Atajan Tagan
Gündelik ýazgylary
"Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly gündelik- esseden parçalar
* * *
Mert bolsaň,ölmek aňsat, ýaşamak kyn, namart bolsaň,ýaşamak aňsat,ölmek kyn.
* * *
Diliň güýji bilen çözüp bolýan düwni eliň güýji bilen çözýän adam güýçsüzdir.
* * *
Akyllylygam edil akmaklyk ýaly adama tebigat tarapyndan berlen paý.Ýöne akyllylygyň akyllylyk derejesini saklamak üçin alada etmeli,taplap durmaly.Akmaklyk welin aladasyny etmeseňem,öz derejesinden peselmeýär.
* * *
Akmaklyk bolmadyk bolsa,akyllylygyň derejesini ölçär ýaly dereje-de bolmazdy.
* * *
Men özümiň uly edebiýatda-ha däl,türkmen edebiýatynda-da ullakan agramymyň ýokdugyna akyl ýetirýärin.Şol hem maňa öz eserlerime-de,beýleki türkmen ýazyjylarynyň eserlerine-de obýektiw baha bermegime kömek edýär.
* * *
Pul sowup başlamankaň gutarýar.
* * *
Dana adam akmak bilen jedelleşende, akmaklyk derejesine çenli aşak düşmeli bolar.Ýöne ol hem akmagyň danalyk derejesine çenli göteriljek bolşundan ýeňil düşmez.
* * *
Akyllynyň akyllydygyny akyl ýetirip bilmezlik aýyp däl.Ýöne akmagyň akmaklygyna akyl ýetirmän,gaty kän zat utdurýarys.
* * *
Durmuşy söýmeli,ýöne söýginiň ýany bilen durmuşdan goranyş galkanyny hem götermeli.
* * *
Ýetip bolunmajak bagta ýetmäge ymtylýan adam bagtsyzdyr.
* * *
Akyldarlaryň arasynda ýaşaýan akmak öz bagtyýardygyny bilmeýän betbagtdyr.
* * *
Dosty ýok,duşmany köp bilen,dosty köp, duşmany ýok bilen ýiti gatnaşjak hem bolma.
* * *
Aýlygyň hem pensiýanyň nämedigi bilinmeýän gadym zamanlarda Gün ýaşandan soň adamlar "Ömrümiziň ýene bir güni kemeldi" diýip aglaşar ekenler.
* * *
Gizlin saklanmaly syr eşitdirilmegi zerur habardan öňürti ile ýaýraýar.
* * *
Sen öz agramyň,abraýyň nä derejededigini başyňa kyn iş düşende ýa-da karz pul gözläniňde bilersiň.
* * *
Seniň döredip bilmejek gowy zadyňy duşmanyň döredenem bolsa begenmegi başarmak artykmaçlygyň hem mertligiň alamatydyr.
* * *
Adam özüni beýik saýmak bilen ýa-da beýgelmeginiň aladasyny etmek bilen peselýär.
* * *
Özi dünýä bazarynda bir teňňä-de geçmeýän adam Watanyny satýar.
* * *
Beýik adam peselip biler,emma pes beýgelmez.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария