SANASAŇ SOGAPLY SANLAR
«Durmuşda bihal zat ýok» diýilýäni hakykat. Ynsanyň ähli hereketleri, diýýän sözleri, edýän işleri, hatda ýüreginde besleýän niýetleridir aňynda aýlaýan pikirleri-de hökman bir gün özüniň netijesini berýär. Diýmek, biziň her bir gymyldy-hereketimiz, duýgy-düşünjämiz kalbymyzyň giňligine, aňymyzyň çuňlugyna laýyklykda, niýet edişimize görä, bize öz täsirini ýetirip, durmuşymyzyň öňe ýa-da tersine özgermegine sebäp bolýar. Bu zatlardan biziň her birimiz hem azda-kände habarlydyrys. Ýöne adamyň belli bir sanlary ürç edip gaýtalamagy arkaly, öz öňünde goýan maksadyna ýeňillik bilen ýetmegine mümkinçiliginiň bardygyna bolan yrym-ynanjy welin, köpümiziň bilmeýän bolmagymyz ahmal. Nähili täsinlik?! Hatda sanlar bilen içgin gyzyklanýan bilermenleriň köpüsiniň aýtmagyna görähem, sanlar bilen bagly bu yrymyň, (eger-de ony çynyň bilen ynanyp ýerine ýetiren halatyňda) hasyl bolýan wagtlary az bolmaýar. Biz hem bu täsin yrym-ynanç hakyndaky maglumatlar köpleri hem gyzyklandyrar diýen umyt bilen onuň ýerine ýetirilişiniň özboluşly kadalaryny size ýetirýäris. Onda näme, ilçilikde aýdylyşy ýaly, «Yrymly hem bolmalyň, yrymsyz hem». Goý, aňyrysy ýagşy arzuw-niýetlerden alyp gaýdýan şeýle yrym-ynançlar elmydama hasyl bolsun!
4 EGLENÝÄRIS - 20 TIZLENÝÄRIS
Eger-de siz haýsydyr bir ýagdaýyň tizräk bolmagyny isleýän bolsaňyz, (meselem, siz işe gijä galsaňyz, garaşýan awtobusyňyz bolsa entek gelenok, ýa-da siz dostuňyz ýa joraňyz bilen bilelikde juda möhüm işewür duşuşyga gitmeli, ol bolsa gijä galýar) onda öz ýanyňyzdan mümkin boldugyça tiz-tizden 20-lik sany gaýtalaň. Sebäbi sanlaryň häsiýetine görä 2-lik san siziň yhlasyňyzyň güýjini artdyryp, 0-luk san siziň islegiňiziň garşysyna bolup duran ýagdaýyň güýjüni 0-a deňleýär.
Eger-de tersine, siz haýsydyr bir ýagdaýy eglemek gerek bolsa, (mysal üçin, siziň entek ýetginjek ogluňyz ýaşlyk ýelgini bilen toýuň, ýa-da başga bir öz durmuşy bilen bagly jogapkärli wakanyň wagtyndan has ir bolmagyny isleýär. Siz bolsa oňa entek onuň ýaşdygyny, durmuşda okuw-hünär ýaly ondan öň ýetmeli maksatlaryň bardygyny düşündirip bileňizok) onda öz ýanyňyzdan 4-lük sany gaýtalaň. Çünki 4-lük dörtburçlykdyr. Ol durnuklylygy aňladýar. Üstesine-de onuň ähli burçlary deň bolup, haýsy tarapdan seredeniň-de hem şol bir durnukly görnüş emele gelýär.
10+1 AZALDÝARYS – 7+1 KÖPELDÝÄRIS
Eger siz haýsydyr bir zadyňyzyň köelmegini isleýän bolsaňyz, (meselem, dostlaryňyzyň, gapjykdaky pullaryňyzyň, mallaryňyzyň) onda siz öz ýanyňyzdan «7+1» diýip ýygy-ýygydan gaýtalaň. Sanlaryň içinde 7-lik sanynyň syrly hereketleri häsiýetlendirýändigi, 1-lik sanyň bolsa berk maksady hem güýji aňladýandygy, galybersede, 8-lik sanyň (7+1) dynuwsyz tükeniksizligiň alamatdygy sebäpli, bu sanlary bellenilen tertipde yzygiderli gaýtalamak size hökman peýda getirer . Ýa-da onuň garşysyna, siz haýsydyr bir zadyňyzyň azalmagyny isleýän bolsaňyz, (aýdaly, horlanmak üçin bedeniňiziň agram sanyny) onda «10-1» diýip köpräk gaýtalaň we boljak özgerişlige taýyn boluň. Sebäbi 10-1=9. 9-luk san bolsa gönüden-göni özgerişligi alamatlandyrýar.
40 GURÝARYS – 44 ÝOK EDÝÄRIS
Eger-de siz nämedir bir zady gurmak, döretmek isleýän bolsaňyz, (mysal üçin, täze jaý, täze gatnaşyklar, täze iş meýilnamalary) onda size şeýle ýagdaýy göz öňüne getirip, içiňizden «kyrk gezek kyrk» diýip zol-zol gaýtalamak gerek. Üns berseňiz, biz durmuşda haýsydyr bir zadyň bolmagyny isleýän bolsak – syrkawlanymyzda gutulmak islesek, onda «kyrk gezek» ýa-da «kyrk kişi» diýen ýaly aňlatmalary köp ulanýardyrys. Çünki köp halklarda 40-lyk sanyň kän gaýtalanmagy, arzuw edilýän zadyň döremegine sebäp bolýar diýen yrym bar.
Eger-de durmuşyňyzda ýüze çykan sizi ünjä goýýan bir meseläniň, ýerliksiz aladanyň, bähbitsiz işiň öz-özünden ýok bolup gitmegini isleseňiz, öz ýanyňyzdan 44-lük sany gaýtalaň. Synlap görseňiz, 44-lük san ýyldyryma hem meňzeşdir. Şonuň üçin bu sany gaýtalamak, islemeýän zatlaryňyzyň ýyldyrym çaltlygynda ýitip gitmegine kömek etse, beýleki tarapdan, iki sany 4-lügiň bile üsti-üstüne gelmegi islendik durnukly zadyň hem ýok bolmagyna getirýär. Çünki iki dörtburçlygyň burçlarynyň jemi 8-dir. 8-lik san bolsa, öňem belleýşimiz ýaly, dynuwsyzlyk-tükeniksizlik. Şeýlelikde, bu sany gaýtalap ýörmek, siziň ýüze çykýan aladalaryňyzy dynuwsyz ýok etmäge kömek eder.
Gülmahy MÄMMETGURBANOWA,
«Esger»
Özüňi tanaryn diýseňiz #12
Bilim,
Ahmedik_97
tarapyndan
4-05-2022, 05:28