Hemmeler şeýle bir gürlemek isleýär welin, diňlemäge wagt tapanoklar. Ählimiziň birnäçe ýatlamalary bar. Bir gezek gürrüň bermegem ýetenok. Başymyzdan geçen wakalary, ýatlamalary owadanlap her ýerde gürrüň berýäs. Meselem, IMO, Instagramda story-de, we sitelerde paýlaşýas. Soňra aşagyndan ýazylan teswirleri okap, özümiz bilen pikirdeşleriň teswirlerini begenip like goýýas. Pikirimize gabat gelmeýän pikirlileri bolsa göremzok ýa-da görmezlikden gelýäs. Görsegem teswirlerine disslike basýas. Biz gürlänimizde garşymyzdakydan garaşýan jogaplarymyz bar. Garşymyzdakyň bu jogaplardan birini saýlamagyny isleýäs.
Emma onuň berjek jogabynyň biziň üçin kän ähmiýetem ýok. Näme-de bolsa biziň aýtjak zatlarymyz öňden belli. Soňra gezek garşydaka gelýär. Bu gezek ol gürrüň berýär, biz onuň islän jogabyny berýäs. Garaz, jogap berýänem şat, jogaby alýanam şat. Şular ýaly ýagdaýda pursady durdyrýan knopka bolsa we durduryp, diňleýän adamdan näme pikir edýändigini sorasak, aýtjaklarynyň näçe göterimi garşysyndakyň aýdan zatlary bolarka? Siz “Ýok, menä ýatlaryn” diýip bilersiňiz. Bir dostuňyz ýa-da joraňyz bilen gürleşýän wagtyňyz telefona ýa başga işe güýmenmän, hiç hili pikir etmän tutuş bedeniňiz bilen dostuňyzy ýa joraňyzy diňlän wagtyňyz boldumy? Haçan?
Iň soňky gezek kimi işjeň diňlediňiz ýa-da iň soňky gezek haçan kim sizi işjeň diňledi?

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 19-05-2022, 17:19

  • garaburc garaburc off № 1 19 мая 2022 17:22
    biziñem shonÿalak vagtlammyz bar. ol gurleya son gurlanine jogap berjek vagtym gurruñiñ içinden yene gurruñ tapya, oñki aydanyna berjek jogabym yatdan çykya. gurlap bolanson name diyjekdiñ sen diyye, janym dagy yanyada ?
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 2 19 мая 2022 17:24
    Kan dinlapdim. Yone shu gunlera ichino dokyanem yok mana. Ya maslahat berman dine dinlap bilyanim uchin bolaymasa :-)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 4 19 мая 2022 17:24
    Diñlemek gowy ýöne kim bolsada biriniñ derdini ýeñletmek
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 19 мая 2022 17:26
    Işjeň diňlemegi öwreneliňmi? :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 6 19 мая 2022 17:27
    Melike...,
    Siz ýüz-ýüze gürrüňdeş bolýaňyzmy ýa uzakdan?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 7 19 мая 2022 17:29
    Rigel,
    Salam. Näme boldy, janyň sagmy? Gel, bize derdiňi aýdyp bilersiň. Biz (iň bolmanda men) seni diňlemäge taýýar.
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 8 19 мая 2022 17:29
    Nirvana,
    Uzakdan. Yuz yuze derdinishmegi adamlar doly amala ashyryp bilmez diyip pikir etyan.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 19 мая 2022 17:30
    Şu mowzukda begenjiňizi, gynanjyňyzy, umuman içiňizde beslän duýgularyňyzy ýazga geçirip biziň bilen paýlaşyp bilersiňiz. Hiç kim sizi ol duýgyňyz bilen aýyplamajagyna söz berýän.
    Paýlaşmak gowudyr!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 19 мая 2022 17:31
    Melike...,
    Näme üçin beýle pikir etýäňiz?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 19 мая 2022 17:33
    Rigel,
    Baglanmajak bolmaly wirtuala. Hereketleriňi kontrol etmegi başarsaňyz, baglanan bolsaňyzam arany açyp bilersiňiz.
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 12 19 мая 2022 17:34
    Nirvana,
    Sizem dert aytman dine dinleyanchi yalyla :-) Men bu mowzykdan bashgacha netije chykardym. Yagny siz oz derdinizi aytmak islediniz we beylekilere derdini dokmegi teklip etdiniz. Bir yerde okapdym bir jumlani. Adamlar koplench oz yagdaylaryny soratmak uchin yagday sorayalar. Ter dushinen bolsam bagyshlarsynyz
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 13 19 мая 2022 17:36
    Nirvana,
    Yuz yuze gurleshme bolanda adamy utanchmy uyatmy chekinjenlikmi bir duyga doly achylmakdan saklaya. Ozem bu erkek zenan ahli adamda bar diyip pikir etyan.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 19 мая 2022 17:38
    Melike...,
    Aýdara derdim ýoga meň. :)
    Men daşymdan ýa ýazýanlarymdan dertli ýaly bolup görünýänem bolsam, çekilmejek agyr derdim ýok, Hudaýa şükür. Käte kiçijek zatlary özüm gözümde ulaltýan. Olam uzak wagt dowam edenok. Men diňletmegi däl, diňlemegi gowy görýänlerden. Kärimem şony talap edýär.
    Ýagdaýymy soramasaňyzam, sorasaňyzam meniňki şol bir jogap: “Men gowy!”
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 15 19 мая 2022 17:41
    Nirvana,
    Ynandyryjy bolmadam welin ynanasym gelya haysydyr bir adamda uly dert yokdygyna. Begendim sizin adynyza :-)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 16 19 мая 2022 17:41
    Özümi her gün işjeň ýagdaýda diňleýän. Hasam adamlaryň azwagty gök çaý içip ýada duşda üstümden suw äkidip oturkam gowy eşidýän we näme diýseňem hiç neneň däl, ýöne ýene tijenmeli diýip maslahat berýärin. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 19 мая 2022 17:42
    Melike...
    Nirvana,
    Ynandyryjy bolmadam welin ynanasym gelya haysydyr bir adamda uly dert yokdygyna. Begendim sizin adynyza :-)


    Men köp dert diňläp, özümiňkiň kiçidigine, ýeňildigine göz ýetirdim.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 18 19 мая 2022 17:43
    Rigel,

    Başlaber bir başyndan.
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 19 19 мая 2022 17:44
    Nirvana,
    Munynyz bilen ylalashyan
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 20 19 мая 2022 17:44
    Hiayress,
    Içiňdäki sesi diňlemek gowy zat. Daş-töweregiňdäkileri işjeň diňlemäge wagtyň bolýarmy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 19 мая 2022 17:45
    Melike...,
    Minnetdar! :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 22 19 мая 2022 17:46
    Nirvana,
    Daş-töweregimdäkiler "Tik-tok" diňleýär, "Tik-tok" diňleýänlerem diňlemek kyn düşýär. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 19 мая 2022 17:49
    Rigel,
    Şol sözüň dogrudygyna göz ýetiripsiň diýmek.
    Söýgi meselesi bolsa, wagtyň geçmegi bilen ol duýgularyň ýerini başga duýgularyň gaplap aljagyna ynanyp bilersiň. Şol barada köp pikir edip gezseň, derdiňi azaltmagyň ýerine artdyrarsyň. Ýatlama saňa ejir çekdirýän ýatlamalary. Gowy zatlar barada pikir et.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 19 мая 2022 17:50
    Hiayress,
    Şol keselem ýaýrady gowy.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 25 19 мая 2022 17:52
    Rigel,
    Näme üçin aglaýaňyz?! Adymyň yzyna dolap bilmejek ýeketäk ýitgisi - özüni ýitirmegi, özüni ýitermedik adamda bolsa islendik zady düzetmäne mümkinçilik bar.
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 26 19 мая 2022 17:52
    Rigel,
    Durshynyz bilen dert ekeniniz siza. In uly derdinizem paranoyalyk oytyan
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 27 19 мая 2022 17:54
    Planly durmuş megerem her kim ýadatýar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 28 19 мая 2022 18:00
    Rigel,
    Bagt - özüň bilen ylalaşykda bolup, öz göwnüňi tapyp ýaşamak diýip düşünýän. :)
    Jogap
  • Melike... Melike... off № 29 19 мая 2022 18:02
    Hiayress,
    Bagtyn kesgitlemesi barmyka na. Adama gora uytegeyan bolaymasa bu dushinje
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 30 19 мая 2022 18:02
    Rigel,
    Çyndyr jora... Her kim hyýalyndaky durmuşyň peşinde. Real durmuş bilen welin hiç kimiň işi ýok. :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler