Mekdep programmasynda dessanlaryň bolmagy näderejede dogruka? Okuwçylaryň ýangynly söýgi gatnaşyklary, yzaly aýralyklar, derýada akyp gidip, Zöhrä biwepalyk edip, aňyrda-da Mahymy söýüp gelýän Tahyrly, gelninden geçip, düýşünde gören gyzynyň gözlegine gidýän Hemraly, Leýlisiniň ugrunda ysnatlygyny görkezip, berkje durup göreşip bilmedik Mežnunly wakalardan nähili netije çykarjagyna hiç kimem kepil geçip bilmezmikä diýýän. Bu wakalaryň ýaş beýnilerde ýalňyş düşünjeleri oýarmak, trawma galdyrmak howpy bar ýaly dälmi?!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 24-04-2022, 20:31

  • Khanture Khanture off № 1 24 апреля 2022 20:38
    Menä Saýatly Hemrany (doly) okap şok geçiripdim cilimkesh
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 2 24 апреля 2022 20:38
    Umuman gowja problema göteripsiňiz!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 4 24 апреля 2022 20:46
    Aslynda Leýli-Mejnunly, Saýatly-Hemraly, Zöhre-Tahyrly, Ýüsüp-Züleýhaly, Şasenem-Garyply, aşyk-magşukly dessanlary haýsy ýaşda okasaň peýdalyka?! Menä iküç ýyllykda birki sanysyny okap, bir şahyzyň köşgüne ogryn girip, birek-biregiň ýakasyndan gol salyşyp, birki hepde beýhuş bolup ýatyp soňam söwer ýary düşýän dessanlara kän düşünmedim.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 24 апреля 2022 20:48
    Ýene bir zat mekdep ýaşynda dessan okaýanlar bir barmyka?!))
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 6 24 апреля 2022 20:49
    Hiayress, menem şony aýdýan. Olary awtorlarynyň döredijiligi barada ýa-da halk döredijiligine degişli bir ylmy iş-zat ýazylanda peýdalanaýmasalar, üýtgeşik zat göremok okyjy üçin. Ne ulular, ne kiçiler üçin.
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 7 24 апреля 2022 20:49
    Ol howpy hem bar.her kimin dessanlary gahrymanlary nahili kabul edip nahili netije çykaryanlygy bilen baglanşykly.oz adyma gurlesem.uns beremok.yalnys dusunje yok.trawma yok ???
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 8 24 апреля 2022 20:49
    Geregi ýokdur diýemde, geregi bardyr welin, barybir aýralyk, ýangynly köýgünli bolansoň... :)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 9 24 апреля 2022 20:49
    Hiayress
    Ýene bir zat mekdep ýaşynda dessan okaýanlar bir barmyka?!))

    Okaýalar. Köp duş geldim.
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 10 24 апреля 2022 20:51
    Hiayress,
    Ýene bir zat mekdep ýaşynda dessan okaýanlar bir barmyka?!)))

    Okaýanlar kän.
    Jogap
  • Soho Soho off № 11 24 апреля 2022 20:54
    dessanlary okapdym welin, men:a hichisinem halamadym, Pegasyn pikiri bn ylalashyan
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 12 24 апреля 2022 20:57
    Pegas,
    Onda ýagşy. Bir zatlar okasalar bolýalaý. Iň bolman täze söz öwrenerler.))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 13 24 апреля 2022 20:58
    Asylam bizde şahs terbileýän güýçli kitaplar ýoklaý. Beýlekileriňem dessandan köp tapawudy ýok.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 14 24 апреля 2022 21:00
    Hiayress
    Asylam bizde şahs terbileýän güýçli kitaplar ýoklaý. Beýlekileriňem dessandan köp tapawudy ýok.

    Men "Görogly" bilen "Gorkut ata" garşy däl.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 24 апреля 2022 21:00
    Hemedany,
    Haýsy dessanlarda çagalary bular ýaly gymmatlyklary öwretýänini gördüňäý?! Adyny aýt menem okaýynla!
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 16 24 апреля 2022 21:02
    Hemedany
    Dessanlat adamlary we daşky gurşawy tanadýar.Adamyň özi bilen, beýleki adamlar bilen, tebigy we jemgyýetçilik gurşawyndaky gapma-garşylyklary görkezýär. Dessanlar adamlary, watany, durmuşy we tebigaty söýmek bilen adamlaryň içki dünýäsini ýumşadýar; ýagşylyk, dostluk, çydamlylyk, bagyşlamak, raýdaşlyk, zähmet, dogruçyllyk…
    aýratyn garaýyşlary we gymmatlyklary ösdürýär we güýçlendirýär. Şahsy we jemgyýetçilik dessanlar gowy, owadan we dogry tarapa gönükdirmek we durmuş hakda täze gymmatlyklary gazanmak barada uly orun berýär. Çagalary şoňa görä taýýarlaýar.

    Dogry tarapa ugrukdyrmak? Ýokarky, mowzukda agzan zatlarym dogry tarapmy?
    Jogap
  • Soho Soho off № 17 24 апреля 2022 21:02
    gije 12den son gelyan Zolushka we pochti yalanach gezyan Tarzanly multikler hem sheyle :)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 18 24 апреля 2022 21:03
    Soho
    gije 12den son gelyan Zolushka we pochti yalanach gezyan Tarzanly multikler hem sheyle :)

    :))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 19 24 апреля 2022 21:04
    Pegas,
    Gorkut atany okamda dilinde (agyrlygy üçin) kynçylyk çekipdim. Göroglam çeperçiligini hasap etmeseň ahlak taýdanam, raýdaşlyk taýdanam pes häsiýetleri ündeýär. Günde baýram günde toý, bu iýjegiňi tapsaň ertäniň gamyny iýme diýen ýaly geldi, geçdi, göçdi birzatlaý.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 20 24 апреля 2022 21:06
    Men okadym di6dima Saýatly Hemrany... şo edebiýatda geçýän ýylymyz okapdym... şol wagt hiç zada düşünmedim düşünsemem... Oguznama, Gorkut ata, Görogly bolýa ýöne şonam 14 ýaşdan soň okaýmasaň?! Ol yşk söýgi dessanlara 18+ meň üçinä ;)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 21 24 апреля 2022 21:12
    Göroglyny okamak ýada eşitmek 18 asyr türkmenler üçin gowy bolandyr. Ur, tut, gaç, ýeňil-ýeňles hereketler, uruşlar, alamanlar, galtamançylyk, ahlak kadalaryna, adam hukuk kadalaryna, raýdaşlyga köp üns berilmeýän, diňe şu günüň gamyny iýip ýaşalýan, ertäniň aladasyny edilmeýän wagtlary. Aý indi döwür üýtgedi. Göroglydan şahandazlygy nusga alaýmasaň diýjekdim welin oňada güýç-kuwwat, maddy baýlyk gerek. Öňki ýaly ýer-ýurt talap ýörmeli ýada biriniň sürüsine özüňi urduryp halan goýnuňy alyp gaýtmaly zaman däl. Kada bar, kanun bar, türme bar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 22 24 апреля 2022 21:13
    Hiayress
    Pegas,
    Gorkut atany okamda dilinde (agyrlygy üçin) kynçylyk çekipdim. Göroglam çeperçiligini hasap etmeseň ahlak taýdanam, raýdaşlyk taýdanam pes häsiýetleri ündeýär. Günde baýram günde toý, bu iýjegiňi tapsaň ertäniň gamyny iýme diýen ýaly geldi, geçdi, göçdi birzatlaý.

    Gorkut atanyň poeziýasy gowy, Görogly şireliligi, dili üçin gowy.
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 23 24 апреля 2022 21:19
    Pegas
    Hiayress
    Pegas,
    Gorkut atany okamda dilinde (agyrlygy üçin) kynçylyk çekipdim. Göroglam çeperçiligini hasap etmeseň ahlak taýdanam, raýdaşlyk taýdanam pes häsiýetleri ündeýär. Günde baýram günde toý, bu iýjegiňi tapsaň ertäniň gamyny iýme diýen ýaly geldi, geçdi, göçdi birzatlaý.

    Gorkut atanyň poeziýasy gowy, Görogly şireliligi, dili üçin gowy.

    Görogly şireliligi üçin gowy diýenine düşünmedim
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 24 24 апреля 2022 21:26
    Hiayress
    Ýene bir zat mekdep ýaşynda dessan okaýanlar bir barmyka?!))

    Men;))
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 25 24 апреля 2022 21:33
    ????_????
    Pegas
    Hiayress
    Pegas,
    Gorkut atany okamda dilinde (agyrlygy üçin) kynçylyk çekipdim. Göroglam çeperçiligini hasap etmeseň ahlak taýdanam, raýdaşlyk taýdanam pes häsiýetleri ündeýär. Günde baýram günde toý, bu iýjegiňi tapsaň ertäniň gamyny iýme diýen ýaly geldi, geçdi, göçdi birzatlaý.

    Gorkut atanyň poeziýasy gowy, Görogly şireliligi, dili üçin gowy.

    Görogly şireliligi üçin gowy diýenine düşünmedim

    Dili şireli.
    Jogap
  • FanB FanB off № 26 24 апреля 2022 22:51
    Menem gaty bir goldap baramok sholary. Mekdep yasyndaky okuwcy okayandada ondan yalnys dusunje alyp biler.
    Birem taryhy kan bir goldap baramok. Tem bole illeñ taryhy. Ol urusdy plany basyp aldy. Imperya doretdi. Garaz kone dowruñ eden etdilierni bize gujeñleyan yaly
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 27 24 апреля 2022 22:54
    FanB,
    Gijäňlänok ündeýär. Senem et, senem gur, sen şolardan kemmi diýýär.))
    Jogap
  • FanB FanB off № 28 24 апреля 2022 23:09
    Hiayress,
    Shu dowurde ozun bolsan etjekmi shol zatlary mumkin dala ol zatlar :))
    Jogap
  • Гость Гость off № 29 25 апреля 2022 00:09
    Indi brat okuwçylaň boljagy dawno boldy. Şu wagtky pornografiýaň elýeterli bolup duran döwründe bujagaz dessanlaň dagy wiçjik. Aňy uže bulandy,türk serial diýdi, sputnikden alyp görkezilýän kanallar diýdi, telefonlardaky korotkije wideojyklar diýdi,aý garaz sanasaň gaty köp yzy.Altyn nesile Allaň özi kömek etsin indi,ýogsam mekdep programmasyndan dessanlary aýranyň bilen gorap bolanok bulary
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 30 25 апреля 2022 02:15
    Leýli Mežnunyň çykarylyp çykarmazlygy köp kellä goýuljak ýa-da üstünde pikirleniljek zat dälmikä diýýärin. Galybersede Görogly we Gorkut atany çykarmaly çykarjak bolsaň. Ne dogry informasiýa bar, ne-de öwreniljek zat. Öwreniljek hiç zat ýok. Biraz takyk gürlemeli bolsa onda Khanture agzanyň aýdyşy ýaly, mekdep wagtynda öwredilende okanlar, näçe okasalaram ibaly düşünmeýärler. Sebäbi ýazylyş şeklem Hiayress agzanyň aýdyşy ýaly agyr. Ulylar hem köp düşünip baraýanok, onsaň mekdep ýaşly ýetginjekler nädip düşünsin?!
    Peýdasyna seredeniňde, eger gowy okadylsa, näme bolsa-da edebi dili öwrenýärler, türkmen diline içgin düşünýärler, (sebäbi rus sözleri bilen garyşan türkmençäni gürleýärler aglabasy) köp sözleri öwrenýärler, birazam bolsa edebi dialog gurmakda wajyp ýoly geçýärler. Aýrylmagynda welin hiç hili peýda ýok. Ýöne aýdyşym ýaly okaýanam ýok, düşünýänem.
    Ol ýaşdaky ýaşlar näme çeperleşdirilip, agyr ýazylan, birtopar öňki gadymy sözlerden dolup ýatan bir eseri okasynlar?! Galybersede ony okanlaryndan telefonda imo-da dostlary bilen degişip gülüşmegi saýlarlar. Ýagny nädip akyl bulasyn ol zat?! Mekdepde gabat gelen däldirin ibaly düşünene, we okaýana-da gabat gelen däldirin mekdep okuwçylarynyň, okaýar diýipsiňiz welin. Gepiň gysgasy has kiçijek zat bu. Üýtgediljek has wajyp, edebi zatlar barka.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler