Köpümizde adatça, bir ynsana ýa-da närsä bolan negatiw garaýşymyzy beýan edip pozitiw garaýşymyzy özümizde galdyrmak gylygymyz bar.Bu gün şol gylygymyzy ýeñmegimizi isleýärin.
Düýn Islenen.site-da görmek islemeýän mowzuklarymyzy sanapdyk.Geliñ,bu gün bu saýtda görmek isleýän mowzuklarymyzy sanalyñ şeýle hem şol pisintdäki mowzuklary açan agzalaryñ "Berekellasyny" ýetireliñ.

1.Kämil ýazyjy-şahyrlarymyzyñ galamyndan çykan goşgulardyr,oýlanmalar,edebi söhbetler.Beýle mowzuklary esasan Nirvana,Elif,Humaýun,Leýli,Hiayress,Miss minnosh,Ogulşirin Bayramowa,Biohimik,Rigel ýaly agzalar paýlaşýarlar.Ýeri gelende aýtsam,Elif agzanyñ goýan mowzuklaryny göçürip alyp,özüme baý elektron arhiw döredinipdim.

2.Terbiýeleýji mowzuklar.Bu mowzuklary esasan Şahruh han agzanyñ açmagynda okamaga öwrenişipdiris.Şahruh hanyñ baý durmuş tejribesini bu saýtda okamak bilen ynsanlaryñ dürlüçe wakalarda özlerini neneñsi alyp barýandygyny öwrenýäris.

3.Agzalaryñ özlerini gyzyklandyrýan mesele hakynda sorag-jogap alyşmak maksady bilen açýan mowzuklary.Meselem:Felicita agzanyñ "Görmän söýmek mümkinmi?" mowzugy ýa-da Ötegçi agzanyñ "Durmuş gurmak"atly mowzugy.Şeýle mowzuklaryñ üsti bilen agzalar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapýarlar,pikir alyşýarlar,ikitaraplaýyn hormaty saklap,çekişmä girýärler.

4.Agzalara anketa görnûşindäki soraglar toplumy bilen ýüzlenýän mowzuklar.Meselem:Ejegyz agzanyñ açýan "Güýmenje"mowzuklary.Soñ Musulmanka agzadan hem okapdyk.
Bu mowzuklaryñ üsti bilen öz durmuşymyza ser salýarys,pikirlenýäris,göz öñüne getirýäris,kä ýerde soraga jogap berjek bolup ýatkeşligimize agram salýarys.Garaz,bu mowzugyñ üsti bilen agzalaryñ üns,hyýal,pikirlenme,ýat ýaly psihiki prosesleri oýanýar we ösmek bilen bolýar.

5.Haýsydyr bir agza gönükdirilen tankydy mowzuklar.
Psihologiýa mugallymymyñ meşhur sözüdir:"Gapma-garşylyk bolmasa,ösüş bolmaz".
Saýtda tankytlaýan kişisine medeniýet çarçuwasynda hormatyny saklap edilen tankyt iki tarapyñ hem peýdasynadyr.Tankytlaýan kişi gypynç-çekinçsiz tankytlanýanyñ ýüzüne ýaramaz-gylyk häsiýetlerini aýtmakda görelde görkezer,tankytlanýan bolsa özüne başga bir ynsanyñ nukdaýnazaryndan garap,baha berer.Muña edil Musulmanka agzanyñ Çiçek agzany tankytlap açan mowzugy mysal bolup biler.

6.Ynsan psihologiýasynyñ syrly taraplary hakda gürrüñleri öz içine alýan mowzuklar.
Beýle mowzuklary Nirvana agzadan okamaga öwrenişipdiris.Nirvana agzanyñ açan mowzuklarynda ynsan psihologiýasy hakda bilmeýänlerimizi öwrenýäris,pikir alyşýarys.

Ine,agzalar saýtda meniñ göwnümden turýan mowzuklar şu zeýilli mowzuklar.Şeýle mowzuklary açýan agzalaryñ şu mowzukda agzalan-agzalmadyk ählisine tüýs ýürekden"Berekella"diýýärin.Olardan ýene-de şeýle mowzuklara garaşýarys.
Mundan daşary siziñem görmegi isleýän mowzuklaryñyz bar bolsa aýdyp bilersiñiz.Garşy çykýan ýerleriñizem aýdyñ.Elkyssa,Mümkin gyz sözüni tamam etdi.:) Söz sizden.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Mümkin tarapyndan 26-04-2022, 13:06

  • Mahek Mahek off № 1 26 апреля 2022 13:41
    Musulmanka men ucin gosgy doredipdi. Kalp doctory bu wagt ucurym bn basagaydyr. Kalby pak gyza Durmusda Belent basgancaklara yetmegini arzuwlayan
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 2 26 апреля 2022 13:42
    Men barde sogusmegimin netijesinde Islenende nol bolayyn, Yarymyn guli bolayyn diyen ajayyp gosgy setirleri doredi
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 3 26 апреля 2022 13:43
    Hormat goyyan agzalarym Belki Musulmanka Ejegyz Ogulshirin Bayramowa Felicita Cistaya Otegci jigim Kalp doctoru
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 4 26 апреля 2022 13:45
    San taleynamasy bar mende doglan gununiz doly aytsanyz sona gora hasiyetinizi bilip bolyar. Arman bu wagt mg kok
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 5 26 апреля 2022 14:17
    Rigel,
    Hemmesi garyndaşyñ eken-ä :)
    Jogap
  • wordless wordless off № 6 26 апреля 2022 15:06
    Otur goýanyňdan soň arasyny açyp ýazaý..
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 7 26 апреля 2022 15:47
    Men @chistaya. Agzanyn @owrenyan yenede kabir agzalaryn bloglaryny okamagy gowy goryan. Nirwananyñ(shu nikin manysyny gozlap tapyp okadym welin yene yatdan cykdy?) kabir mowzuklaryny halayan.
    @Belkiniñ mowzuklary bilen bilelikde hut ozunem halayan)))
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 8 26 апреля 2022 15:52
    Ogulşirin_Bayramowa kitap ýazmak bilen başagaý. Häzirlikçe "Offline" :)
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 9 26 апреля 2022 16:24
    Tüweleme, siziň birek-biregi dogan ýaly sylaýandygyňyza respect. Öň ertir.com bardy, agza bolup bilmändim, gowy saýtdy, häzir türkmen saýtlarynyň içinde gyzyklysy şul öýdýän. Agzalaryny doly tanamok, ýöne ýaş şahyrlaryň goşgulary goýulsa gyzyklanyp okaýan.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 10 26 апреля 2022 16:28
    Awtoryň mowzuklaryny yzygider okaýan, pikirlenişi giň, işleriňde diňe üstünlik jigim...
    Jogap
  • Margarita Margarita off № 11 26 апреля 2022 17:18
    Her wagt bir gelemsoň, agzalary doly tanamok. Pegasyň, Mümkiniň goşgularyny, Bentneriň, Hiyarisiň, Felicitanyň teswirlerini, gyzyklanma bn okaýan. Aslynda ähliňizede hormatym uly. Saýtyň adyna laýyklykda adamlary-da, mowzuklary-da, hem teswirleri gyzykly. Teswirleri okap, hezil edip gülýän wagtlarymam bolupdy. Wäşilerňizem bar araňyzda, ähliňize berekella diýmeli. Ýürek gysdyraňyzokda garaz. Ýene gyzykly mowzuklara garaşýas. Janyňyz sag, görjekleriňiz gowluk bolsun! )
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 12 26 апреля 2022 17:37
    Ogulşirin_Bayramowa,
    Tüweleme.Ol neneñsi kitap?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 13 26 апреля 2022 17:38
    biohimik.,
    Meñ-ä şol Belki agzany jynym alanok.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 14 26 апреля 2022 17:40
    Massimus,
    Margarita,
    Minnetdar!
    Jogap
  • AYNURA AYNURA off № 15 26 апреля 2022 18:09
    Mümkin,
    Salam gowumy. Kitap un minnetdar bashgada gowy kitaplan bolsa kyn gormesen ugraday.okapboldum gyzykly eken
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 16 26 апреля 2022 19:03
    AYNURA,
    Salam.Juma Hydaýgulynyñ "Söýgüde serhet ýok" romanyny ugratjak.
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 17 26 апреля 2022 20:14
    Mümkin,
    salam gowmy yagdaylarynyz .mumkin bolsa manada ugradayyn on Omruzaya romanyny okapdym gowy yazylypdyr.
    pocta: sadmansoft2004@gmail.com
    onunden minnetdar
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 18 26 апреля 2022 20:34
    biohimik.,

    "@Belkiniñ mowzuklary bilen bilelikde hut ozunem halayan)))"

    Şahsa geçme dost. :D
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 19 26 апреля 2022 20:37
    @Öwrenýän agzanyň öwrenýän zatlaryny bizede öwretmegini isleýän.))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 20 26 апреля 2022 20:48
    Hiayress,
    Öwrenýän hakda ýeke zady bilesim gelýär: Plagiatçymy ýa Serdar agamy?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 21 26 апреля 2022 20:48
    SaDMaN,
    Salam.Gowulyk.Gowmy sizem?
    Ömrüzaýany ugradaýynmy?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 22 26 апреля 2022 20:51
    Mümkin,
    Özüdir...
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 23 26 апреля 2022 21:01
    Hiayress,
    Serdar agany Islenende göz öñüme getirip bilemok :)
    Hol günem "Yes"diýdi welin hasam :))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 24 26 апреля 2022 21:14
    Mümkin,
    Serdar aganyň degişgenligini bilýäňä.))
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 25 26 апреля 2022 21:44
    Mümkin
    Ogulşirin_Bayramowa,
    Tüweleme.Ol neneñsi kitap?

    Okanyňyzda biläýmeseňiz Belki hanym))
    Heniz täze-täze başladyk. :)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 26 26 апреля 2022 22:02
    Syr diýäñ-dä garaz.Bolubilýär.Üstünlik!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler