Gybat (goşgy).
Şäherdäki doganlarma gaýdypdym,
Gabat gelli birden obadaş Oraz.
Diýende "ugryň ýok" diýipdim menem,
-Aý, ýöne aýagym agyrýar biraz.
Iki hepde ýene oba dolandym,
Birgeňsi dikanlap bakýarlar maňa.
Başlyk ýoldan çykyp ilki ýüzlendi,
-Hallaryň neneňsi aýakdan ýaňa?
Soňra obadaşlar Bahardyr, Parça
Diýdiler: - Abatmy çykan aýagyn?
Gaşlaryn çytdyda Mamajan daýza,
- Haý ýegen iýipsin şäher taýagyn!
-Oglumjan bolarsyn görmedik ýaly,
Diýeni ýaňydy Mähriban eje.
Şo bada baldyzy:- Ýasama aýak
bolarmy öňki deý heýde gelneje!
Goňşym diýdi: - Gutuldynmy bireýýäm,
Aýagyn döwülip ýatypsyn aýlap.
Hälem, Alla şükür, gybatçylarmyz,
Dine soňky ýola eltmändir jaýlap.
Awtor: Ahmet Arazow
Gabat gelli birden obadaş Oraz.
Diýende "ugryň ýok" diýipdim menem,
-Aý, ýöne aýagym agyrýar biraz.
Iki hepde ýene oba dolandym,
Birgeňsi dikanlap bakýarlar maňa.
Başlyk ýoldan çykyp ilki ýüzlendi,
-Hallaryň neneňsi aýakdan ýaňa?
Soňra obadaşlar Bahardyr, Parça
Diýdiler: - Abatmy çykan aýagyn?
Gaşlaryn çytdyda Mamajan daýza,
- Haý ýegen iýipsin şäher taýagyn!
-Oglumjan bolarsyn görmedik ýaly,
Diýeni ýaňydy Mähriban eje.
Şo bada baldyzy:- Ýasama aýak
bolarmy öňki deý heýde gelneje!
Goňşym diýdi: - Gutuldynmy bireýýäm,
Aýagyn döwülip ýatypsyn aýlap.
Hälem, Alla şükür, gybatçylarmyz,
Dine soňky ýola eltmändir jaýlap.
Awtor: Ahmet Arazow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет