Marydyr Mary.
Geçmişe ser salsak, biz yza garap,
Jahanda yz goýan Marydyr Mary.
Köp hanlar geçendir ýollaryň ýöräp,
Han geçen diýdiren Marydyr Mary.
Ýolöteniň bardyr nebitli-gazly,
Pendi ýaýlaň seniň aýdymly-sazly.
Bagşylaryň bardyr bilbil owazly,
Bagşylaň mesgeni Marydyr Mary.
Sanjar soltan geçdi hökümdar bolup,
Gowşut han adyny ülkäme ýaýyp.
Ýene bir han geçen Güljemal diýip,
Han geçen diýdiren Marydyr Mary.
Baýramalyň bardyr gyzlar galaly,
Geliň şu zatlardan mysal alaly.
Gojalary bardyr dili senaly,
Şolaryň mesgeni Marydyr Mary.
Murgap derýaň suwun gana içenler,
Il-ulusa dür dänesin seçenler,
Gara şahyr, Mollanepes geçenler
Şahyrlaň mesgeni Marydyr Mary.
Jahanda yz goýan Marydyr Mary.
Köp hanlar geçendir ýollaryň ýöräp,
Han geçen diýdiren Marydyr Mary.
Ýolöteniň bardyr nebitli-gazly,
Pendi ýaýlaň seniň aýdymly-sazly.
Bagşylaryň bardyr bilbil owazly,
Bagşylaň mesgeni Marydyr Mary.
Sanjar soltan geçdi hökümdar bolup,
Gowşut han adyny ülkäme ýaýyp.
Ýene bir han geçen Güljemal diýip,
Han geçen diýdiren Marydyr Mary.
Baýramalyň bardyr gyzlar galaly,
Geliň şu zatlardan mysal alaly.
Gojalary bardyr dili senaly,
Şolaryň mesgeni Marydyr Mary.
Murgap derýaň suwun gana içenler,
Il-ulusa dür dänesin seçenler,
Gara şahyr, Mollanepes geçenler
Şahyrlaň mesgeni Marydyr Mary.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
17 комментариев