Salam agzalar. Bu gün saýtymyzyň iň syrly agzalaryndan biri bolan Mümkin agza bilen "Massimus production" açyk görnüşli eldekileşdirilen paýdarlar jemgyýeti söhbetdeşlik gurnasa neneň görýäňiz, özi garşy bolmasa elbetde. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz. Onda başladyk
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Saýtdaky iň halaýan agzaňyz?.
3. Näme üçin köplenç gaýgyly goşgular ýazýaňyz?
4. Şahsy durmuşyňyz (durmuşa çykan?söýgiliňiz barmy?)
5. Öz döredijiligiňizdäki iň halaýan goşgyňyz?
6. Siziň idealyňyzdaky oglanda hökman bolaýmaly häsiýetler?
7. Ýene 5 ýyldan soň özüňizi nähili göz öňüne getirýäňiz?
8. 3 dilegiňizi bitirjek Jyndan nämeler dilärdiňiz?
9. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, maşgalaňyzyň bagtyna ömrüňiz uzak bolsun! Gözleriňiz elmydama bagtdan, söýgiden, ýeňişlerden ýaşarsyn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 10-05-2022, 21:39

  • ýüreksözi ýüreksözi off № 2 10 мая 2022 21:50
    1Adym Aýna (galanynam bilýäler munam ýöne boş goýmaýyn dp aýtdym)
    2 Kalp dogtary, nurmuhammet, Bendtner.
    3 Gaýgyly goşgylary ýürege ýakyn görýän halaýan şol tipdäki goşgylary
    4 Söýgilim bar
    5 Ejem hakda bir goşgy ýazypdym şol goşgy.
    6 Esasy adam bolsyn düşünjesi bolsyn galanam barýaka bolar
    7 Ak halatda çagalary bejerip ýören lukman görnüşde görýän
    8 Ejem bn kakamyň ömürlik bagtyny, janymyzyň sag bolmagyny, Hemme arzuwlarymy hasyl et diýerdim
    Sag bolyn sizede şol arzuwlar!))
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 3 10 мая 2022 22:13
    ýüreksözi,
    Eyyy sen jynsparaz gyz damai nadp soygulin bar?
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 4 10 мая 2022 22:21
    1. Hakyky adym Tashli (Tulegenowyn atdashydygyma begenyan)
    2. Hiayress, Pegas, Essalamunaleykum, Keaip begcon, arkac, dark wolf. (Hemmesem akly bashynda pozitiw pikirleri bolup gerek yerinde gowy maslahat berip bilen kishiler. Ha yone hokman birini saylamaly bolsa, ozum ?
    3. Yazamok
    4. Soygulim yok, gezyanim we tazym bar ? Oyun edyan soygulim bar
    5. Gosgy halamok, yone hormat goyyan
    6. Menin pikirimdaki gyz hokman akylly, edepli, yokary bilimli bolmaly, shuwagtam hudaya sukur bar sheyle.
    7. Yene 5 yyldan son ozumi has uly yerlerde pikir edyan
    8. Sholar yaly pikirlenmeleri halamok
    9. Sagbol sanada
    Jogap
  • wordless wordless off № 5 10 мая 2022 22:25
    Mümkin agza bilen geçirmekçi diýip ýazmandyrmaý awtor.. ýa men ýalňyş okadymmykam, ýa ýalňyş düşündimmikäm?!
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 6 10 мая 2022 22:29
    wordless,
    Hic bizem goshulyas, goldayas :)))
    Jogap
  • wordless wordless off № 7 10 мая 2022 22:33
    Voyvoda, bolubilýä
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 8 10 мая 2022 22:35
    Sag boluň Voyvoda, ýüreksözi goldanyňyz üçin!!
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 9 10 мая 2022 23:02
    Jogapsyz sowal

    “Kim sen?”
    Öwran-öwran berdiñiz sorag,
    Nätanyş nazarlar atdylar öwşün.
    Ahmal, biçak geñlärsiñiz aýdaýsam,
    Özümiñ kimligim agtaryp ýörşüm.

    Kä dünýäñ derdine biparh düñle men,
    Kä mätäje ýetirýärin delalat.
    Kä ummanda damja saýýan özümi,
    Kä kimsä meñzemez şeýle del adam.

    Käte şowhun gaýy turýar ýürekde,
    Gussalarym damar dartýar käýarym.
    Kä zyba zemine sygmaýar göwnüm,
    Käte gum deý ýeke gysym galýaryn.

    Mahal-mahal çet künjege çekilen,
    Bar närseden elin üzen ýalñyz men.
    Birden ejiz gorkylarmyñ gaşynda,
    Birdenem merdemsi, batyr, algyr men.

    Danadyryn,öwüt berýän käýarym,
    Kä aklyn ýele taladan diwana.
    Söz aşygy, suhangöýdürin käte,
    Kä dymma men, söz tapmaýan diýmäge.

    Kämahallar ýomak atýan alçak men,
    Kä agraslyk serde sürýär hökümin.
    Ynanjañdan sada göwnüm bar käte,
    Kä astynda ezilýärin şekimiñ.

    Kim men?
    Ornum niresinde älemiñ?
    Gowsy, hezzet etmäñ soraglañ söwşün.
    Bilýän, biçak geñlärsiñiz aýdaýsam,
    Özümiñ kimligim agtaryp ýörşüm.

    Agtarmaklyk çözgütmikä, eýsem-de,
    Akyldan süzülen şerbeti içip,
    Tar-u mar etseñem dünýäñ dört künjün
    Ýitirmedik närsäñ tapyp bor niçik?

    Mahym Nurgeldiýewa
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 10 11 мая 2022 02:02
    Salam!Online söhbetdeşlik üçin sagat 9-dan soñy maslahat beremok.Sebäbi düýşler älemine geçýän :)
    1.Özüm barada aýtsam adym Mahym.Ýylym 98.Ýaşaýan ýerim Ahalyñ merkezi.
    2.Bir däl,esasy gatnaşýanlarym saýta seýrek gelýän @Aksary,onsoñ @Mähek,gatnaşmasagam gatnaşmagy niýet edýänim @Nirvana,hemem ýazan hekaýalaryny añryýany bilen halaýanym @Massimus.
    3.Bäh.Şadyýan goşgum ýokmyka-raý?!Hany ertire çykaýyn :))
    Bilmedim.Asylam poeziýanyñ aglaba bölegini gamgyn goşgular tutýar.Munuñ sebäbi goşgunyñ gamgyn pursatlaryñdan çykmak,rahatlamak üçin ýazylýanlygy bolsa gerek.Begençli pursatlarda ýazylan goşgular seýrekdir.
    4.Derdimi gozgamasana :)) Ikisem ýok.Bolsa dokuzda ýatarynmy?! :) Iki sagat dagy telefonda gepleşerdim.
    5."Dertdeşine dert ýolugsa
    Duýarmyş diýdiler ynsan.
    Sözlemäge sözi känkä
    Dymarmyş diýdiler ynsan."
    setirleri bilen başlanýan goşgumy has halaýan.Muny mahal-mahal öz ýanymdan gaýtalap ýörmek endigim bar.
    6.Duýguçyl,romantik,alçak,degişgen,akýürekli.
    7.Bäş ýyldan soñ işimde üstünlik gazanan,maşgalaly,perzentli bolmak isleýärin.Ýöne bilmedim-dä bu şowsuzlygym bilen...
    8.1.Ejemi Käbä ugratmak.
    2.Oñat ýanýoldaş.
    3.Akyl we ruhy taýdan sagdyn perzentler.
    9.Hem-ä ýagşy dilegleriñ üçin hemem gurnan ajaýyp söhbetdeşligiñ üçin tüýs ýürekden minnetdar!
    Hany şu soraglary özüñem bir jogapla. :)
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 11 11 мая 2022 07:40
    "Massimus production" işiňizde üstünlik.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 12 11 мая 2022 07:50
    Sag bol Mahym, saňa geljekde ähli ýagşy arzuw niýetleriňe ýetmegiňi arzuw edýärin!
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 13 11 мая 2022 07:50
    Baýker sag boluň!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler