Saña ugratmaly sms-lerim.
Seni görenler maña "Göwnüñe laýygyny tapypsyñ" diýdiler.Diýdim:"Göwnüm neneñsi owadan eken!".
**********
Saña gijeleri "Düýşlerime gir!" diýmerin.Çünki,bar bolan zadyñ bolmagy islenmeýär.
**********
Asmany päk ýüregiñi ýatladýandygy,ýollary saña sary eltjekdigi,wagty senli günlere ýetirjekdigi üçin halaýaryn.
**********
Maña soñky sms-iñde "Näme işleýäñ?" diýipsiñ.Elbetde,hemişeki işleýän işimi.Sen hakynda pikirlenýärin.
**********
Dañdan oýanmak seniñ sesiñi eşitjekdigimi bilýänligim üçin,gije ýatmak "Gijäñ rahat bolsun!" sms-leriñi alýanlygym üçin ýakymly.
**********
Maña "Bagt näme?"diýip soranlara seniñ ýylgyrşyñy görkezmek isleýärin.
**********
"Haçandan bäri gijelerine ir ýatyp bileñok?" diýýäñmi?! Uzak däl,seni tanan günümden bäri.
**********
Güllere adyñy pyşyrdaýan,ýollardan ýanymda sen bar ýaly ýöreýän,aýnada garşymda sen duran ýaly bezenýän.
**********
Men sowuk günleri halamazdym.Sen dünýäme gireliñ bäri olaryñam lezzeti başga bolup duruberdi.Asyl men ýalñyzlykda geçen günlerimi halamaýan ekenim.
**********
Penjirelere,sahypalara adyñy ýazmakdan ýadamadym.Olar dagy nämejikmiş adyñ ýüregimde ýazylgy durka?
**********
Käte bimahal çagy saña jañ edip, "Alo"sözüñi eşdenimden soñ telefony öçüräýsem,geñleme!Munuñ ýeke-täk düşündirişi bar:Uklamazymdan öñ sesiñi eşitmek hoşuma gelýär.
**********
Maña ikimiziñ adymyz bile ýazylan kagyz bölejigini sowgat et.Iñ ýokarsynda "Toý çakylygy"diýip ýazylan bolsun!
Mahym Nurgeldiýewa.

1 2
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
41 комментарий