“Gijelerme hemradyň...”
Gijelerme hemradyň,
Gündizlerme daldadyň.
Yşkym bilen gümradyň,
Aýt, näm üçin aldadyň?
Dag ýalydy ynamym,
Kir-kimirden uzakdy.
Aglap-aglap ýananyň,
Ýa duýgyma duzakmy?
“Haýp...haýp...” diýdiren
Armanlaryň astynda
Oda beren dideleň
Nikapmydy aslynda?
Göwnüm asman deýindi,
Bu gün sygýar owuja.
Näme diýseň – diý indi!
Goý, ýanaýyn gowuja...
Sapa HOMMADOW
Gündizlerme daldadyň.
Yşkym bilen gümradyň,
Aýt, näm üçin aldadyň?
Dag ýalydy ynamym,
Kir-kimirden uzakdy.
Aglap-aglap ýananyň,
Ýa duýgyma duzakmy?
“Haýp...haýp...” diýdiren
Armanlaryň astynda
Oda beren dideleň
Nikapmydy aslynda?
Göwnüm asman deýindi,
Bu gün sygýar owuja.
Näme diýseň – diý indi!
Goý, ýanaýyn gowuja...
Sapa HOMMADOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
3 комментария