Salam dostlar! Göz öňüne getiriň, "TurkmenFilm" hem beýleki meşhur studiýalar (Marvel ,DC) ýaly öz Comics-leri arkaly gahrymanlary döredip soň kino surata düşürse nähili bolar? Geliň onda hyýaly komiks gahrymanlary özümizçe döredeliň! Hany onda başladyk...

Taryhy-fantastik gahrymanlar

1.Alabay-Star
Alabay-Star - Çarwadarlaryň gahrymany.Gelip çykyşy boýunça çopan maşgalasynda doglup ,ençeme kynçylyklary görenligi sebäpli çopan sürülerini howpdan goramaga kasam edýär.Şeýlelik bilen özüniň ýörite lybasyny edinip Alabay-Star ady bilen çopan sürülerini goraýar.

2.Gigant-Man (Äpet adam ýa-da döw)
Gigant-Man - Bilşiňiz ýaly türkmen halk ertekilerinde döwler bilen baglanyşykly ertekiler örän köp duş gelýär.Şol sebäpden öňden bar bolan ideýalaryň üsti bilen bu personažy ýagşylyga garşy duşman hökmünde ulanmak bolar. Belki geljekde ulanarlaram ,kim bilýär))

Häzirki zaman (sosial ulgamda) gahrymanlar

1.Internet Speed Eater (internet tizligini peseldiji)
ISE - özüniň tehnika älemine bolan söýgüsi sebäpli IT-ulgamlary bilen gyzyklanýan oglanjyk.Emma adamlardan diňe ýamanlyk görenligi sebäpli birgün Internet tizligini peseldiji abzal ýasaýar.Ol dünýä ýüzi boýunça aýlanypdyr we ülkämizden gowy ýeri tapyp bilmändir.Şol sebäpden ähli goş-golamlaryny şu ýerik getirip ymykly ornaşypdyr.Onuň bar ýerinde internet tizligi ýokarlanyp bilmändir, sebäbi onuň abzaly häzire çenli işleýär.

2.Youtube Blocker (Youtube bloklaýjy)
Ýokary bilimli programmist internet torundan gündelik durmuşda ýygy-ýygydan peýdalanýar.Emma onda bir mesele bardy ,ýagny Youtube platformasynda tizligiň pes bolmagy.Şol sebäpden hem ol ähli işini bir çete süýşürip beýleki ulanyjylar üçin platformanyň elýeterliligini bloklaýan programmany döretmäge girişýär. Ol muny başarýar we has ýokardakylara özüniň täze programmasyny mahabatlandyrýar netijede iki tarapyň ylalyşygy bilen bölekleýin platforma bloklanmasy ýüze çykýar.

3.VPN Killer
Ähli programming bilimlerini özbäşdak öwrenen ýaş programmist ilki bilen ähli çäklendirilen ulgamlara girip bilýän soft üstünde işleýär ,we onuň hötdesinden gelýär.Emma birgün içgysmalykdan şol döreden kontentini awtomatik bloklaýan programma döretmek islegi onda peýda bolýarijede ýaşajyk programmer bu işi hem üstünlikli ýerine ýetirýär.Şeýlelikde ol diňe öz programmasynda dälde ähli VPN Service-leri duruzýan soft döredýär.Programma kodundaky käbir näsazlyklar sebäpli ol ähli sistemalardaky serwisleri duruzýan Killere öwrülýär. Bu ýagdaýy programmistiň özi hem düzedip bilmeýär ,netijede uly gurluşly VPN blokiratory emele gelýär.

Soňlama: Elbetde bularyň ählisi degişme äheňde ýazylan ,ilkinji hyýaly komiksi komedik görnüşde suratlandyrmagy isledim.Ýöne indi bilelikde hakykata ýakyn gahrymanlary siz bilen suratlandyrarys...

Öz pikirleriňizi teswirde galdyrmagyňyzy haýyş edýäris!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, SaDMaN tarapyndan 4-05-2022, 20:28

  • Hiayress Hiayress off № 1 4 мая 2022 20:57
    Romantiki gahryman.

    White color lover (Ak reňki söýüji)

    Öňde soňda türkmeniň "Ak reňk alnyňa ýagşy" diýen ýeketäk nakylyny öwrenip, şonyň gudratyna çyn ýüregi bilen ynanan we adamlaryň gara maňlaýlaryny ak reňke boýap agartmana çalyşýan hyýalbent.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 3 4 мая 2022 21:01
    Superzehinsformer-man - Adamlaryň IQ derejesine täsiri gaty uly bolup, Türkmenistanyň öňde gelen halk gahrymany bolmak bilen, adamlaryň arasynda öz güýjüniň kömegi bilen ýaýradan habarlary esasynda köpçülikleýin zehin ýoklap özüne baglaýar. Güýji şeýle bir ýiti we uly welin edil "covid-19" deý çalt ýaýraýar, käbir aşa zehinli teswirçileriň çuňňur oýlanyp aýtmagyna görä "Illuminati" ýaly toparlaryň agzasy bolmagy ahmal. Muňa garşy halkara gorag çäreleri dowam edýär. Jemgyýetçiligiň içinde onuň gizli agentleriniň, Harasat, imo citata gahrymanlary, hiç zat bilmän gürleýänowlar bolup biljekdigi çaklanylýar.
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 4 4 мая 2022 21:13
    Hiayress,
    dogry aýdýaň ,hem syýasat tarapdan hem nazary tarapdan dogry gelýä şi
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 5 4 мая 2022 21:14
    Keaip_begcon,
    öräň oňat ,köpräk personaž jemlesek özümize kino alarys ,kstati sen režissýor)
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 6 4 мая 2022 21:19
    saýtda dünýä garaýşy giň agzalar kän ,blogda ýazylan personažlaryň syýasy ähmiýetine ençemesi düşinendir dp umyt edýän
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 4 мая 2022 21:24
    SaDMaN,
    Tuweleme kakytmana okdaysizler ;)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler