Hiayress: Saýtda düzedmeli zatlar köp. Hasam saýty oýun formatynda gurnamaly we adamlary çeker ýaly prizli bäsleşikleri ýygy-ýygydan gurnamaly.


Salam eziz okyjylarym. :)) (şu sözi gowy görýän, sizem özüňizi okyjym ýaly alyp baryň, göwnüm üçin)
Gowumy ýagdaýlaryňyz?
Saýtda nähili oýunlar gurnamagymyzy isleýäňiz, kelläňizde ideýalar barmy? Saýdyň admininiň şahsy problemalary bolsa-da, saýda her gün gelip gidýär. Saýtdaky bolýan zatlardanam habary bar. Siz pikirleriňizi aýtsaňyz, admin uly höwes bilen gurnar bäsleşikleri.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 26-05-2022, 23:30

  • Hiayress Hiayress off № 1 26 мая 2022 23:45
    Ine men kelläme gelýänlerini sanap geçeýin.

    1) Saýtyň formadyny üýtgetmeli (tel-iň ekranynda baş sahypadaky iki sany mowzugyň ady görünýär, galanlary görünenok. Iň bolman baş sahypada 10 mowzuk durup, 10/5-si tel-iň ekranynda görkezse gowy bolardy. Soň mowzuk bölümleri az. Olary köpeltmeli. Teswirleri redaktirleme gerizmeli. Teswir ýazylýan ekrany az-owlak ulaltmaly. Agzalara bal we dereje (wezipe) bermeli. Derejede azyndan on sany bolmaly we her wezipäň aýratyn mümkinçiligi bolmaly. Mowzuklara kim "like" ýada "disslike" bassa habarnama geler ýaly etmeli. Şahsy hat işlär ýaly etmeli. Pikirler bölümini dostluk.rudaky ýaly gurnamaly we ýene-de üýtgetmeli zatlar köp)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 2 26 мая 2022 23:48
    2) Saýtda dört (ot, suw, ýer, şemal) sany grupba bolmaly we bu grupbalaryňam öz aýratynlykda ballary we derejeleri bolmaly hemem grupba agzalarynyň aýratynlykda grupba bolup ýazyşar ýaly çady bolmaly.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 3 26 мая 2022 23:53
    3) Her hepdäniň dynç gününe sowgat goýmaly. Mysal üçin: 200manat ýaly. (Puly nirden aljagyňy bilemok ?) Her hepde dürli şertli ýaryşlar gurnalmaly. Mysal üçin: bir hepde boýunça iň aktiw oýunçy ýada bir tama boýunça iň gowy makala, goşgy, hekaýa ýene şuňa meňzeş gowja zatlary düzüp bolýar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 26 мая 2022 23:55
    Hiayress,
    Işdäňem ýok eken seň-ä. :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 26 мая 2022 23:56
    4) "Halanan" we "Pikirli" (belki atlaryny üýtgetmelidir) agzalar saýlar ýaly mümkinçilik döretmeli. Mysal üçin: Bir sagat "Halananda" mowzuk goýjak bolsaň bäş ball. Mowzugyňa ýada teswiriňe bir like basylsa bir ball. Ýogsada puluňa ball satyn alyp bolar ýaly etmeli. Mysal üçin: 5 manada/ 50~100 ball.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 6 26 мая 2022 23:57
    Hiayress,
    Halanan we pikirlidäki temalary hasap etmeseň, 25 sany blog bar baş sahypada.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 7 26 мая 2022 23:57
    Nirvana,
    Reklama alybersin köpüräk. :))

    "Pul çykarmasaň, pul girmeýär"
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 8 27 мая 2022 00:00
    Nirvana,
    Ol gowuda, ýöne tel-iň ekranynda iki sanysy görünýär. Şony köpeltmeli. Mowzugyň diňe ady bolsada boldy. Galanyny içine girip göräýsinler.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 9 27 мая 2022 00:03
    5) "Halanan", "Pikirli" (atlaryny üýtgetmeli halamok) şuňa ýenede bir bölüm goşmaly "Günüň sözi". Bu bölümde-de bir günüň dowamynda 100 ýada 150 harpdan geçmeýän islendik söz ýazylyp goýlup biler. Ýöne 2manat baha. (Belki doglan gün gutlarla ýa hoşuna gitýän kellemelerini ýazyp goýan agzalar bolar)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 10 27 мая 2022 00:05
    Galan zatlaram ediiljegi çyn bolsa aýtjak. Agzalaryň profillerine üns bermeli. Maglumat, surat, ýapyk, açyk, status goýar ýaly mümkinçilikleri dörermeli.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 11 27 мая 2022 00:06
    Näme üçin adam çekmek gerekmikä diýen sowaly hiç kim bermeýär.Içimiz gysan wagty şu ýere gelýäs,şol bir tanaýanja adamlarymyz bilen dertleşip gidýäs.Öwredýäs,öwrenýäs.Ýetig-ä şu zatlar.Utukly,bally,derejeli sistema agzybirlige zeper ýetirer.Biz durmuşda bizar adamlaryñ dereje,wezipe üçin gyrlyşmagyndan.
    Saýty düzgün-tertibe salmaly diýýäs.Durmuşda bizar biz düzgün-tertipden.Şu ýerde bir erkin bolalyñ.
    Şu zatlaryñ hijisem gerek däl.Öñki günümiz besdir!
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 12 27 мая 2022 00:10
    Hiayress agzanyň aýdanlaryna goşulýan, ýöne ýene bellemeli zatlar bar. Diňe "like, dislike" basylanda däl-de, teswir ýazylanda hem bildiriş gelmeli. Sebäbi aşaky ýazylan temalaryň birine teswir ýazsaň ýa-da ýazylan bolsa, bilmek kyn. Grammatikany bozýan has düşnüksiz mowzuklary seljerip pozmaly. Gözi zaýalamaz ýaly. Mowzukda awtoryň ady aşakda däl-de, wagty, kategoriýasy, ady ýokarda bolmaly kiçiräk bolup (meniň pikirimçe). Ýene-de pikirler bölümi aňsatjak bolmaly, onuňam bildirişi bolmaly. Meniň pikirimçe saýtda bir ýerde adyň ýazylsa-da bildiriş gelmeli, aktiwligi has artdyrmak üçin. Reklama edip saýda adam getirtmeli agzalara, bir zat edip. Gelen adam aňsat çykmaýar. Ýene-de bal meselesi agzalany sebäpli, saýtda birtopar ýasama nikleri pozmaly. Öz-özlerine like goýuşýan az däl. Iň soňky aýtjak zadymam bir düzgün bolmaly, agzalar birek-biregiň pikirine hormat goýmaly, kiçi düşürmeli däl. Sebäbi ýörite edilýänler, bir zat bolsa topuljak bolup, hapa sögünip ýazýanlar we ş.m az däl.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 13 27 мая 2022 00:11
    Mümkin,
    Seňem gorkuňa düşünýän jora. Ýöne ýöredip bilýän administrtor we moderator bolsa ol problemaň birýanly çözüp bolýar. ?
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 14 27 мая 2022 00:15
    Mümkin,
    Muny bir duýguçyllyga ýormaň. Adam köp bolsa, şol bir pikirler bolmasa saýt gyzykly bolar. Şu zatlary etsek erkin bolýas gaýta. Durmuşyň näme dahyly bar, ýazyşylýan bir portalyň düzgünleri bilen?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 27 мая 2022 00:15
    Edere zat känlaý. Ýöne ilki bilen saýtyň tehniki tarapyny (işjeňligi çaltlaşdyrmak, ýokardaky sanalanlar ýaly gowy dizaýn, owadan fon)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 16 27 мая 2022 00:15
    *ýerine ýetirmeli
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 17 27 мая 2022 00:16
    Hiayress,
    Şu zatlañ hijisem gerek däl.Daşyna çykarylyp jedelleşilmände-de adamlar içinden basdaşlyk eder biri-birine.
    Durmuşda bizar şu basdaşlykdan,tertip-düzgün.Düzgün iñ ýigrenýän zadym.Wirtualda bir mümkin boldugyndan erkin bolalyñ.
    Goýuñ,adamlar içini döküp,rahatlasynlar!
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 19 27 мая 2022 00:18
    Keaip_begcon,
    Durmuşyñ dahyly bar diýýän ýok,düzgün diýlen zatdan bizar diýýän.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 20 27 мая 2022 00:19
    Mümkin,
    Maňa tapawudy ýok. Ýöne garşylyk bolmasa ösüş ýok. Birem adamy iň irizýän zat durgunlyk. Her günüň şol bir gün boljak bolsa, her gün ýaşap näme etjek, bir gün ýaşada dyn. (Ýagny saýty göz öňüne tutdum, näme üçin adamlaryň üýşmeýänligini aýtjak bolýan)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 21 27 мая 2022 00:19
    Mümkin,
    Durmuşdaky düzgün bilen saýtdaky düzgün deň bolmaza :) Arkaýyn boluň, beýle alada eder ýaly zat ýok.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 27 мая 2022 00:26
    Hiayress
    Ine men kelläme gelýänlerini sanap geçeýin.

