Salam, saýtymyzyň hormatly agzalary we gadyrly myhmanlary, bu gün ýene siz bilen dünýäniň internet taryhyndaky reýtingi iň ýokary bolan "Geliň tanyşalyň" sahypasy. Bu gün saýtymyzyň iň şadyýan agzasy mister Soho bilen söhbetdeşligi "Comedy klub" şousynyň hemaýatkärlik etmeginde "Massimus production" gülüp otyrka gülkisi tutýanlara gülki paýlaýyş hususy kärhanasy gurnar, özi garşy bolmasa elbetde. Öňki-öňkilik, islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz, üstünlik Soho!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Siz üçin saýtdaky iň gowy, iň gyzykly agza kim?. (Menden başga elbetde).
3. Siziň pikiriňizçe häzirki zaman türkmen degişmesi (prikoly) nähili derejede? (we munyň sebäbi nämede?)
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Özüňizdäki iň halaýan we iň halamaýan häsiýetiňiz?
6. MсM, Massimus, Soho şu 3-siniň haýsysynyň bloglary Size has köpräk ýaraýar?
7. Agzalaryň heniz eşitmedik degişmesini gürrüň beräýiň.
8. Özüňiz bilen bolup geçen iň gyzykly wakany aýdyp beräýiň.
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Ýene 15 ýyldan soň Türkmenistany nähili göz öňüne getirýäňiz?
11. Indiki sanymyzda söhbetdeşlik geçirilmeli agzany Siz saýlamaly. Indiki sanymyzyň myhmanynyň kim bolmagyny isleýäňiz?
12. Goý Siziň janyňyz sag, işiňiz rowaç, bize ýetirýän degişmeleriňiziň yzy üzülmesin. Hemişe ýylgyryp we ýylgyrdyp gez!..
13. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz we ýokardaky soraglara jogap hem ýazyp bilersiňiz, sag boluň!
Geliň tanyşalyň?! Şadyýan Soho bilen...
Sorag-jogap,
Massimus
tarapyndan
19-05-2022, 13:55