ÝATKEŞLIK.
Käşir- Ýatlama ukybymyzy artdyrýar. Çünki, käşir beýnimizdäki metabolizmamyzy (alyş-çalyş) güýçlendirýär. Bir zat ýat tutmaly bolsaňyz, bir kiçi tarelkada ýagly käşir salatyny iýiň.
Ananas- Uzyn teksti ýatda saklamak üçin iýilmeli miwedir.
Awakado- Gysga möhletli ýat üçin. Meselem almaly zatlaň sanawyny edeňde peýdaly. Onda köp mukdarda ýag kislotalary bar. Ýarty awakado ýeterlikdir.
BAGTLYLYK.
Gyzyl burç- Näçe ajy boldugyça şonça gowy. Aroma maddalary bedeniň bagt garmonynyň çykmagyna itergi berýär. Iň gowusy çyg iýileni şol durşyna.
Ýer tudana (клубника)- Stresi ýeňilleşdirýär. Süýümli maddasy bagt berýär. Doza azyndan 150 gram.
Banan- Munuň syry serotonindir. Banandan beýnimiz hoşal bolýar.
ÖWRENMEK.
Kelem- Gaharlylygy (nerwini) gowşadýar. (Tiroid bezleriniň işjeňligini haýalladýar) Muny iýseň hasam stressiz öwrenilýär. Meselem ekzamenden öň iýseňiz peýdasy degýär.
Limon- C witamini sebäpli öwrenmegi güýçlendirýär, başarnygy artdyrýar. Dil öwrenmek kursundan öň 1 stakan limon şiresi (suwy) içiň.
Itüzüm (Blueberry, черника)- Uzyn möhletli öwrenmek üçin ideal miwedir. Beýniniň has gowy gan bilen üpjün edilmegini üpjün edýär.
ÜNS.
? ( креветка, Shrimp)- Bu beýniniň iýmitidir. Bedene möhüm omega 3 ýag kislotalary berýär. Ünsiň dowamlylygyny uzaldýar.
Sogan- Fiziki ýadawlyga garşy. Gany suwuklandyrýar, beýni kislorody has gowy alýar.
Hoz, fyndyk (hazelnut), pisse- Konferensiýalarda (Maslahatlarda), konsertlerde, uzak awtoulag syýahatlarynda nerwini güýçlendirýär hem-de beýnidäki habar alma maddalarynyň emele gelmegini işjeňleşdirýärler.
DÖREDIJILIK.
Zenjefil (имбирь)- Içindäki maddalar beýnini täze pikirler döretmäge mümkinçilik berýär. Ganyň suwuklanmagy bilen bedende has erkin akýar, beýni kislorod bilen iýmitlenýär.
Kimýon (cumin)- adamyň aňyna bir pikir getirýär. Ondaky efir ýaglary tutuş nerw ulgamyny gyjyndyrýar, ýöne diňe döredijilikli pikirleniş şertinde. Birden bir pikire, oýlap tapyşa mätäç bolan kimýon çaýyny içmeli. (Bir käsä 2 çaý çemçesi kimýon goşmaly)
??????????? ??☕️
Bilim,
Telwas
tarapyndan
29-04-2022, 10:33