Beýni barada köp eşidilýän, ýöne sebäbi bilinmeýän käbir gyzykly maglumatlar
1) Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary peýda bolýar. Mundan başga-da gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.
2) Beýni öwrenýärkä ulalýar. Muňa derek, täze öwrenilýän başarnyk üçin beýni ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edildi.
3) Beýniniň 2 ýarymşary aýry-aýrylykda işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýniniň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçýär. Meselem, okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.
4) Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy ýokarlandyrýar.
Beýnimiz barada Gyzykly maglumatlar
Bilim,
La Star
tarapyndan
24-04-2022, 17:02