Salam saýtdaşlar we hormatly myhmanlar. Her bir adam özüniň düşünjesine, terbiýesine we dünýägaraýşyna görä özüni gowy adam hasaplaýar. Eger hemme adamlar gowy bolsa munça erbetlikler nirden döreýärkä? Gowy sorag. Geliň siziň bilen şeýleräk sorag-jogap alyşalyň. Özüňizi gowy adam edip görkezjek bolman, tankyt edilmekdenem gorkman, aşaky soraglara wyždanyňyz bilen jogap bermäge synanyşyň.
1. Awtobusda otyrsyňyz, içem adamdan doly, geldi ulurak ýaşly zenan ýa-da erkek adam. Ýer berseňiz özüňiz dykylyşyp, kösenip durmaly, (özem pylana ýer bermeli diýip ýazylan ýeri ýok) näme ederdiňiz?
2. Barýarkaňyz ýoluň ugrunda bir gapjyk ýatyr, Siz almasaňyz barybir ony ýene biri alar, (3 gezek "uraa" diýip gygyryp alybermeli diýýälerä) nähili hereket ederdiňiz?
3. Ýoluň aňyrsyna geçjek bolýaňyz. Pyýada geçelge 100 metr aňyrrakda. Seretdiňiz "gorkunç daýylar" ýok. (biderek ýöräp ýörjekmi) Näme ederdiňiz?
4. Belli bir haryt, aýdaly, telefon satjak bolýaňyz. Alyjy telefonyň kemçiligini görmedi, (garagy aksyn, aljak zadyny görmeli eken ýa-da bilýän adamy alyp gelmeli eken) siz aýtsaňyzam ony almazlygy mümkin. Kemçiligini aýdardyňyzmy?
5. Bazardan söwda etdiňiz. Satyjy size gaýtargysyny uzatdy, sanasaňyz ýalňyşyp ep-esli köp beripdir. (ýöne bu oň ýalňyşa, siz ogurlap almadyňyz puly) Näderdiňiz?
6. Işden gelýäňiz, bir garryja daýza elindäki sumkasyny zordan göterip gelýär. (Muňa siz däl, oň ogul-gyzy günäkär, garryny kösemeli däl eken) Siziň hereketiňiz?
7. Bir edarada işleýäňiz. Başlyk sizi ýanyna çagyrdy.
-Pylança manat berseň seni özüme orunbasar edip bellejek.
-Häzirki orunbasar işden gidýämi?
-Sen puluňy taýynla ony işden aýyrmak meň bilen.
(Işden aýrylýan bolsa kemçiligi bardyr, onsoňam oňa görä siz bu wezipä has mynasyp) Siz näme ederdiňiz?
8. Şu Massimus diýip bir agza bar, ýöne näderdiňiz?, näderdiňiz? diýip sorag baryny berýär. Eger ol näderdiňiz? diýip ýene bir mowzuk açsa näderdiňiz?
Biz nähili adam?
Sorag-jogap,
Massimus
tarapyndan
14-05-2022, 22:58