    1) Saýtyň formadyny üýtgetmeli (tel-iň ekranynda baş sahypadaky iki sany mowzugyň ady görünýär, galanlary görünenok. Iň bolman baş sahypada 10 mowzuk durup, 10/5-si tel-iň ekranynda görkezse gowy bolardy. Soň mowzuk bölümleri az. Olary köpeltmeli. Teswirleri redaktirleme gerizmeli. Teswir ýazylýan ekrany az-owlak ulaltmaly. Agzalara bal we dereje (wezipe) bermeli. Derejede azyndan on sany bolmaly we her wezipäň aýratyn mümkinçiligi bolmaly. Mowzuklara kim "like" ýada "disslike" bassa habarnama geler ýaly etmeli. Şahsy hat işlär ýaly etmeli. Pikirler bölümini dostluk.rudaky ýaly gurnamaly we ýene-de üýtgetmeli zatlar köp)

    Dostluk saýdyňyza bilemok welin, şu teswirdäki bellikleriň bilen ylalaşýan.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 23 27 мая 2022 00:26
    Hiayress,
    Diýýän zatlaryň bolsa birden admin şeýdeýinle diýse, saýt agyr işlemezmi?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 24 27 мая 2022 00:26
    Ilon Musk Twittere näme 44 mlrd $ harçlajak bolýanny kim pikir etdi?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 25 27 мая 2022 00:27
    Olam Twitterde meň pikiri amala aşyrjak bolýar. ?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 27 мая 2022 00:28
    Hiayress
    2) Saýtda dört (ot, suw, ýer, şemal) sany grupba bolmaly we bu grupbalaryňam öz aýratynlykda ballary we derejeleri bolmaly hemem grupba agzalarynyň aýratynlykda grupba bolup ýazyşar ýaly çady bolmaly.

    Meselem “suw” grupbasyndaky agzalar “ot” grupbasyndaky agzalar bilen ýazyşyp bilenokmy?
    Bu birhiliräk meň pikirimçe. Muny aradaky meň gurnan aktiwitäm ýaly aktiwiteler üçin ulansak bolar.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 27 27 мая 2022 00:28
    Hiayress,
    Ýada şonýaly "bezelen" saýtlaň kän ömri uzak bolanok şondan diýdim, gymmada düşýän bolaýmasyn!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 28 27 мая 2022 00:29
    Bayker,
    Şonuň üçin saýtyň tehniki tarapyna (işjeňligini çalt we ýeňil işlär ýaly. ýagny biziň internet tizligimizem göz öňüne tutulmasy şert) ilki gowy göz gezdirmeli diýdimä. ))
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 29 27 мая 2022 00:30
    Bäý-bä, bärde saýdyň ykbaly çözülýän ýaly-la.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 30 27 мая 2022 00:31
    Salam @Nirwana.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler