Hazal Tekin & Jennet Meredowa aýdyşyk goşgy. (Watan küýsegi)
Hazal:
-Meniň jaýym Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,
Baryp bilmän galandyr ýüregimde ýarasy,
Gözlermiň göresi ger, aýagymyň barasy,
Aýdyp ber sen Jennetim Köpetdagy nähili?
Jennet:
-Ylham dyñzap joş urar, biziñ ile çyksañ seýran
Howasy bar jana şypa, topragy derde derman
Görmedikleñ ýüreginde, galar uly bir arman
Köpetdagyn gürrüñ bersem, ol behişti-jennetdir
Hazal:
-Hak sylamyş, barmyka jahanda bir deňimiz?
Babyr bilek beglerdir her agamyz hem inimiz.
Dutar beriň hol bagşa joşa gelsin göwnümüz
Adyp ber sen Jennetim hoş owazy nähili?
Jennet:
-Dutarynda jadylaýjy, bir ajaýyp seda bar
Gyjagynda tâsin sazly, hoş owazly seza bar
Diñleseñ şahyr bagşysyn mukamynda sapa bar
Saz-owazyn gürrüñ bersem, tapdyrmajak hazyna
Hazal:
-Nirede bir al görsem ýaşyl bilen bileje,
Türkmeniň tugy bolup düýşüme girýär gije,
Başymda hüwdi aýdyp balam diýýär bir eje,
Aýdyp ber sen Jennetim belent Tugy nähili?
Jennet:
-Ýaşyl tugum pasyrdanda, gök asmana görk berer
Buýsanjydyr türkmen halkyñ, ýaşyl reñki erk berer
Bâş ýyldyzy, bâş göli, baş welaýat halk bolar
Belent tugum gürrüñ bersem, milletimiñ gaýratydyr
Hazal:
-Mert pederi, mert atasy, merdanadyr özi
Goňşysyna wepaly, mydam hossarda gözi,
Aýdan bolsa şek bolmaz, hakykatdyr her sözi,
Aýdyp ber sen Jennetim ilim-günüm nähili?
Jennet:
-Geçmişi bar Oguzhanly, gerçek ogul kowumly,
Gorkut ata, Jelaleddin, Ârtogrul, âr ogully
Beýik taryh türkmenimiñ topragynda doguldy
Ilim-günüm gürrüñ bersem, agzybir hem jebisdir
Hazal:
-Göwheri diýr ýüregim, köňlüm sizi küýseýer
Ýylakly ýaýlasyna, güllerine suwsaýar,
Topragmy sürtsem göze, Ýa Ýaradan bolsa ýar,
Aýdyp ber sen Jennetim barýan ýollar nähili?
Jennet:
-Aýra düşen topragyndan çeker köñül yzasyn
Geçen niçe aýralygyñ ýyllar berer mazasyn
Nesip dogan sürer senem, bir gün ýurduñ sapasyn
Gürrüñ bersem ýollarmyzy, bugün uzakdyr-uzak
Hazal Tekin & Jennet Meredowa.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет