Ýatlagyn meni! (awtor: Sabyr Ýegelekow #SaDMaN)
Düşdi aramyza ençeme ýollar,
Ýekelikde galsaň ýatlagyn meni!
Söýgä aralaşdy ençeme gollar,
Ýüregiň gysanda ýatlagyn meni!
Gelerdiň sen aşygyňy ýandyryp,
Garaşdyryp günuzyn,ýola bakdyryp,
Örüm saçlaryňa güller dakdyryp,
Aýralyk gününde ýatlagyn meni!
Ganat baglap asmanlarda uçardyk,
Söýgi ýodasyndan bile geçerdik,
Yşk şerabyn meý-mes bolup içerdik,
Bagtly günler içre ýatlagyn meni!
Şeýle bir gün geldi, aýryldym senden,
Söýüpdim men seni jan bilen tenden,
Senem indi gaty görmegin menden,
Hak aşyk keşbinde ýatlagyn meni!
Awtor: Sabyr Ýegelekow (#SaDMaN)
Ýekelikde galsaň ýatlagyn meni!
Söýgä aralaşdy ençeme gollar,
Ýüregiň gysanda ýatlagyn meni!
Gelerdiň sen aşygyňy ýandyryp,
Garaşdyryp günuzyn,ýola bakdyryp,
Örüm saçlaryňa güller dakdyryp,
Aýralyk gününde ýatlagyn meni!
Ganat baglap asmanlarda uçardyk,
Söýgi ýodasyndan bile geçerdik,
Yşk şerabyn meý-mes bolup içerdik,
Bagtly günler içre ýatlagyn meni!
Şeýle bir gün geldi, aýryldym senden,
Söýüpdim men seni jan bilen tenden,
Senem indi gaty görmegin menden,
Hak aşyk keşbinde ýatlagyn meni!
Awtor: Sabyr Ýegelekow (#SaDMaN)
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
13 комментариев