ㅡ Işi tamamlap öýe gaýtmak üçin ine, hut şu gapydan çykyp, maşyna ýöneldik. Ýöne ýeriñ üstünden 10-15 metr beýiklikden ýuwaşlyk bilen süýnüp barýan agymtyl, kümüşsow şary görenimizde barymyz eýwanyñ işiginiñ ýanynda doñup galdyk. Ol şara o diýen meñzeşem däldi. Has dogrusy, ol dik duran ýumurtga çalym edýärdi. Boýy 5-6 metr dagy bar. Görýärsiñizmi, şo-ol ortarada duran köne jaýy, ana şonuñ üstünden geçdi. Ol soñundan bolsa seredip duranymyzy ''gören'' ýaly bize tarap dolandy. Gelip duran ýerimizden 70 metr uzaklykda togtady. Aşak düşdi. Ýere degdim-degdim edip howada asylyp durdy. Toprak bilen arasy ýarym metr çemesi, şaryñ alkymynda peýda bolan 2 adamyñ nireden çykandygyny kesgitläp bilmedim. Biri uzynyrak erkek kişä çalymdaş, beýlekisi aýal maşgala, boýy birneme kelteräk - diýip uçýan tarelkany gören adam haýranlar galyp maña gürrüñ berýärdi.
ㅡ Olaryñ erkek ýa aýal kişidigini siz nireden bilýärsiñiz!
ㅡ Bilmedim ýöne maña şeýle bolup göründi. Özü-de şol aýal maşgala diýýänim özüni edil gündogarly maşgalalar ýaly alyp barýardy. Olar özara gürleşdilerem!
ㅡ Gürleşdiler diýýäñizmi, nädip?
ㅡ Edil adamlar ýaly. Öýüñ ýanynda bolansoñ men myhmançylyga çagyrmak üçin olara tarap ugradym: ''Golaý gelme! Duran ýeriñden bytnama!'' diýip, olar maña buýruk berdiler. Menem: ''Bu zatlar düýşümdemi ýa huşumda'' diýip soradym. Olar ''Huşuñda'' diýdiler. Biz bilen olaryñ işem bolmady. Birnäçe minut eglenip, ulaglaryna zarýad berenlerinden soñ uçup gitjek ekenler. Bize mälim bolmadyk uçýan obýektler baradaky sowalyma olar bu düşünjäniñ özüne tanyşdygyny, gürrüñdeş bolmagymyzyñ hem bu soragyma jogap bolýandygyny ýañzytdylar.
Bu wakany gürrüñ beren adama meniñ ynanmazlyga hakym ýok. Sebäbi ol milisiýanyñ polkownigi. Onsoñ ol meni näme üçin aldasyn?! Men onuñ suratyny hem aldym. Polkownigiñ ordenleridir medallary, hormatly çekist nyşany, organda 40 ýyla golaý işlemegi onuñ ynamdar adamdygyna güwä geçýär. Häzir ol (1990-njy ýylyñ 16-njy ýanwarynda) operatiw işde däl, ýöne içeri işler ministrliginiñ kömekçisi hojalygynda zähmet çekýär. Oña Setdar Şyhmyradowiç Açyldyýew diýýärler. Biziñ gürrüñimiz şol kömekçi hojalygyñ territoriýasynda Aşgabatdan 20 kilometre golaý uzaklykda bolup geçdi.
Setdar Şyhmyradowiç bilen söhbetimizi dowam etdirmezden ozal men uçýan obýektler (NLO) barada gürrüb bermekçi bolýaryn.
Gadym wagtlardan bäri dürli halklarda uçýan tarelkalar, halylar, gaýyklar, gämiler zontlar hakynda rowaýatlar bar. Käbir jaýlarda bolsa adampisint täsin ýaşaýjylar bilen duşuşyklar, gabatlaşmalar baradaky rowaýatlaryñ bardygy bize mälimdir. Başga planetadan gelenler bilen gabatlaşylandygynyñ, gürleşilendiginiñ şu günki güne çenli 3 müñden-de gowrak fakty äşgärdir. Biz welin özümize düşnüksiz wakalary ýa-ha inkär edýäris ýa-da rowaýatlaryñ hataryna goşulýarys. Munuñ özi ganymyza mazaly siñen endikdir. NLO-laryñ '' ýolagçylary'' bilen gürrüñdeş bolan adamlaryñ käbiri bize-de mälimdir. Ýöne şol adamlaryñ köpüsi soñra bu ýagdaýlae düýşümde bolup geçdi diýip tekrarlaýarlar. Biziñ regionymyz şeýle duşuşyklara baýdyr. Orta Aziýada NLO-lar we başga planetadan gelenler bilen aragatnaşyk saklaýan ýörite gurama döredildi. Daşky sredany goramak baradaky bütinsoýuz ylmy-barlag institutynyñ Tebigatda energoinformasiýa çalşygy boýunça Orta Aziýa we Pribaltika regional bölümleriniñ ýolbaşçylary M. S. Ýelsin we W. B. Sinisiñ bu mesele baradaky pikirlerini okyja ýetiresim gelýär. Kiýewden, Wolgadan, Permden hem şeýle mazmunly habarlar gelip gowuşdy. Golaýda bolsa, Woronejden... Bu täsin habarlar dogrusynda akademik Koznaçeýew şeýle diýýär: ''Kimdir biriniñ aklyndan azaşandygy, kimdir biriniñ kellesiniñ düzüw däldigi sebäpli bu wakalary hyýalynda görüpdirler diýer ýaly däl. Çünki nämälim uçýan obýektleriñ gelýänine müñlerçe adam gözli şaýat ahyryn''. Öñräk SSSR-iñ HHGS-de NLO problemasy boýunça ''tegelek stol'' başynda ýygnak geçirildi. Şonda birgiden suratlar, fotosuratlar görkezildi. Şolardan çen tutsañ, NLO-laryñ ýere gelip gonuşlary, olaryñ awariýa boluşlary mazaly görnüp dur.
''Wologodskiý komsomoles'' gazeti NLO-lar bilen tanyş bolan duşuşyk hakynda şeýle setirleri ýazypdyr: ''Tomsuñ güni suwa düşünip dolanyp gelýän çagalaryñ bir topary ho-ol ýagty şary gördeler. Ondan gumanoid çykdy (Ol edil Woronejiñ etegindäkä meñzeş eken). Uzyn boýly gelmişek oglanlaryñ bardygyny añmadyk ýaly öz işi bilen meşguldy, topragyñ üstüni deşişdirýärdi...''
Daşky sredany goramak baradaky ylmy barlag institutynyñ tebigatdaky anomal hadysalary öwrenmek boýunça Perm toparynyñ başlygynyñ orunbasary jemgyýetçilik bilen duşuşanda şulary aýtdy: ''Biziñ gözegçiligimiz baryp, 1983-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Şol ýyl biz NLO - laryñ düşen ýerini anykladyk. Topragyñ ýüzünde diametri 62 metre barabar bolan tegmil emele gelen eken. Şondan bäri biz NLO-lary uçup ýörkäler, ýere gonanlarynda kän gezek synladyk. Geçen 1989-njy ýylda-da gözegçilik edildi. Şol ýylyñ fewralynda NLO-ny sürüjiler bilen has ýakyn gabatlaşdyk. Bu barada men Petrozawodskide bolan seminarda has giñişleýin durup geçdim. 17-nji martda bolsa diametri 30 metre barabar bolan obýekti köpçülik bolup synladyk.
Öñünden garaşylmadyk ýagdaýlaram ýüze çykýar. Kirowograd oblastyndan 58 ýaşly şafýor 5 günläp gürüm-jürüm bolaýdy. Hemme ýerde onuñ gözlegine çykyldy. Haýran galaýmaly! Şofýor şonça günden soñ, öz howlusynda niredendir bir näbelli ýerden peýda bolaýdy. Onuñ öz sözüne gulak goýsañ-a bary-ýogy iki sagatlyk ýitirim bolupdyr. Emma onuñ gürrüñlerinden çen tutsañ, iki sany üýtgeşik jandar bilen bilelikde başga planeta baryp gelipdir. Şol ýerde howa şertleri örän oñaýly bolup, gyrmyzy gülli baglar, ýerdäkä meñzeş ymaratlar bolup, olaryb üstünde şöhle saçýan atanak çyzgylar barmyş''
W. Sinisin ㅡ Jurnalist Pawel Muhortow häzir kosmosa uçmaga taýýarlyk görýär. Ol başga planetadan gelýänler bilen iñ köp aragatnaşyk saklanlaryñ biridir. Pawel başga planetalylaryñ jemgyýetinde bolup geçen adamdyr. Ol şol ýerden haýran galdyrýan netijeler bilen dolanyp gelipdir. Men Paweli gaty gowy tanaýaryn. Ol Ýaş Ýokary harby-syýasy uçilişäni tamamlan. Muhartowyñ, şeýle hem üçünji ekspedisiýanyñ çlenleriniñ aýtmagyna görä şu wagta çenli ýerden başga ýerde 12 sany siwilizasiýanyñ bardygy anyklanypdyr. Özlerem şolar biziñ planetamyza gelip gidýän ekenler. Şol gelýänler bolsa Älemde bizden başga-da 69 milliondan gowrak siwilizasiýanyñ bardygyny tekrarlaýarlar. Olaryñ pikiriçe Ýer şarynda ýaşaýanlar, ýagny biz entek siwilizasiýa derejesinede ýetmändiris ekenik. Bizde mälim bolan şol on iki siwilizasiýanyñ wekilleri iki lagere bölünýän eken. Olary ''garalar'' hem ''ýagtylar'' diýen iki sany şertli topara bölýärler. Bize ýerde ýaşaýanlara täsir etmekde olaryb arasynda özara çynlakaý göreş gidýär.
Başga planetadan gelenleriñ pikiriçe adam maýmyndan emele gelmän, Gün sistemasynyñ çäklerinden daşardan gelenmiş.
Pawel Muhoratowyñ aýtmagyna görä, nirededir bir ýerde Tron planetasy bolup, şondan hem Ýere Musa, Budda, Zoroastr, Isa Hristos, Muhammet pygamber gelipdirler. Öz wagtynda bular başga planetalylar bilen gatnaşyk daklapdyrlar, şolaryñ täsir etmegi netijesinde bu pygamberler ýerdäki adamlary has gowulandyrmaga, olary has parasatly etmäge synanyşypdyrlar. Şeýle mazmunly informasiýa Ýer şarynyñ dürli ýerlerinde ýaşaýan biri-birini tanamaýan dürli milletden bolan adamlardan toplanyp alyndy.
Başga planetalylary mazaly synlap,,köpleriñ kellesine bir pikir gelýär. Ýagny olar hem edil biz ýaly adamlar, ýöne birneme başgarak ölçegde bolmaly. Olaryñ bizib ata-babalarymyz bolmagy-da ahmal. Men näme üçin bu zatlary aýdýaryn. Sebäbi şol ýerden dolanyp gelenler birgiden adamlaryñ bize ýüz keşplerini görkezýärdiler. Olaryñ arasynda kartinkalar, şäherler, haýwanlar bardy. Orta asyrlaryñ hatda ondan hem gadymy zatlaryñ ýüz keşbini görkezdiler. Şol ýüzleriñ, keşpleriñ arasynda iki sany döwürdeşimizib keşbini ýalñyşmazdan aýyl-saýyl edip bolýar. Şolaryñ biri Ýuriý Gagariniñ, beýlekisi bolsa Wladimir Wysoskiniñ keşbidir. Mundam has öñ bolgariýaly bilgiç Wanga: ''Gagarin ölenok, ony alyp gitdiler'' diýip aýdypdy. Belki gadymky ata-babalarymyz zoroastriýsler, buddistler, hristiýanlar, musulmanlar, adamyñ janynyñ (ruhunyñ, ölüp gitmän bir görnüşden başga bir görnüşe geçýändigi barada bize görä has köp zatlary bilendirler. Şeýle bolan halatynda, eger-de başga planetalylardan kimdir biri ýogalsa onuñ ornuna bizden ýerlilerden meger kimdir birini alyp gidýändirler. Özünem alyp gidýänleriniñ ruhy başlangyçlaryny doly çalşyp, diñe biologik keşbini eldegirilmesiz goýýarlar. Iñ oñat adamlaryñ, iñ jahyl wagty aramyzda gyl ýaly sogrulyp gitmegi belki şol sebäplidir...


Ýaş kommunist gazetiniñ 1990-njy ýylyñ ýanwaryndaky çykan sanyndan alyndy

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 31-05-2021, 11:00

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler