony edinenime 1 ýyl bolup geçdä. Ondan öň Nokia 6300 telefonumdan girip okaýadym talyplar (talyplar.con bolsa)
    Senem bardyň şo ýerde. Şol Nirvanamy senem
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 28 22 апреля 2022 23:58
    Näme bolsa bolsun, bedeniňiz dik başyňyz ýokaryk bolsun. Hiç bir adamyň bedeni we başy dik wagty gynanmaz we ýüregi gysmaz.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 22 апреля 2022 23:59
    Michael,
    Hää düşnükli. Tüweleme, gowy gezipsiňiz. Hawa şol men.
    Jogap
  • Michael Michael off № 30 22 апреля 2022 23:59
    Nähili gowy gezipdirin?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler