Ýyl 1232. Orta asyrlarda bir zatlara şeýtan möhürini bermek meşhurdy. Dini düşünişmezlik sebäpli, akyl we bilim düýbünden hasaba alynmaýardy. Pişikleri hiç halamaýan Papa 9-njy Gregory pişikleriň şeýtandygyny yglan edýär. Papanyň çagyryşy boýunça müňlerçe pişik ýok edilýär. Diňe Aristokradyň birnäçe pişigi diri galýar. Bu bigot papa häzirki wagtdaky pişikler bilen bagly batyl ynançlaryň esasy gözbaşysydyr. Bilýän bolsaňyz, ýolda gidip barýarkaňyz öňüňizden pişik geçse 10 ädim yza ýöremeli, ýogsa işiňiz ugruna bolmaýar diýen batyl ynanç bardy.
Emma birnäçe ýyllardan soň tebigat aryny agyr ýagdaýda alýar. Krymdan Italiýa gelýän gämide birnäçe sany syçan çykýar. Ol syçanlaram wirusly bolansoň olardan adamlara kesel ýokuşýar. Şeýlelik bilen ähli ýewropada syçanlar köpelip, kesel ýaýraýar. 3 ýylyň dowamynda şol wirusly syçanlar sebäpli 75 million adam ölýär. Ine, şeýlelik bilen tebigatam aryny alýar we ýewropa bir papanyň sam’syklygy üçin tebigata ölüm töleýär.

Ergonomika.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 1-05-2022, 18:35

  • Bayker Bayker off № 1 1 мая 2022 18:50
    Salam, gara pişik geçse kän ynanmasamam ýolumy üýtgedenimi kem göremok menä.:)) Syçanlary ýok edýäler, çopan goşda bolsa ýylan, içýana garşy saklanýa, eger ýylany alyp bilmesede garaňkyda bardygyny bildirýä. Öňler pişik köpdi obada welin soňky döwür azaldy bolmasa azalmagyna bir sebäp ýogam, döwrüne görädirdä.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 2 1 мая 2022 18:58
    "Gara ölüm" diýip atlandyrylan çuma keseliniň orta asyrlarda ýaýramagyna, köpçülikleýin pişikleriň öldürilmegi we gemrijileriň artmagy diýip çaklanylýar. Anyk fakt däl.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 4 1 мая 2022 19:52
    Hiayress,
    Mergi keseliniň ýaýramagy büre ýaly bakteria sebäpli. Mergi keseline sebäp bolýan bakerianyň ady "Yersinia Pestis"-dyr. Olar Afrika, Amerika, Aziýa topraklarynda ýaşaýan kiçi gemrijilerde görülýär. "Yersinia Pestis" ýokanç gemrijiler bilen iýmitlenýän büreler tarapyndan dişlenip adamlara we haýwanlara geçýär. Ýokanç keselli haýwanlara ýanaşan adamlara hem aňsatlyk bilen geçip bilýär. Merginiň iň köp ýaýran görnüşi buboniki mergidir. Bubon mergisi adamyň içegesindäki, goltuklarynda ýa-da boýnundaky limfa düwünleriniň çişmegine we ysgynsyz pes bolmagyna sebäp bolýar.
    Jogap
  • Chelsea Chelsea off № 5 1 мая 2022 20:34
    Bizdede kop dini yapynja edip batyl ynanc yayratyan dinsumak mollasumaklar.
    Jogap
  • Mellifluous Mellifluous off № 6 1 мая 2022 23:10
    Гость
    Papa bolmak hezil eken

    Onda-da nähili hezil…
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler