Salam agzalar. Durmuşyň aladalary, gündelik hysyrdylar, maşgala bolçulygyny gazanmak üçin arman, ýadaman halal zähmet çekýän we onuň hözirini görýän mähribanlar. Bu gün saýtymyzyň (meň bilişim boýunça) ýeketäk futbol fanatkasy Senýorita bilen (Ýurgen Klop we onuň şadyýan "Liwerpulemýot" ansamblynyň haýyşy boýunça) "Massimus production" bütindünýä millionerleri goramak halkara guramasy söhbetdeşlik alyp barar, özi garşy bolmasa elbetde. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz, başlaly!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Siziň üçin saýtdaky iň ýürege düşgünç agza kim? (menden başga, elbetde)
3. Futbola fanatka bolşuňyz barada gürrüň beräýiň. (futbola nähili tomaşa edýäňiz? emosionalmy ýa-da ýuwaşja görýäňizmi?)
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Eger Siziň halan oglanyňyz futboly ýigrenýän bolsa (ýa-da Mançester Sitä balet edýän bolsa) näme ederdiňiz?
6. Özüňiz bilen baglanyşykly (ýa-da söýgiliňiz bilen baglanyşykly) gyzykly bir wakany gürrüň beräýiň.
7. Geljekde, aýdaly, 10 ýyldan soň Senýoritany nähili göz öňüne getirýäňiz?
8. Tutuş adamzat üçin 1 ýagşylyk etmäge ygtyýaryňyz bolanda näme ederdiňiz?
9. Goý Siziň janyňyz sag, işiňiz rowaç, ähli arzuw niýetleriňiz hasyl bolsun. Finalda-da size we toparyňyza uly üstünlik arzuw edýärin. (Liwerpulyň hakyky fanatlaryna Realfandan ýalkymly salam).
10. Şu ýerden islän adamyňyza salam ýollap bilýäňiz.
11. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz we ýokardaky soraglara jogap hem ýazyp bilersiňiz, sag boluň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 13-05-2022, 00:05

  • mrokas mrokas off № 1 13 мая 2022 00:09
    Hemme agza bilen şeýdip tanşyp çykmakçy bolýaňuzmy ýa tanyşdyrp çykmakçy bolýaňyzmy? Haýsyny edeniňizde hem üstünlik!
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 2 13 мая 2022 00:16
    Syrly, üýtgeşigräk agzalar bilen ýakyndan tanyşyp, tanyşdyrasym gelýär
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 13 мая 2022 00:19
    Agzalaram soraglara jogap ýazyp bilýärler we özlerini gyzyklandyrýan soraglary sorap bilýärler
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 4 13 мая 2022 00:33
    Esasy tanyşjak we tanyşdyrjak 3 agzam bardy. Olaryň hersine berilmeli soraglar üýtgeşigräk bolany üçin aýratyn mowzuk açmaly boldum. Mümkin agzaň goşgularynyň muşdagy, aýratynam käbir goşgularyny ýatdan bilýän.
    Nirwana agza aşa duýguçyl we duýgularyny ýokary çeperçilik bilen beýan edip bilýär.
    Futbol fanatkalaryna aýratyn hormatym uly, meň söýýän zadymy halaýandyklary üçin olara baş egýärin, sag bol Senýorita.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 5 13 мая 2022 01:10
    Massimus,
    Bizä «Massimus produktion»-y alyp barýany tanasymyz gelýär. Şeýle-de bizi gyzyklandyrýan soraglardan käbiri:
    1. Biografiýaň barada gysgaça maglumat;
    2. Hobbyň näme?
    3. Saňa görüpçilik edýänler barmy? Olar barada gysgaça maglumat.
    Teklip:
    Şu gepleşigiňi dowam et, agzalaram garşy çykyp durmasa gerek.
    Jogap
  • Гость Гость off № 7 13 мая 2022 02:27
    Massimus,
    Söhbetdeşligi gyzykly alyp barýaň, dowam et Apldeş!
    Jogap
  • Гость Гость off № 8 13 мая 2022 02:29
    5. Eger Siziň halan oglanyňyz futboly ýigrenýän bolsa (ýa-da Mançester Sitä balet edýän bolsa) näme ederdiňiz?

    -Dogurdanam, näme ederdiň?! ( Futbola we Liwerpula wepalydygňy barlamak üçin gowy sorag:))
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 9 13 мая 2022 06:08
    Menden kiçisiň öýdipýördim uly ekeniňähow..
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 10 13 мая 2022 06:08
    Гость, sag boluň agam
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 11 13 мая 2022 06:14
    Durmush
    howwa, ýer ot çykany bäri bar bizem
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 12 13 мая 2022 06:30
    O.ow... Nyşanda men. Men entek ýaş diýeýinmi :))
    Wiý, salam hemmä! Ýagdaýlaryňyz niçik?! Üns bereniňiz üçin sag boluň welin, men entek saýta täzeräk gelipdim, entek saýtdaky belli, gadyrly agzalar barka men bu soraglara jogap berip otursam birhiliräk bolmazmyka?!
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 13 13 мая 2022 06:35
    senyorita.,
    Hiç hilem bolmaz, arkaýyn ... .
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 14 13 мая 2022 07:15
    Massimus,
    Daşoguzdanmy Siz! Tanyş nätanyş )) Duýgurlygym meni aldamaýa. Sizi näme üçindir özüme ýakynrak ýaly duýupdym. :)
    Onsoňam saýta bir günde agza bolupdyrys.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 15 13 мая 2022 07:16
    Senýorita
    Mowzugyň başynda-da aýdypdym "özi garşy bolmasa elbetde. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz" diýip. Eger soraglar sizi oňaýsyz ýagdaýa düşüren bolsa ýa-da özüňizi köpçülige tanatmak islemeýän bolsaňyz Sizden ötünç soraýan. Işleriňize üstünlik, sag boluň.
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 16 13 мая 2022 07:18
    Massimus,
    Ýok-la beýle diýjek bolmadym. Ok, onda başladyk...
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 17 13 мая 2022 07:50
    Şu Senýorita jogap ýazsa meni oýadaweriň :) biraz irkiljekdim
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 18 13 мая 2022 07:58
    1. Adym Göwher. 2001-nji ýylyň 6-njy aprelinde dünýä indim. Daşoguz, Gurbansoltan eje etrabynyň bir obasynda ýaşaýan.
    2. Aýý, enteg-ä olar ýalysy ýok.
    3. Futbol. Özümiziň goňşy çagalar bilen oýnaýanymyzdan başga esasy futbolyň bardygyny mekdebe baransoň bildim :). Mekdepde bolsa başga komanda bilen başga futbolist bardygyny bilmeýän ýaly Real Madrid, Ronaldu we Barselona, Messi...
    Nämüçindir meni mydama Messi özüne çekýärdi. Hat-da ýüzüni görmesemem)). Belki, köpleriň Ronalduny gowy görýäni üçindir. Sebäbi köplenç, bir kişini ýa bir zady köp kişi gowy görüp başlasa men şony halaman başlaýan. Soň Messili oýunlary dogry gelen wagty görüp başladym (Olam gowja bolup). Bir gezegem Barsa (aslynda, Barsa meň üçin Messi) "gyzyl" eşikli topar bilen futbol oýnady. Şonda anyk ýadyma düşenok, Messini çilip ýykdylarmy, bilmän ýykdylarmy?! Ýykylyp otyrka bir "gyzyl" eşikli kellesine urup gitdi. Meň gowjamy kellejigine kim urdy?! Fabinho... Ana, şondan soň men Liverpool-a üns berip başladym. Salah, Mane, Firmino, Arnold, Robertson, Henderson, Virgil, Lallana (şol wagtlar bardy), Joe Gomez, Milner, gülgüne futbolkalyja Alisson, Chamberlain, Origi... aý bolýa-laý, bilýäňiz-ä özüňiz... Gözüme gowja görnüp başladylar. Tutuş komandany tüýs ýürekden gowy gördüm. Agzybir, agras... garaz başgaça. Bir gezegem Liverpool Salsburg-mydy, (Minamino-nyň öňki komandasy) Zalsburgmydy?! Garaz şo komanda bilen oýnanda bir gowja oglanjyk çalt-çalt ylgap hemme ýere ýetişip ýör. Bir görenden ünsümi çekdi, gowy gördüm.
    Liverpool-yň şondan soňky oýunynda Minamino Liverpool-da oýnap ýör-ä. 1,93 boýuňa döneýin Kloop, 6ürejigim bol-a...
    Gyz doganym Liverpool-y gowy görýädi. Seredesimem, göresimem, tanasymam gelmeýädi. Ýöne şol Messiniň kellesine urlandan soň.... Futbol görenimde dekime oturyp bilmeýän he-he. Gol geçse dagy bolany. Jigim menden ep-eslije daşda oturýa, gowy görýän kinomy görsem ýa-da Liverpool-yň futbolyny görsek. Näme etjegim belli däl-dä.
    Futbolyň soňunda gujak-gujak edilýän ýerini aýratyn gowy görýän. Onda-da Kloop oguljyklaryndan mes bolanda...
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 19 13 мая 2022 08:17
    Salam gyzykly gürrüňdeşlik gurnaýaňyz, @Senýorita agza hakyky futbol fanady eken. Berekella.
    Jogap
  • Гость Гость off № 20 13 мая 2022 08:36
    Massimus,
    Togsanynjy ýyl bolsaňyz siz menden uly bolýaňyz,gaýtam men size "aga" diýmeli, agam.

    Onsoňam, Senýorita jogap ýazdy ("oýadaweriň" diýeniň üçin aýdaýyn diýdim:))
    Jogap
  • Гость Гость off № 21 13 мая 2022 08:38
    senyorita.,
    Robertson urupdy, Messijigiň kellesine :)
    (Ýa,meň diýýänim başga oýunmyka?)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 22 13 мая 2022 08:39
    senyorita., salam. Ýazaňda otur-nokatlardan soň probel ulanaweri, jigim, süýnmek setirleri düzetmek iş boldy)
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 23 13 мая 2022 09:19
    Hiýh,3-je soraga jogap berşim şu-da meň masgara...
    4.Şahsy durmuş bu:Papasynyň delje häsiýetli,dälije gyzy men,delje,dälije doganynyň özüne meňzäp barýan oglan jigisi we biziň "КОРОЛь"-ymyz papam.
    Işleýän,okaýan ýerim ýok.Ikisinem özbaşdak edýän.Hemme zada diýen ýaly gyzyklanýan.Okamakdan,kino görmekden,aýdym diňlemekden,dürli-dürli gyzyklanmalardan hiç haçan geçip bilmeýän.Geňräk gylyklarym: gaharym gelse ajygýan we köööp iýýän,joraplary gowy görýän :),ýagyş ýaganda palçykda ylgamany gowy görýän,gary halamaýan,haýwanlar bilen gürleşýän...garaz şeýleräk.
    5.Halaýan oglanymmy?!(Kim-kä ol :))
    Mmm,futboly halamaýan bolsa erbedem däl(ýeke görmek amatlyrak käwagtlar)ýöne Liberpool-y gowy görmäni öwredip biljegim-ä bilýän.
    Başga komandany halaýan bolsa,men-ä oň komandasynyň futbolyny görmezdim,ýöne ol meň komandamyňkyny hökman görmeli ;), birden ikimiziň komandamyz ýaryşýan bolsa utsak içini ýakardym, utulsak komandasynyň utany üçin ol jogap bermeli gür-tarp :))Ýowuzlaşyp barýan...
    5.Gyzykly waka...Aslynda baran ýerimde hökman bir hokga çykarýan... Mmm,haýsyny aýtsamkam...
    Ok,suwa gaçyşymy aýdyp beräýin. Men kiçi wagtym suwa düşmäni juda gowy görýän ekenim,aýtmaklaryna görä.Bedrede,legende ýa başga bir zatda bolsun tapawudy ýok suwuň içine giräýýän ekenim.Içilýän suw bolsa-da.Ýöne häzir-ä beýle däl.Akulaly,suwa gark bolunýanly kinolary köp görenimemi bilmedim.Ýaplardan gorkýan.
    Obaçylyk.Ýaz.mellek suwarylýan döwürler.Agşam sagat 1-lerdemi,2-lerdemi papam bilen mellege suw tutýas.Gözümeme ukuda.Papam aňry aýlanyp gaýtjak diýip mellegiň o çetine gitdi.Men aldym.Elimde fonarik ýok.Birden papam ýola çykyp nasosa seretmäne gitdi.Meňem gulagyma "Göwher...." diýlen ses eşdilen ýaly boldy-da,gitdim gyssanyp çillerden suwa gaçaýmaýan diýibem gorkýan. Şo wagtlaram papam esasy suw gelýän ýabymyzy gazypdy,adam boýundan sähel pesräk.Köprinem täze gurupdy.Özi men bir zady pikir etsem hökman bolaýmaly."Häzir şu köpriniň agajyna aýagymy ýalňyş basyp,suwa gaçaýsam"- diýip gelýän weli...Aýagymy agaja basdymmykam diýip basdym bir ýere...gaýtdym gijeki sowujak suwa,ýüregim dagy çalt urup gitd-ow.Gaty erbet gorkdum.Zordan,zordan çykdym ýapdan...Üstüm öl-myžžyk.Papam geldi.Oňam ýüregini ýardym gaýta."Bar-bar öýe"- diýip goýberdi.Gaýtdym ýene çilden robot ýaly bolup diňe aýak gymyldaýa,titräp-titräp.Banýanyň daşky gapysyny doganyma açdyryp girdim.Ukudan turup gelen doganym "Näme boldy?!Gowmy ýagdaýyň?!Üşänsiň-ä?!...we ş.m diýmäň ýerine,gözüni owkalap " Göwher,hany bir taý şypbygyň?!" diýýär-ä.
    Şeýle bolupdy.
    Belläp geçeýin,meň söýgülim ýok.
    7.10 ýyldan soň.31 ýaşymda...
    Bellibir käriň başyny tutan,papasyny, jigisini razy eden,öňküsinden has akyllanan,dünýägaraýşy giňelip, düşünjesi ösen,özünde erbet diýip bilýän häsiýetlerini özgerden, arzuwlarynyň köpüsini amala aşyran,ruhy taýdan güýçli bolan gyz hökmünde göz öňüme gelýän öz-ä.Nesip bolsa...
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 24 13 мая 2022 09:25
    8.Mümkinçiligim,ygtyýarym bolanda rak keselinden hiç kimiň ejir çekmezligi,ýogalmazlygy üçin elimde baryny ederdim.
    9.Sag boluň Massimus!Size-de şolar ýaly gowja arzuwlar!Finalda görüşýänçäk.
    10.Saýtyň ähli agzalaryna SALAM!
    Onsoňam meň iň gowy görýänlerimiň hatarynda duran ýakynlarym,meşhur ynsanlarym ählisine salam!Ýene bir zady aýratyn belläp geçeýin.Şu aýyň 23-ine 25 ýaşyny doldurýan Joe Gomeze aýratyn salam!He-he goşum-garym etdim.
    11.Baş üstüne soraglaryňyz bolsa!
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 25 13 мая 2022 09:29
    Gysgaldyp ýazyp bilmeýände şu ýaz diýseler.Arada köp wagt gidirdim welin,başga işler çykany üçin...
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 26 13 мая 2022 09:30
    Гость,
    Başgasydyr...
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 27 13 мая 2022 09:32
    Pegas,
    Salam!Ойй,прости...Azara goýanym üçin...
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 28 13 мая 2022 09:34
    Ýalňyşan ýerlerime özüňiz düşünersiňiz diýip umyt edýän!
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 29 13 мая 2022 09:39
    Näme üçin ýalňyş komanda bolet edýäň? :D
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 30 13 мая 2022 09:52
    Pegas,
    Вкус-yma görä... Olar gowja bolsa men günäkärmi?!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler